Halkara Eýranly gyzyň bedeni eýranlylary aňk etdi Eýranly belli aktrisa Golşifteh Farahani Wenesiýadaky halkara kino festiwalynda. Wenesiýa, 3-nji sentýabr, 2011. 23.01.2012 Golnaz Esfandiari Häzirki wagt Parižde ýaşaýan eýranly aktrisa Golşifteh Farahani Fransiýanyň žurnallarynyň birinde ýalaňaç görnüşde surata düşdi we suratlaryny özüniň “Facebook” sosial ulgamynda ýerleşdirdi. Farahaniniň bu hereketini käbirleri batyrlyk diýip, öwse, käbirleri muny berk ýazgardylar. Geçen ýyl Eýrandan Fransiýa göçüp baran Golşifteh Farahaniniň sözlerine görä, eýranly resmiler oňa öýüne dolanmaly däldigini aýdypdyrlar. Ol bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Eýranyň Medeniýet we yslam ýörelegleri ministrliginiň bir resmisi maňa ‘Eýranda aktýorlaryň ýa-da aktrisalaryň geregi ýok. Sen öz artistligiňi başga ýerde dowam etdiriber’ diýdi”. Golşifteh “pynhanlygy” açdy… Farahani Fransiýanyň “Madame Le Figaro” žurnaly üçin ýalaňaç görnüşde surata we wideo düşdi. Bu Golşifteh Farahaniniň Leonarda di Kaprio bilen birlikde Golliwudyň Golşifteh Farahani Golliwudyň “Beden ýalanlary” atly filminde belli amerikan aktýory Leonarda di Kaprio bilen birlikde. 2008. “Beden ýalanlary” filmi boýunça ýola goýan proýetkleriniň biridi. Bu proýektde aktýorlar we aktrisalar ýalaňaçlanyp, beden we medeni azatlygy mahabatlandyrýarlar. Suratda Farahaniniň elinde diňe bir ýüzük bolup, ol göwüslerini eli bilen ýapyp, tomaşaça tarap näzli nazar bilen seredýär. Wideo böleginde bolsa, ol beýleki fransuz aktýorlary we aktrisalary bilen birlikde peýda bolup, özüniň bir göwsüni açyp görkezýär. Gürrüňi edilýän surat we wideo ýazgysy gysga wagtyň içinde pars dilindäki sosial ulgamlara geçirlip, eýranlarylaryň arasyna-da ýaýradyldy. “Ine, meniň hukugym diýýär” Germaniýada ýaşaýan eýranly žurnalisti Mariam Mirza bu bolan waka özüniň oňyn nukdaýnazardan baha berýändigini aýtdy. Ol “Men suraty görenimden soň, ilkinji aýdan zadym ‘Berekella, Golşifteh!’ boldy. Fransiýanyň “Madame Le Figaro” žurnalynda çap edilen Golşifteh Farahaniniň suratlaryndan biri. Ýalaňaçlanyp surata düşmek bilen, ol öz bedeniniň diňe onuň özüne degişlidigini nygtady. Biz köp ýyllar bäri basyş astynda ýaşaýarys. Ahlak polisiýasy köp ýyldan bäri bize nähili geýinmelidigimiz we özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada görkezme berip gelýär. Ýöne, birdenkä-de bir aýal gelip, ‘ine, meniň hukugym’ diýýär” diýdi. Golşifteh Farahani ol wideony we suratlary 17-nji ýanwarda özüniň “Facebook” sosial ulgamynda ýerleşdirenden soň, oňa dürli garaýyşlar peýda boldy. Käbirleri ony öwüp ýazan bolsa, käbirleri gatyrganyp seslenme ýazdylar. Olaryň birinde şeýle diýilýär: “Seni görenimde, meniň aňrym bärik gelýär. Sen öz watanyňy we bedeniňi satdyň. Bu eýran aýaly üçin juda utanç!”. Eýranyň ýarym resmi “Fars” habar agentligi bolsa, Farahani özüne ünsi çekmek üçin özüniň ahlagyny satdy diýip, maglumat ýaýratdy. Emma Golşifteh Farahaniniň hereketini goldaýan käbir eýranlylar Eýranyň häzirki konserwatiw jemgyýetiniň bular ýaly suratlara we wideolara taýýar däldigini aýdyp, bular ýaly wakalara jemgyýetiň öwrenişmelidigini belleýärler . mençe gowy bolmandyr. watanyn, dinin, duzun üstünden atlemek yaly bir zat.
Aktrisa
-
Kuraldyshy
12 years ago
şeyle kabir bagşylarymyzyn-da arka yüzüni göremde gaydyp şolan sesini eşidesim gelenok
-
sahett
12 years ago
- no comment
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- yalanaclanmagy medenyetlilikdir oytyan medenyetsizler,sohrat un watanyny peseltyan pisler, ozuni iki say un satyanlar hemise yenilmage yitmane we masgara bolmana mynasypdyr.
-
ozik
12 years ago
- ay namesi gen zaday......
Namysyny pula satyan az dal.
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- bizin solary gen gormezligmiz hem solara hilbir is bitiren yaly edip hormat goymagmyz seyle parazitlen kopelmegine getirya
-
magnit
12 years ago
- bir tarapdan haky bar (imeet prawo) ol azat adam! bir tarapdan masgaracylyk! eyrandan sheyle ga**yk cykanson hemmeler ucin uytgeshik habardyr...
bu hereket gunbatar ucin yakymly habar ...
-
Mergen0492
12 years ago
- Maymyna sen sen diysen gotini gorkezer diymeyalermi!
-
sahett
12 years ago
- owadanlygam yok welin eyrany masgara edyar olar su wagt bir ors seydenem bolsa intriga doremezdi namamis ol eyranly olara bu gyzyn yalanaclygy gerek dal eyranda bozgaklygyn baslamagyny isleya wah ona dusunse bolaymajakmmy
-
pida
12 years ago
- ey hov ynanmanoooooooov barysy yalan! musulman gyzlaryn suratyndan kellesini ayyryp,haram suratlar goyushduryarlar,sheydip musulmanlary pazor etjek bolyarlar.........
-
student3
12 years ago
- haramzada yigrenyanay fuuuuuuuuu!
-
Studentka5
12 years ago
- pul nameler etdirmeyar. ozun gowusuny et Hudayym!
-
AHAL
12 years ago
- swarşik bruslin ogluna menzesh eken ýuzi birhili
-
aynash
12 years ago
- yokarkydada,ashakydada sho bir yuz,hich hili uytgeshiklik yok.prosta masgaralamak un bashga birining gowresine ong yuzuni goyayypdyrlar.
-
AHAL
12 years ago
- hakyky ozi dushen suratylayow.
-
AHAL
12 years ago
- hakyky ozi dushen suratylayow.
-
yusupogly
12 years ago
- azatlykda okapdym
-
Kuraldyshy
12 years ago
- aşakdaky surat üğçin bagyşlan, suratlar hakyky.
magnit imeet pravo diyipsin, gul(kul) bolan bizlerin nama haky bar, gul gullugyny bilse yagşy. şuna dykkat çekmek isleyan, yokarda-da aydylyşy yaly, gyz musulman gyzjagazlaryn roluny janlandyran birisi. umuman bizinkilerenem gulagyny çekip durmasan, şona yatgyn. netije name?
Kuraldyshy 12 years ago- şu yerden alyndy