Doslar hemmáňize salam, edil ýaňja bir gošgy dúzúp boldum šony gyzgyny bilen size ýetiráýeýin diýdim. Ózúmá okap ózúmden hošal bolup otyryn. Ýóne ózúni óweniň tanapy cúrik diýýáler. Šoň účinem siziň berjek bahalarňyza garašýaryn. Bir gún...her gún... bir gún hakykata,hakykat diýdim, zyndan óýúm boldy,górenim gynag. bir gún ýalan zada,hakykat diýdim, dakdylar dóšúme,ýúz dúrli sylag. bir gún sóýýán diýdim,sóýýán gyzyma, ol sóýemok diýdi,kesildi ara. bir gún sóýýán diýdim,sóýmeýánime, ol gyz menem diýip,ýylgyryp dura. Bir gún búdúredim,iň eziz dosdum, lezgin oýnap gitdi,duz sepip ýara, bir gún búdúredim,ýowuz dušmanym, -"tur doganym" diýip el berip dura. bir gún pikir etdim, šool úljá derek, Garpyz bitse bolmaýarmy agačda. soňra šúkúr etdim, taňra múň gezek, her gezek kelláme,bir úlje gačsa. bir gún ateistim,hudaý ýok diýdim, soň haky tanadym,tanatdym ile. hemmelere, meniň kalbym pák diýdim, soň dúšúndúm,páklik nire,men nire. her gún dileg etýán,gózlerim ýašly, hič unutmaň, šu sózlerim mújde de. jan bermeli bolsa,bir juwan ýašly, Men bereýin,bašym galsyn seždede.

Köneler, vento tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir