adamzat öz durmuşyny aňsat etmek üçin taryh boýunça köp ýollar geçipdir. başda haýwanlar bilen başlan bu ýoly, soňky asyrlarda bilimiň we senagatyň ösmegi bilen gysgaça “maşynlar” diýilýän mehanizmler bilen dowam edýär. geçen asyrda senagat rewolýusiýasynyň yzyndan başlan tehnologiki rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda köp zady üýtgetdi. asyrlar öň birnaçe ýyl içinde edip bolmaýan işleri tehnologiýanyň kömegi bilen häzirki döwürde birnäçe hepdäň içinde edip bolýar. adamzadyň fiziki güýji ýetmeýän işlerde haýwanlary, soň-soňylar bolsa her-hili mehanizmler ulanyp başlady. indi bolsa diňe bir fiziki däl, eýsem logiki işlerde tehnologiýanyň nygmatlaryndan giňden peýdalanylýar. 2-nji jahan urşynda hasaplama maşynlaryň potensialy bilindi we köp döwletde, esasan hem abş-de elektron hasaplama maşynlaryny kämilleşdirmek üçin döwlet derejesinde taslamalar edildi. häzirki döwürde kompýuter diýilýän bu enjamlar adamzadyň durmuşynda aýrylmaz orny eýeledi: senagat, harby, bilim we beýleki ulgamlardan tutuň, islendik ýerde olaryň giňden ulanylýandygyny görüp bolar. tehnologiýanyň we kompýuterleriň hasaplama güýjiniň gün-günden ösmegi bilen adamlarda şeýle sorag döredip başlady: ”kompýuterler we robotlar adamyň ýerini alyp bilermyka?”. ilki seredilende kompýuter köp zady adamdan gowy başarýar: ýadynda saklamaly zatlary unutman ýyllar boýy saklap bilýär, aritmetiki hasaplarda bolsa gaty uly sanlar bilen işleşendede ýalňyşman takyk jogap berip bilýär... diňe şu aýratynlyklary üçin kompýuterlere adamlardan akylly diýip bolarmyka? hasaplama güýçli bolmaýan kompýuterleriň iň zehinli adamy hem ýeňýändigini açykdan-açyk görüp bolýar, maglumatlary saklaýyş we işlemekde-de şeýle. ýöne adamdan tapawutlykda kompýuter näme edýängini aňlap bilmeýär, özüni sorap, tankyt edip bilmeýär, manysyna görä kitabyň analizini edip ýa-da edebi eseri ýazyp bilmeýär, aýdym sazy , suraty döredip bilmeýär, ýagny döredijilikli zähmet etme ukyby ýok. adam beýniň ýerine ýetirýän ýumuşlary köp. adam organizminiň funksiýalaryna ömür boýy seredýändigini üns berdiňiz mi? dem almak, göz gyrpmak, adam bedeniniň bölekleriniň sazlaşykly işlemesi dowamly beýniň tarapyndan dolandyrylýar. şol bir wagtda beýniňiz hemme duýgylaryňyzy birden kabul edýär. gözüňiz yşyk, reňk, hereket taýdan islendik kameradan hem gowy suratlary, gulagyňyz audiocd-laryň hilinden ýokary sesleri kabul edýär. onuň ýanynda 17.000 üýtgeşik ysy tanap bilme we teniň duýgurlygyny göz öňünde tutulmalydyr. kompýuterler bolsa ulyrak wideo bilen işleşende eýýäm öz “güýjini” bildirýärler. adam beýni köp funksional bolmaga gönükdirilen. teoriýada diňe hasaplama bilen meşgul bolanda adam beýni islendik kompýuterden hem güýçli çykýar. ýöne praktikada beýniň köp işler bilen meşgul bolýandygy sebäpli ony edip bolmaýar. beýniň daşgy dünýäden maglumatlary ägert uly mukdarda hem-de çalt alýandyr. bu sebäp bilen onuň öwrenme we dürli şertlere uýgunlaşma ukyplaryň bolmagy tebigydyr. kompýuterden tapawutlykda adam öwrenip, geçmişden galan tejribe esasynda belli bir netijä gelip bilýändir. kiçi çagalar hiçbir dili bilmän, olaryň öň meňzeşine hem duşmadygy “dil” diýen zady öwrenýärler. kompýuterler bolsa diňe olara öňden berilen buýruklar esasynda işleýärler we olardan daşary hiçzat edip bilmeýärler. adamyň beýni umuman aýdylanda hemme işler üçin niýetlenen, ýagny kompýuter ýaly diňe bir işe gönükdirilmedik. we belli bir işi ýerine ýetirjek bolanda(mysal üçin hasaplamalarda) kompýuter ýaly effektiw we öndürijilikli bolup bilmeýär. ýöne şoňa garamazdan adam kompýuteri ýeňmäni başarýar. iň meşhur mysallaryň biri garri kasparowyň 1997-nji ýylda şahmat oýunlary üçin niýetlenen “deep blue” kompýuterini 2-1 oçko bilen ýeňmegidir. kompýuterler ,robotlar, maşynlar adamyň gynçylyk çekýän ýa-da edip bilmeýan belli işlerde we pudaklarda onuň ornuny alyp bilýärler. ýöne doly adamyň ýerine geçip bilmezler.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir