Bu durmu$da hemme zatlar bolup dur, Munda ýandak gülläp bägül solup dur. Saña akyl satýar kemter adamlar, akyldarlar demin içinden alyp dur. Kimse barýar ot göterip bu ýoldan, ýag$y niýet, ýag$y ýürek päl bilen. Kimler barýar goltuguna gül alyp, ýaman niýet, gara ýürek al bilen. $onuñ üçin ykbal saña arzym bar, arzymy inkär etme! Gör kimselerde karzym bar. Hernä bergidar etme! Ho$al bolup älemden, bagt tapaýyn men pälimden. Aza$dyryp ýolumdan, azana duçar etme. Sanjy bardyr böwrde bu kän gepli döwirde ýalñy$aýsam egerde, ýazgar, ýöne günäkär etme! Salançakda üwräniñ, $oñ bu ýola ugranym. Sowulaýsa bu döwranym, biýgaýrada zar etme. Öñde baharym, gy$ym, gowgasy kän bu ba$yñ. Iñ soñkyja haý$ym ykbal bu mañlaýy $or etme!
"Durmu$ "
-
Mahrish
12 years ago
- "Saña akyl satýar kemter adamlar,
Akyldarlar demin içinden alyp dur." - $u setirleri has hem haladym. Manylyja go$gy, sag bol
-
sivee
12 years ago
- Dost Kerim Gurbannepesowyn "Rubagylar" goşgusuna gaty menzeşay... Kerim agada şey diyya:
Bu bir durmuş, munda kop zat bolup dur,
yandak güllap otyr,bagül solup dur,
Sana akyl beryar in samsyk adam,
İn akylly adam akyl alyp dur.
-
vento
12 years ago
- Mmbáh mená kerim aga bilen pyragymyz direlip geldimiká diýáýipdirin.
-
makgush
12 years ago
- Gowy goşgy.
-
Aristokrat
12 years ago
- Sagja boluñ gadyrdanlar!
-
Aristokrat
12 years ago
- Sivee dost go$gy kerim agañ $ol go$gysy esasynda onuñ dowamy görni$inde ýazyldy (kerim agañky ýaly däl elbetde).
-
syrlyalem
12 years ago
- salamlar,taze yillar bn,goshgy un sps
-
Abadan
12 years ago
- Ehh.. Durmus,durmus...
gowy gosgy,kabir toylarda'da aydyarlar
-
Patron
12 years ago
- Goshgyn ikinji bendi tanysh goshgy. Shiraly nurmyradowyn goshgusy, a galanyny bolsa bilemok
-
Younglord
12 years ago
- Okanyna degyan gowja gosgy ekeni
-
Ayjagash
12 years ago
- Salam hemmanize. Gowy goshgy eken. Yazana sag bolsun.
garypjan 12 years ago- sagbol gowy goshgy!