agalar ýalançy bäş gün dünýede, aýalyň erkegne uranyny gördüm, gelinler gygyrýar ärleň üstüne, ärleriň müzzerip duranyny gördüm indi sylamaýar ini agany, agalar hem sylamaýar inini, ak süýt beren bir mähriban enäni, zalym ogluň ýenjip duranyny gördüm jepasy kän bu ýalançy pelegiň, gadry gaçdy hormat bilen sylagyň, bäş gün pully bolan ýeňi ýolugyň, dostunam äsgermän duranyny gördüm nesibesi güýçli öňki gelenleň, gabahat işleri görmän ötenleň, ýoldaşyn ukladyp käbir gelinleň, özgäniň gujagna dolanyny gördüm zemin gury bolsa açylmaz güller. gül bolmasa, saýramaýar bilbiller, oglundan, gelninden ýanan bendeleň, gözün açyp göre girenini gördüm
Goşgy....(buña Durmuş diyerler)
-
ALADIN
12 years ago
- Bu asly goshgy dälde aýdym bolmaly Güljahan aýdym edip aýtýar.
wap.ertir.com/index.php?q=blog&view=17784
-
ALADIN
12 years ago
- öñ tema edip açypdym ýöne aýdymdan alypdym sözlerini.sen haýsy ceshmeden aldyñ?
-
Younglord
12 years ago
- Muna ajap türkmenistan diyerler
-
AHAL
12 years ago
- gaty biderek goshgylay. Aydymynam bir ayal aytya welin hasam biderek bolya.
-
Merw92
12 years ago
- Huday saklasyn( gorkunc goshgy eken!)
-
1merdan
12 years ago
- ýetreniň üçin sag bol krutoý..
..Goşgam näme maňa meňzeş diňe şumluk gözläp ýöreniň ýazan zadydyrda, ýogsam gowy zadam ýok däl weliiiin...
-
makgush
12 years ago
- goşgy....(buňa ahyr zaman diýerler)
-
ALADIN
12 years ago
- Goşga söz ýok manysy uly.Käbir adamlar hakykaty eştseler halamaýarlar ýöne bu durmuşda bolýan zat,bu goşgyda ýa-da aýdymda adamlaň üstübden güljek ýa kemsitjek bolanok adamlara şolar ýaly azgynyklaň bardygyny we alary ýazgarmagyny isleýär "jepasy kän bu ýalançy pelegiň,
gadry gaçdy hormat bilen sylagyň,
bäş gün pully bolan ýeňi ýolugyň,
dostunam äsgermän duranyny gördüm
nesibesi güýçli öňki gelenleň,
gabahat işleri görmän ötenleň"
jumanji 12 years ago- bu hakykat aýtýan go$gy,ýöne hemme ma$galalar beýle dälä ahryn,bara entek sylag,hormat,wepalylyk,adamkär4ilik,söýgi ahryn!