-Men gürrüň bereýin, Gulak goý senem. Hiç haçan adymy Tutmazdy enem. Köçelerde oýnap, Oýnap günuzyn. Gelemde diýerdi: Açsyň sen guzym “Köşegim” diýerdi, Diýerdi “iner”, Diliňize gurban Bolsaň eneler! -Eje!- diýenimde, Diýerdiň “jana”! Nan salyp, okuwçy, Mata bukjama, Meni ýatymlyga Ugratýan dek ol Diýerdi “sag gitde, Sag-amanja gel!...”
-Eje!- diýenimde, Diýerdiň “jana”!
-
1merdan
12 years ago
- Uruşdyr. Kim galar,
Kimlerem öler.
Agram bolsa size
Düşýär eneler!
Moskwaň düýbünde,
Gazaply gyşda.
Bir ölüp direldim
Agyr söweşde
Gardan kepen
Ýapylypdyr üstüme,
Dört sagatdan
Gelipdirin essime,
Gözüm açypdyryn,
Gijäniň ýary,
Otyr başujymda
Halatly biri.
Bir zat diýjek boldym-
Gurapdyr dilim,
Bolsa-da namartlyk
Etmändir ölüm...
Begendim: Ellerim
Bitindi, bitin!
A, sag aýak
Saraglydy büs-bütin.
-
1merdan
12 years ago
- Ýazmalymy, ýokmy-
Bolan zat hakda,
Zäherli ok
Galan eken uýlukda.
Aýagy kesjekler,
Bu belli eýýäm.
Bir ýazaýyn,
Birem ýazmaýyn diýýän.
Ýüregimde arman,
Gözlerimde nem.
Muny hat habarsyz
Duýupdyr enem!
Özümden öňürti
Ýazypdyr käbäm:
“Düýşümde bir dişim
Gopdy-la balam.
Sen bolsa şeýle şat
Bir gülýärmişiň,
Jan ogul, ne güne
Uçrady başyň?”
-
1merdan
12 years ago
- Men gürrüň bereýin,
Gulak goý senem:
Öýe gelsem eýýäm,
Ýok eken enem.
Öýde dyzym epmän
Ýanyna gitdim,
Çaga däl, on sekiz
Ýaşly ýigitdim.
Bardym mazarlyga
Pişegim süýräp.
Süýndim guburyna
Maňlaýym diräp,
Başujyny saklap,
Ýatdym günuzyn,
Seslenen bolmady:
“Sen açsyň guzym”.
A men tepsiräpdim
Hem örän açdym,
Sebäp, ejem ýaşdy,
Özümem ýaşdym.
-
avensis
12 years ago
- ejeler hakda naçe zat diyseñem az sag bol dost yetireniñe
-
ShahRiyar
12 years ago
- Merdan, sagjabol dosdum....:'(
-
Grizli
12 years ago
- Merdan kop sagbol gaty gowy goshgy
-
Bahbit
12 years ago
- Салам достлар. Мерданжан сагжа бол дост етиренине. Кын гормесен авторынам айдайда хайсы шахырынкыка бу
-
missmaysa
12 years ago
- oran duygylandyryjy goshgy eken,sag bol yetirenine,enelermizin gadryny bilmek gerek, (bu tema yazmagym dogrymy ya yok biledim, yone bir zat bellasim gelya,ka halatlarda gahar gazaba boyun bolunan pursaty, enen.....ejen...... Yaly sozler aydylya kabelermiz shu soze mynasypmy eysem???)
-
Abadan
12 years ago
- Bahbit awtory yazylgy dura belgilerdiyen yerde.
Go$gyny önem okapdym,aýtmana sözùmem yok...
-
metehangokdepe
12 years ago
- kop kop sagbol
-
metehangokdepe
12 years ago
- bokurdagym dolup gitday
-
Bgb22
12 years ago
- сагжабол мердан эжелермизин жаны мыдма сагболсын. Гозуми яшладын досдым
-
Grizli
12 years ago
- enen.....ejen...... Yaly sozler aydylya kabelermiz shu soze mynasypmy eysem???)
missmaysa | 2012-05-08 23:10:
|
aý ashgabatlylaryn in gowy sozudahow :-)
sen gen gormesene :-)
-
Grizli
12 years ago
- yone bir zat bellasim gelya,ka halatlarda gahar gazaba boyun bolunan pursaty, enen.....ejen...... Yaly sozler aydylya kabelermiz shu soze mynasypmy eysem???)
missmaysa | 2012-05-08 23:10:11
|
missmaýsa sen gen gorme bu soz ashgabatlylaryn in gowy soza :-)
-
Karat
12 years ago
- Merdanjan sagja bol dost. Wah, shu eneler omurlik yashasady?!
-
Karat
12 years ago
- enen.....ejen...... yaly sozler
aydylya kabelermiz shu soze
mynasypmy eysem???)
missmaysa | 2012-05-08 23:10:
|
aý ashgabatlylaryn in gowy
sozudahow
sen gen gormesene
grizli | 2012-05-09 03:38:59
yone bir zat bellasim gelya,ka
halatlarda gahar gazaba boyun
bolunan pursaty, enen.....ejen......
yaly sozler aydylya kabelermiz
shu soze mynasypmy eysem???)
missmaysa | 2012-05-08
23:10:11
|
missmaýsa sen gen gorme bu
soz ashgabatlylaryn in gowy
soza
grizli | 2012-05-09 03:41:13
ozung niredenay dost?
Men pikirimca bu soz hemme yerde, hat'da da$ary yurtlardada bar. Shon ucin belli bir yeri dal'de, shol adamlary gunakarlemelimika diyyan. Kop adamlar bolsa muny adaty soz yaly endik edinyar.
-
Grizli
12 years ago
- Dunya dursun eneler dursun!!! enelere tagzym edin adamlar !!!
-
Yzganttm
12 years ago
- Merdanjan agam köp köp sagbol!!!
Dogurdanam bokurdagym dolyp gitdaý!
1merdan 12 years ago- Fronta ugraljak
Şol agyr günem,
Meniň öz adymy
Tutmady enem.
Goşhaltama salyp
Tapan-tupanyn,
Gördüm eli bilen
Ýüzün ýapanyn...
Mert bol, eje...-diýip,
Yzyn ýuwutdym,
Çaga däl-on ýedi
Ýaşan ýigitdim.
Bu söze has beter
Bozuldy käbäm:
“Seni öýeribem
Bilmedim, balam”
Ol maňa bakardy,
Göýä ýazykly,
Bu bakyş hem agyr,
Hemem näzikdi.
Men turdym...enem hem
Des-deň dikeldi,
Gujaklanda bir dem
Demi tükendi
Beýik hesret bilen
Birsellem dymdy,
Syryldy kelläme
Gözýaşy damdy.
-Nowbahar perzendim,
Nowça çynarym!
Diýip, bir ah çekdi-
Yrandy tärim.
Meň boýnuma bukaw
Boldy goşary,
Badaşan dek bolup
Çykdyk daşary.