Yslam dininde arak içmek bilen baglanşykly käbir hadyslar: - "içgi, bütin erbetlikleriň başydyr"(i. nejjar) - "Allahtagala we ahyrýete ynanan içgi içmesin, içgi içilen saçaga-da oturmasyn!"(taberani) - "içgiden uzak duruň! agajyň pyntyklap şahalaşyşy ýaly, içgi hem, erbetlik getirer."(ibn mäje) - "içgi her ýamanlygyň açarydyr"(hakim) - "içgi, günäleriň iň ulusy, bütin erberlikleriň başydyr. içgi içen, namaz okamaz, ejesi, daýzasy bilen zyna edip biler"(taberani) - "içgi içeniň haýa perdesi ýyrtylar, şeýtan oňa ýoldaş bolar, her ýamanlyga ugrukdyrar we ýagşylykdan galdyrar"(taberani) - "içgi bilen iman bir ýerde bolmaz, biri beýlekisini uzaklaşdyrar"(beýheki) - "arak içýän adamyň, gabryndan turan wagty, iki gözüniň arasyna 'bu Allahtagalanyň rehmedinden mahrumdyr' ýazgysy bolar"(deýlemi) - "içgi içeniň, kyýamatda ýüzi gara, dili sarkykdyr, erbet ysyndan hemme gaçar."(zewajir) - "içgide derman häsiýeti ýokdyr, hassalyk getirer"(müslim) - "şeýle bir wagt geler, içginiň ady üýtgedilip halal saýylar"(i.ahmed) - "içgi, zynadan erbetdir"(R.Nasyhin) - "suwy hem arak içenler ýaly içmek haramdyr"(r.muhtar) - "içgi içeniň kalbyndan imana nury çykar"(taberani) - "serhoşlyk döredýän zatlaryň hemmesi haramdyr. köpi serhoşlyk döredýän zadyň azy hem haramdyr."(ibn mäje, meşribe:10.) - "serhoşlyk döredýän zatlaryň hemmesinden uzak duruň"(ibn mäje, meşribe:14) Maglumatlara görä, piwonyň düzüminde 2-8% serhoşlyk döredýän spirt bardyr we munuňam içilmesi dogry däldir. ýekeje damjasy hem haramdyr... "Allahtagala, şeraby, içene, paýlana, satana, alana, saklamagyny isläne, ýükläp göterene, satyp puluny iýene nälet edýär " (İbn-i Ömer (r.a.)dan alnan) (S. Ebu Davud, Eşribe 20/2) Üç topar adam jennete girip bilmez: 1- minnet edýän, 2- eje-kakasyna garşy bolan, 3-içgi içmegini dowam eden. (Hz.Osman (r.a.) den alnan) (Nesai, Eşribe 51/46) “Aragyň azy halal däl, köpi haram” diýlen söz bahana bolup, “haramyň mukdar taýdan azy ýa köpi bolman, haram haram bolýar!” Ýene bir zat: bir zada halal-haram diýmek üçin, ol zat hakynda gowuja okap, gözleşdirip dogry netijä gelinmeli, sebäbi, Allahtagalanyň haram diýen zadyna halal diýmek, halal diýen zadyna-da haram diýmek bilen adam eýýäm kapyr bolýar. şerabyň haramdygy Gurhan-y kerim'de-de birnäçe aýatlarda aýdylyp geçilen. pygamber(s.a.s.)'imiziň hadyslaryna-da ýalňyş diýmegem edil şonuň ýaly. imanyň 6 şertinden biri-de pygamberlere iman etmek. Gurhan-y kerim'de, hadys-y şeriflerde, "hamr" sözi, spirtli içgi manysynda ulanylandyr. biz hem bu söze gysgaça arak diýýäs. aragyň, dürli kesellere ýol açýandygyny, akylymyzy azaldýandygyny, öýkenimizi zaýalaýandygyny, beýni we nerwleri ýok edýändigini ylym tarapyndan birnäçe gezek tassyklanandyr. bir adam, musulman bolmasa-da, saglyga bolan zyýanlary üçin, musulman bolsa, dinimizde haram bolanlygy üçin, arakdan uzak durmalydyr! Gurhan-y kerimiň mealinde şeýle diýilýär: (şeýtan, içgi we kumar bilen araňyza kin sokmak, sizi Allahy ýatlamakdan we namazdan alyp goýmak islär. mundan beýläk hemmäňiz goýbolsun ediň!)[maide 91] Mundan öňki aýat-y kerimede-de, içgi bilen kumar ýaly zatlaryň şeýtanyň erbet işleridigi, bulary taşlanlaryň gutuljakdygy bellenilýär. [maide 90] Içgi we derman Içgi dürli zatlarda edilýär. hadys-y şerifde şeýle diýilýär: "içginiň haram bolanlygy hakynda takyk höküm indi. içgi 5 zatdan ýasalýar; üzüm, hurma, bugdaý, arpa we baldan. serhoş eden her zat içgidir."[müslim] Içginiň serhoş edýän mukdary däl, ýekeje damjasy-da haramdyr. haram bolan bir zat derman edilip ulanylmaz. hadys-y şerifte şeýle diýilýär: "Allahtagala, haram bolan zatlarda şypa ýaradan däldir"[buhari] ibni abidin hezretleri bu hadys-y şerifi düşündirýärkä şeýle diýýär haram bolan zatlaryň derman edilip içilmesi, munuň hassa şypa bolmagy, musulman tebip tarapyndan bilinýä bolsa we ol kesel üçin başga derman ýok bolan ýagdaýynda, diňe şonda onuň ulanylmasy jaizdir, ulanylyp bilner. jaiz bolanda-da haram bolan zat däl, jaiz bolan zadyň ulanylandygy bolar.)[r. muhtar] Içgi küfre, ýagny, ynançzyzlyga elter: Içgi, şeýle erbet bolsa-da, her içgi içene kapyr diýilmez. sebäbi, musulmançylykda, uly günä edenlere kapyr diýilmeýär. yslam alymlary, uly günä edenler üçin (jennete girip bilmez) hadys-y şerifini (günäsiniň jezasyny çekmän jennete girip bilmez) görnüşinde düşündiripdirler. dowamly uly günälere baş goşýan adam, namaz okamaz, haramlara üns bermez, (Allah gorasyn!) imanyny ýitirip biler. her içgi içen imansyz bolmaz. emma dowamly edilen günäler, ynsany küfre süýrär. munuň üçin bolsa, uly-kiçi diýmän her günäden gaçmalydyr!(mektubat-y rabbani) Içgi barada Gurhan-y kerim'däki aýatlar: 1.Nahl Süresi, 67-njy aýat; 2.Bakara Süresi, 219-njy aýat; 3.Nisâ Süresi, 43-nji aýat; 4.Maide Süresi, 90-njy aýaty; 5.Maide Süresi, 91-njy aýaty. Bellik: Şakird atly agzamyzyň terjimesi - Allah ondan razy bolsun!

Köneler, durmush1 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir