Ybrahym Edhem bir gije düýşünde eli depderli Jebraýyl aleýhisselamy görýär. Ikisiniň arasynda şeýle gürrüň bolýar: - Eliňdäki depder näme? - Hak dostlarynyň ady ýazylan depder. - Depderde meniň hem adym barmy? - Ýok, seniň adyň Hak dostlarynyň arasynda ýok. Bu jogaba gynanan Ybrahym Edhem bu gezek şeýle sowal bilen ýüzlenýär: - Meniň adym Hak dostlary arasynda ýok bolsa, Hak dostlaryny söýenleriň arasynda-da ýokmy? - Bar. - Onda, Hak dostlarynyň sanawynda meniň hem adym bolmaly dälmi? Şol wagt Rabbimizden emir gelýär: - Eý Jebraýyl! Ynsan söýenleri bilen biledir. Ybrahym Hak dostlaryny söýýän bolsa, olaryň arasynda bolmaly dälmi? Ony-da Hak dostlarynyň sanawyna goş!
Hak dostlary
-
ependi
13 years ago
- yenede yetirip duruwerin.....
-
durmush1
13 years ago
- dost dostun aynasydyr diyyaler. teman gowy
-
1merdan
13 years ago
- sag bolyň mirasymyz gaty gowy tymsal,paýlaşanyňa sag bol
-
ADALATLY
13 years ago
- Sag bol dost paýlašanyňa.
-
ALADIN
13 years ago
- sagbol mirasymyz gowy tema eken!
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- biz hakda hem seyle emir gelse bizem hak doslugna mynasyp bolmasagam sol sanawa girenlen eline suw akydanlardan bolsak kasga. Oran gowy yazgy elin gozun dert gormesin
-
magnit
13 years ago
- manyly eken + sagbol yazgeldi maglumatyna!
-
love
13 years ago
- hawa e$dipdim hut $eyle.sagbol yetireniñe miras agza!
-
vento
13 years ago
- Goy hemmelere hakyň dosdy bolmaklyk niýesser etsin. Goý hemmeleri taňrym óz penasynda saklasyn.
Mirasymyz,gowy tema ačypsyň ýetireniňe sag bol.šygyrlarma beren bahalaňňyda okadym taňyr ýalkasyn meni begendirdiň. Ýóne šahyr diýip utandyrma,men olaň basan aýak yzynada degemoga. Olar nire? Men nire?
ependi 13 years ago- oran gowy zat hakta yazipsiniz. Soulin miras aga