S]z azatlygy,we erkin pikiriňi aýtmak hakynda, meniň pikir edip bilişim Sözüň azatlygy, Hem erkin pikir Ynsap kanunymy? Wyždan emrimi?... ...Sagadym-am şumat, at kimin çapyp, Sozyp barýar, manyny däl, göwrümi Howwa, söz azatlyk, hem erkin pikir. Kelläňe gelenni diýip galmakmy? Ýa diliňi naýza ýaly oýnadyp, Bir bendäň kalbyna talaň salmakmy? Ýeňilmi, agyrmy parhyna barman, Barja duýgularňy orta atmakmy? Ýa-da süýt içinden agtaryp gan-y Hol ýatan hapadan monjyk tapmakmy? Beýikleriň beýik-beýik işlerniň Uýalman kem ýerin tapyp bilmekmi? Aýdyp bir bihaýa, ýeňles degişme, Ýa bolmasa şol degişmä gülmekmi? Unudyp boýyň bilen barabar borjyň “meň hukugym” diýip göge bökmekmi? Ýada öz diniňden tapyp “kemçilik” Gaýry din wagyz edip ili sökmekmi? Sözleň gözelden-gözelin saýlap Türkanalaň al-petinden almakmy? Täsirli temany teswirsiz goýyp, Jedel görseň tirsegiňe galmakmy? ..Sözüň azatlygy, Hem erkin pikir, Ynsap kanunymy? Wyždan emrimi? ...Sagadym jykgyldap, arman-ýadaman, Ölçäp otyr, şygrymy däl ÖMRÜMI
SÖZ AZATLYGY
-
URGENCLI
12 years ago
- GOŞGA söz yok.
berekella 1merdan
ajaýyp
-
Mahrish
12 years ago
- Çuñ manyly setirler. Ajaýyp go$gy. 1Merdan sag boluñ, ýetirip duruñ. Gaýtalap-gaýtalap okasyñ gelýär.
-
Kuraldyshy
12 years ago
- tüweleme, 10-dan urupsyn. munyny copy-paste etsem bolar-a?
-
1merdan
12 years ago
tüweleme, 10-dan urupsyn. munyny copy-paste etsem bolar-a?
bolar.
Kuraldyshy | 2012-01-31 07:13:07
sag bolyň okanyňyz üçin
-
aynash
12 years ago
- tuweleme,soz yok manyly goshgy.1merdan paylashanyngyza sagja bolung
-
handsome1
12 years ago
- sagja bol 1merdan gowy gosgy eken +10
-
Ayjagash
12 years ago
- Sag bolun merdan. Manyly goshgy eken.
-
hakykygyz
12 years ago
- berekella Merdan
-
AHAL
12 years ago
- wah soz azatlygy enche biguna adamyny yok eden soz azatlygy.
Gowy goshgy esasanam sagat barada yazanlan.
magnit 12 years ago- Berekella merdan +