Zenanlaryň öwliýä zyýaratynyň gadaganlygy aýdylýar. Dinimize görä bu nädogry. Zenanlaram, erkeklerem, çagalaram öwliýä baryp, ölüleri zyýarat edip bilerler. Bu babatda sagadat asryndan bir mysal bereli: Ilki bada Pygamberimiz (SAW) hem zenanlaryň öwliýä barmagyny gadagan edýär, soňra täzeden rugsat berýär, sebäbi bolsa, zenanlar baran wagtlary iki gözlerini gan edip, özlerini paralap, saçlaryny ýolup, aglap-eňräp ses baryny edýän ekenler. Soň Pygamberimiz (SAW)şol ýagdaýyň gaytalanmazlyk şerti bilen olara rugsat berilýär. Eger zenan-gyzlar öwliýädyr gonamçylyga we sahabalardyr işanlaryň mazarlaryna gidäýenlerinde, Allahdan däl-de şol gitjek ýerlerindäki ýatan bendeleriň ruhlaryndan medet isläp bilýärler, bu bolsa käbir ýagdaýa görä şolary Allaha şärik edýän ýaly kabul edilýär. Şu ýagdaýdan howatyrlanyp, zenan-gyzlaryň öwliýä zyýaratlary islenmeýän bolmagy mümkin. Zenanlar ýa erkekler öwliýä gidenlerinde, olara şeýle maslahat berilmeli: "Gabyrdyr mazarlyklara gideniňizde, mazaryň eýesi kim bolsa bolsun, haýsy işan bolsa bolsun - tapawudy ýok, şolaryň ruhlaryna niýetläp aýat okaň! Ol ýerlere baryp: "Pylan işan, seniň ýoluňa bir tamdyr çörek/goýun, maňa çaga ber, maňa bagt ber..." ýaly zatlary diymek günä. Ol zatlar diňe Allahdan islenilmeli, dilenmeli. Ýöne "...şol mübarek işanlaryň, alymlaryň, sahabalaryň hormatyna, Allahym, bizi bagyşla we bizi her iki älemde bagtly et! Bize şu zatlary ber!... " Şeýle etmek, diýmek dogry we kabula has ýakyndyr. Siz şu ýagdaýi hiç unutmaň!" Ynha, şu şertler bilen öwliýälar, Magşarda Türkmen halkyna baş boljak, Pygamberimiziň (SAW) ýanyna äkitjek we halkymyza şepagat etme haky beriljek sahaba(Buryda baba-Büreýde el Eslem(r.a.) we Hakem bin el Gyffary(r.a.)) mazarlyklary we ş.m. zyýarat edilip, bilinýän aýatdyr süreler okalyp, olaryň ruhlaryna bagyş edilse, şonda hem-ä köp sogap gazanylar, hem-de Pygamber sünneti ýerine ýetiriler, hem-de zyýarat edenler, Allah gijinden we haýyrlysyndan bersin, wepat edenlerinen soňra özlerine-de nebereleriniň we ynsanlaryň gelip, aýat okamaklaryna sebäp bolar şol mahalky amallary, zyýaratlary we okan aýatlarynyň netijesinde! Sagadat asryndan ýene öwliýäni zyýarat edeplerinden bir mysal berip, bu jogaba hem nokat goýalyň: Pygamberimiz (SAW) sahabalary bilen bile bir mazarlygyň ýanyndan geçip barýarka, şol ýerdäki iki mazara seredip gamgyn bolýar. Soňra sahabalara öl(ýaş) çybyk getirmeklerini haýyş edýär we şol çybygy ikä bölüp, her mazara birini dikýär. Sebäbini soran sahabalara bolsa: - Şu iki mazarda ýatan hem dünýädek1 säwlik goýberipdirler: biri aýakda bewledip, üstüne "idraryny" syçradýan ekeni, beýleki bolsa gep daşaýan eken. Şu öl çybyklar guraýança, bularyň gabyr azabynyň ýeňilleşdirilmegini umyt edip goýdum - diýipdir we bu babatda biz musulmanlara örän oňat görelde bolupdyr. Şu ýagdaýy sözüň doly manysy bilen amal etmegimizi dilemek bilen!

Köneler, durmush1 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir