(latynça – Musca domestica, iňlisçe – housefly, rusça – комнатная муха) Hakyky siňekler maşgalasyna degişli mör- möjek. Bedeniniň uzynlygy 6—8 mm. Öý siňeginiň 2 formasy (kiçi görnüşi) bar. Birmeňzeş formasy (M.d. domestica) bütin ýer şarynyň aram zonasynda, GDA-nyň, esasan, sähra, tokaý-sähra, tokaý zolaklarynda ýaýran. Günorta formasy (M.d. vicina) orta zolagyň günorta giňliginde, subtropiki we tropiki raýonlarda, GDA-da – Orta Aziýada, Zakawkazýede, Günorta Primorýede duşýar. Bir urkaçy öý siňegi 1 gezekde ortaça 120-ä, 1 ýylda 900-e çenli ýumurtga taşlaýar. Ýumurtgasyndan 8—50 sagatda liçinka çykýar. Liçinkalary (uzynlygy 13 mm-e çenli) ak reňkli, aýaksyz we kellesiz bolýar. Liçinka 3-25 gije- gündizden soň kukolka öwrülýär. Kukolka fazasy 3 gije-gündizden birnäçe aýa (gyşlanda) çekýär. Türkmenistanyň şertlerinde öý siňeginiň ýylda 10—12 nesli ösüp ýetişýär. Öý siňegi liçinka, kukolka ýa-da ganatly formada (tohumlanan urkaçylary) gyşlaýar. Olar ilat arasynda ýokanç keselleri, aýratyn-da içege infeksiýasyny ýaýradyjydyr. Şonuň ýaly- da olar adama we haýwana soguljan gurçuklarynyň ýumurtgalaryny düşürýärler. Göreş çäreleri: profilaktikasy— dersi we taşlandylary jebis ýapylýan gaplarda saklamaly. Ýok ediş çäreleri – hajathanalary, zir-zibilleriň dökülýän ýerlerini, mal ýataklaryny we başgalary aýda bir gezek hlorofos preparaty bilen dermanlamaly; hlorofosly ýa-da formalinli süýji aldawaçlary, ýelmeşegen kagyzlary (asylýan) ulanmaly. Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 6, sah.400
Öý siňegi
-
handsome1
12 years ago
- oy sineklerinin peydaly taraplaryda bar eken. Olar howadaky yaramaz yslary ozune sindiryan ekenler. Seytmek b.n howanyda arrassalayarlar.
-
magnit
12 years ago
- peýdasyndan zyýany köplaý ýigrenji siñegiñ )
-
handsome1
12 years ago
- dogry aytyan
-
Yegen
12 years ago
- Zyýanly mör-möjek.
-
nohurlyagza
12 years ago
- siňegi tutup, iki dişiň arasyna gysdyryp, ýuwaşjadan sykyp suwunu içýäň welin hezil edäýýäň.
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- sinekler uffff yurekbulanjy
-
idealman92
12 years ago
- alla hich bir jandary peydasyz yashasyn diyip doretmedi
-
teleportus
12 years ago
- tuweleme ugrungy tapypsyng, sypdyrma sinekler yitaymesin gowja owren
-
magnit
12 years ago
-
Kuraldyshy
12 years ago
-
Bilgi
12 years ago
- adamdan bashga ahli janly jandar artykmach dal,olar biri biri bilen baglanyshykly,ozem ynsana peydaly tarapdan. Dogry sinegem nejis welin adamlan ondan beterem bar.
-
makgush
12 years ago
- Gowy tema! şu siňekler gyşda nirde bolýar?
magnit 12 years ago- -oglum siñek dermanyñ ýokmy ?
-näme daýza, siñegiñiz ýaranokmy :D
Gowja tema +