Görmeýän zadyma nädip ynanaýyn? -Men görmeýän zadyma ynanamok. Mysal üçin şu galam bar, ol elimde, ony gorýärin sebäbi.. Şonuñ üçinem oña ynanýaryn. Allahy bolsa görüp bolanok.. Diýmek, ol ýok-da.. -Bäh.. Şeý diýsene.. -Hawa.. -Señ aklyñ bir barmy? -Bar.. -Hany? Görkez-dä?! - ... -Görkezip bilmeýän bolsañ diýmek sende akyl ýok-da onda?! - ... -Diñle dost jan! Her zadyñ öz görüş serişdesi bar. Biz mikroplary mikroskop bilen, ýyldyzlary bolsa teleskop bilen görýäris. Şol bir sanda tagamy hem gözümiz bilen görüp bilmeýäris belki, ýöne dilimiz bilen duýup bilýäris, sesi bolsa gulagymyz bilen.. - Allahy nädip görüp bolýar onda? -Elbetde aklymyz bilen.. -Nädip? -Mysal üçin şu oturgyjy alaly. Onuñ ussasyny görýärmiñ? -Yok.. -Nähili göreñok.. Men-ä görýän. Sered-ä tagtalar emaý bilen kesilipdir, ýerli-ýerine goýlupdyr, çüý kakylypdyr.. Bir akyl, bir erk bar. Olary birleşdiripdir. Hakyky ussasy kim bolsa şol bolsun, meni gyzyklandyrýan zat onuñ öz-özünden şol ýagdaýa gelip bilmejegi we şeýlelikde-de onuñ ussasynyñ bardygy.. -Hawa, onuñ ussasynyñ bardygy açyk.. -Örän oñat.. ýöne indi sen oturgyjyñ ussasynyñ bardygyna ynanýarsyñ-da palçykdan ýasalan almanyñ, otuñ, dürli miweleriñ, mikro älemdäki atomlaryñ, molekulalaryñ, makro älemdäki gallaktikalaryñ ussasynyñ bardygyna ynanañokmy? Oturgyç ýasamak ol aýdanlarymy ýasamakdan million esse añsat, ahyryn.. -Hawwa dogry.. Olaryñ ýanynda oturgyç ýasamak añsat.. -Älem bir sungat.. Ol uly ili bilen “meni Biri ýaratdy” diýip seslenýär.. Yöne näme üçindir ony köp adam diñläp baranok..
Görmeýän zadyma ynanamok
-
love
12 years ago
- gowy eken dostlar sag bolun!!!
-
makgush
12 years ago
- Gyzykly tema, sagbol bize ýetireniňe!
-
betyigit
12 years ago
palçykdan ýasalan almanyñpalchykdan yasalan adamyng bolmaly dalmi?
-
betyigit
12 years ago
- awtor sangada kop sagbol gaty gowy tema.yaswami sangada dost.gaty gowy dushundurish goyupsyngyz ikingizem:)menem shu yslam dinining dogrudygyny aytyan bir video shu wagt tmhits.com-a yukledim admini goysa nesip ertir link bererin.hazir saytda dal ekenda:)
-
asiya
12 years ago
- Super dushundirish... Alla razy bolsun :)
-
turkmenntug
12 years ago
- gaty gowy
-
Friendship
12 years ago
- Gaty gowy tymsal. Minnetdar, durmush1, paýlashanyña!
Senem sagja bol, yaswami, jogabyña!
Haladym!
-
Mergen0492
12 years ago
- hronika
-
syrlyalem
12 years ago
- gaty gowy yetireniniz un minnetdar.Flasofiya mugallyma okatmaly eken :-)
-
syrlyalem
12 years ago
- gaty gowy yetireniniz un minnetdar.Flasofiya mugallyma okatmaly eken :-)
YaSwami 12 years ago- dogry bellenen mowzuk, ýöne ruhy düşinjeden daş adamyň gözi göreçleri görýänem bolsa Allanyň sahypjemalyny, boş we kör ruhy düşinje bilen görmeýär, sebäbi adamyň materiýal dünýäsiniň kapyrlygy şeýle bir ýokary derejede welin, adamzady haýwandan tapawutlabdyranok, meselem göý Taňrymyz bir mysalda ýanyňa geldi diýeli, görenden soň elläsiň geler, elläbem ýumşak bolsa "wiý, bula biziň tenimiz ýaly muny öldürip men taňry bolaýsam diýersiň, daş ýaly gaty görseň mundan jaý guraýsam diýersiň, demir ýaly görseň eredip, gylyç ýasaýsam diýersiň, adamzadyň niýeti erbet, şonuň üçinde adamzatdan özine diňe iman getiran halky ýanyna alýar, galanyna musor diýseňem boljak, seýle din manyda, ýöne hakykatdanda şähere çykyp adamlaň näme edýänine göz öňine getir, bazara barda bir kilo normalny alma ýa kartoşka almarsýn her ikinji adam çüýrigini berip, çüýrikdälini ertire çüýretmäne goýar, ýa lukmanlara ýüz tut saňa nähili garaýalar, mugallymlardan bir zat sora saňa nähili jojap berjekler, dostlaňdan kyn güniňe kuwwatlyk sora olor nähili jogap berýär, eger meniň d`iýanimiň hiçisi ýok bolsa, ondo ýa sen asmanda ýa sen imanly halkyň i`cinde yaşaýaň, ondo belki göziňe Taňry görünsede, sahypjemallgy ýaldyrap duronda, sen onuň yşgyna çoýunup, ýüregiňden `geçirersiň ýöne, sen muny hemme kişade aňsat aýdybam bilmersiň, çünki seni aýtmasaňam haýwanlardan ynsana çenli Seni tanarlar diýjek bolýan, şeýleräk pikirim !