Ýadawlykdan egbarlan ene, bazardan satyn alan zatlaryny aşhana eltipdi. Edil şol halatam sekiz ýaşly ogly jigisiniň eden etmişini şugullamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. - Eje! Men daşarda oýnap ýörkäm, kakam telefonda gürleşip otyrka, jigim reňkli galamlary alyp diwary çyzypdyr. Onda-da täze oboýly myhman jaýymyza. Ejesi gahardan ýaňa ýüzüni kürşerdip: - Hany, jigiň? Derrew çagyr- diýip, gygyrdy. Ejesi elindäki zatlaryň ählisini ýerleşdireninden soň, kiçi oglunyň hemişe gizlenýän şkafyny barlamaga gitdi. Ol gahary gelen wagty ogullarynyň adyny hem-de atasynyň adyny bilelikde tutup çagyrardy. Çagajyk ejesiniň sesini eşidip gorkudan ýaňa tisginip gitdi. Ol häzir ejesiniň gelip mazalyja temmi berjegini bilýärdi. Ejesi kiçi ogluna ýarym sagat ýaly, diwara ýelmenen kagyzlaryň gymmatyny we şony almak üçin çeken azaplaryny sanady. Emma gahary ýatyşyberenokdy. Ol ogluna şol käýýäp ýörşine, wakaň bolan ýerine bardy. Otaga gireninde onuň gözleriniň owasy ýaşdan doldy. Diwara çekilen ullakan ýüregiň ortasynda “Eje, jan. Men seni dünýädäki hemme zatdan eý görýärin” diýip ýazylgydy.

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
    Makestm 11 years ago
  • Gowy mowzuk sagbol dost yende yetirip dur
    Yegen 11 years ago
  • Nasha Rashada bara, Sobçagyn million dollarlyk kartinkasyna "nasaynika gomno, gomno" diyip yazyalara

    Awtor sag bol, manyly mowzuk eken
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri