Hünärmenleriñ barlaglary netijesi adamlaryñ 95% haýal, ýagny bir minutda 180-220 söz okaýan eken. Munuñ özi kitabyñ bir sahypasyny 1,5-2 minudyñ dowamynda okamak diýildigidir. Napoleon bolsa bir minudyñ dowamynda iki müñ söz okap bilipdir. Balzak ýarym sagatda 200 sahypany okaýan bolsa, M.Gorkiý bir minudyñ dowamynda dört müñe golaý söz okamagy başarypdyr. şeýle hem oña žurnalyñ bir sahypasyny okamak we ondaky maglumatlary doly özleşdirmek üçin bir minut ýeterlik bolupdyr. N.Rubakin ömrüniñ dowamynda 250 müñ kitap okapdyr. T.Edison bolsa bir-den 2-3 setir okap, ünsli okaýanlygy üçin tutuş teksti ýatda saklamaga ukyply eken. Hünärmenleriñ bellemegine görä, kitap näçe çalt okalsa, şonça-da gözüñ ýadawlygy azalýar. şeýle hem okaýan eseriñ manysyna düşünmek añsat bolýar. Ýagny, adaty okaýyşda tekste düşünmegiñ derejesi 60% bolsa, çalt okanyñda bu 80% çenli artýar. Çalt okaýanlar adaty okaýanlara garanda sözleriñ arasynda az dyngy berýärler. Haýal okalanda her setiriñde gözüñ 0,5-0,7 gezek esassyz dolanýar. Adaty okaýyşda bir wagtda bir setirden 1,5-2 sözi alyp bolýar. Çalt okalanda bolsa bir wagtda birnäçe setirden 33-83 söz alyp bolýar.

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir