Salawmaleýkim, hormatly agzalar! Armañ-da! Ýagdaýlaryñyz, okuwlaryñyz, ishleriñiz gowudyr diýip umyt etýän! Bilshiñiz ýaly, täze 2012-nji ýylyñ gelmegine hem ujypsyzja wagt galdy. Täze ýylyñ bosagasynda yzyma bir göz aýlaýan. Ýok, ýok! Yzyma köpräk garanjaklaýan. Her ýylyñ özümizde galdyrýan täsiri bar. Bu bir adaty zat. Ählimizde hem sheýledir diýip pikir etýän! Ýöne üstümizdäki 2011-nji ýylyñ mende goýan täsirleri, dushuran täzelikleri ömürboýy ýadymdan çykmazmyka diýýän! Bu ýylda men, hut talyplar saýtyna agza boldum. Saýtda köööp-köp dostlar gazandym hemem... Umuman, 2011-nji ýyl agzalanda, ilki bilen shu saýty ýatlajagym ikuçsyz! Bu saýtdaky tapan dostlarym, "dostum", bular bilen bolan wakalar, dushushulan pursatlar ýüregimiñ töründe lowurdapjyk ýalkym saçyp dur. 2011-nji ýyl, talyplar.com bütin durmushumy üýtgetdi, ömrümde täze bir sahypa açdy... Gazanan dostlarym - mirasymyz, adgjmptw, bravo, camry, adalatly, ynsan, maykl, idealman, magnit, tihiy, ozik, bahbit, yaswami, guljagaza, p0e0r0i0j0i0k, asiya, myahridjemal, enesh91 (muny durmusha-da çykardyk!:-)) littil, jasminka91, jemka91, merw92, bayramsoltan, beyonce hemem ady agzalmadyk beýleki agzalara täze ýylda ullakan üstünlikler arzuw etýän! Shu ýerde auditor agzamyz barada aýratyn durup geçesim gelýär. Bu agza saýtda ýyldyrym çakan ýaly bolup birden peýda boldy-da, derrewem gözden gaýyp boldy. Emma ol bolan shu azajyk döwründe-de, saýtymyza üýtgeshijek howa getirmegi bashardy. Men oña öz shahsy durmushumda-da beren goldawlary üçin öz ullakan minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Hemishe janyñ sag, bashyñ dik, görjegiñem gowulyk bolsun, Gülnar! Güler ýüzüñ solmasyn! Ýeri bolýar, köprägem ýañradym öýtýän!:-) täze ýylyñyz gutly, mübärek bolsun! Düshümli bolsun, ALLAJAN!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir