1Salam mähribanlarym! Bu Ýene-de men, Bu gezegem siziň araňyza öz kiçijek goşgym bilen geldim. Elbetde bu goşgymam ýene-de size bagşlanýar. G. Eziziow: “Açyň gapyňyzy men size barýan “- diýen bolsa, men size gapyňyzy açsaňyzam-açmasaňyzam barýan he he he. Gapyňyz açykmy ýada açyk däl, Meň üçin parhy ýok men size barýan! Aňsatjak ýollary, aňsat geçip däl, Diňe kyn ýollardan men size barýan! Kalbymda gül bolyp bitenlerňiz bar, Käte döşümdenem itenlerňiz bar. Goşgymy tankytlap ütenlerňiz bar, Şonda –da ýaýdanman, men size barýan! Göwnüňize degmek ,meniň işim däl, Sizi awyndyrýan, meniň dişim däl. Samraýar diýmäň siz, ýok bu düýşim däl, Başym belent tutyp, men size barýan!
MEN SIZE BARÝAN!
-
Yegen
12 years ago
- Wulkan, sag bol dost! Elleriňede, dilleriňede güller bitsin, galamyň ujy mundan beýlägem ýiti bolsun! Dobawit edendirin dost, geldi häli, gördüm!
-
sahett
12 years ago
- nira nira baryan???
başym belent tutyp, men size barýan!
a bizin gapymyz kodly...
şonda –da ýaýdanman, men size barýan!
men size gapyňyzy açsaňyzam-açmasaňyzam barýan!
-
sahett
12 years ago
- :d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d:d
-
Patron
12 years ago
- Gel gel. Gelen dowlet. Myhman oz rysgaly bilen gelya.
-
AHAL
12 years ago
- ahalyn gapysy hemishe achykdyr
-
magnit
12 years ago
- gapy ýoga diýmaýin bar yone myhman ucin yapylanok
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- gelip name etjek bize urmana gelyan yalay gapy yapyk bolsa dowup girjek diyan yalay
-
jeyn91
12 years ago
- gelay-gelay, yone iyw-ichmini ozun alyp gayday hazir myhman bakmana yagdayymyz yokda)))))))))))
-
makgush
12 years ago
- Geliber wulkan, gapy elmydama açykdyr! Ýöne öňünden habar edeweri, keýwana çaý-paý taýýarla diýip aýdar ýaly!=)
-
vipboy
12 years ago
- bize gelman duray pridukta gutardy shu mat
garypjan 12 years ago- hosh geldiñ gapymyz açyk! Sagbol bet goshgy.