Who knows not how to dissemble, knows not how to live. Ýaşyrmagy bilmeýän ýaşamagy hem bilmez. The cat and dog may kiss, yet are none the better friends. Pişik bilen it ogşaşyp biler, ýöne bu olaryň hiç biriniň gowy dostdugyny aňlatmaýar. Many kiss the hand they wish cut off. Köp kişi kesip taşlamak isleýän elini öper. Many kiss the child for the nurse’s sake. Köp adam çagany enesiniň hatyrasyna ogşaýandyr. Carrion crows bewail the dead sheep, and then eat them. Gara gargalar ölen goýunlara gynanar, ýöne soň olary hezil edip iýerler. The cat shuts its eyes while it steals cream. Pişik gaýmak ogurlaýan wagty gözüni ýumar. Fine words dress ill deeds. Hoşamaý sözler ýaman işleriň üstüni örter. A honey tongue, a heart of gall. Süýji dil, gara ýürek. All are not friends that speak us fair. Biz bilen hoşamaý gepleşýän adamlaryň hemmesi dost däldir. Pretend holiness is double iniquity. Takwasyramak bikanunçylygy goşalandyrar. All are not saints that go to church. Ybadathana gidýäniň hemmesi keramatly däldir. Bells call others, but themselves enter not into the church. Jaňlar özgeleri çagyrar, ýöne özleri ybadathana girmez. When the fox preaches, then beware your geese. Tilki öwüt-nesihat edýän bolsa, gazlaryňdan habardar bol. If you want to see black-hearted people, look among those who never miss their prayers. Chinese proverb Eger sen gara ýürekli adamlary görmek isleseň, namazyny sypdyrmaýanlaryň içine seret. Be what you seem and seem what you are. Görnüşiň ýaly bol we bolşuň ýaly görün.
Görnüşiň ýaly bol!..
-
student3
13 years ago
- *nakyllaryndan
-
Jeihun07
13 years ago
- Don't worry about your difficulties in Mathematics. I can assure you mine are still greater... ))))))
-
Adgjmptw
13 years ago
- Gaty gowy, her biri üçin aňyňda uly oýlanmalar emele gelýär. Umuman özüm-ä (reklama däldir) şular ýaly paýhasly setirler barada pikir alyşyp netije çykarmagy gowy görýän. Bu sözler boýunça her kimde her hili meňzeş we aýratyn ýa-da garşylykly pikirler, düşünjeler emele gelýär. şol ýüze çykan pikirleri, düşünjeleri köpçülik bolnup paýlaşylsa, has aýdyň netijelere göz ýetirip bolýar. "Bir kelleden, iki kelle ýagşy" diýlen pähime eýerip, bu barada, ýagny aňymyzyň ýokardaky sözleri kabul ediş prosesini umumy deňeşdirmek üçin ýazgylar ýazylsa hem-ä tema gyzykly bolardy, hemem özümiz üçin we myhman okyjylar üçin has peýdaly bolardy. Bu temalary asla okaman geçýänlerem bar, men olar üçin gynanýan.
-
Adgjmptw
13 years ago
who knows not how to
mysal üçin şu sözlemiň awtory nämäni göz öňünde tutduka? Belki bu sözler bilen onuň durmuş ýolunda gysgajygam bolsa bir arabaglanşyk bardyr, ýa-da ol özge şahslary göz öňünde tutup aýdan hem bolmagy mümkindir, "ýaşyrmagy bilmeýän ýaşamagy hem bilmez". Ýaşyrmak bolanda gysgaça "gizlemek", "bukmak" ýaly manyny berýär. indi gizlemekligiň, bukmaklygyň ýaşamaklyga näme täsiri barka? Nämäni gizlemeli, we nämäni kimden ýa-da nämeden gizlemeli? Bu ýerde gizlemeklik üçin nämeler göz öňünde tutuldyka? Ýa adamyň içki dünýäsimi, ýa pikirlerimi, ýa garaýyşlary, düşünjelerimi? Ýa bolmasa puluny, malyny, baýlygyny, çagalaryny, maşgalasynymy? Belki bularyň hiç biri hem bolup bilmez, belki-de bolup biler. Eger bolup bilmese onda ol nämekä? Bolup bilse bu zatlaryň şony gizläniňde ýaşap bilmezlik bilen arabaglanşygy nämekä? Kimde nähili pikir bar bu barada!?
dissemble, knows not how
to live.
ýaşyrmagy bilmeýän
ýaşamagy hem bilmez.
-
turkmenntug
13 years ago
- ýa$yrmak.-gizlemek,bukmak.
Ýa$amak.-dowam etmek,(bir zatda,ýerde)hereket etmek...
Birle$dirip bilmedim welin... belli bir kino,kitaba.topara...niýetlenen bolmagy mümkin...
(Ýa da aklym ýetmedi)
-
turkmenntug
13 years ago
- ýa-da eden ybadatyñy,beren sadakañy,ýetim ýesire,mätäç adama eden kömegñi gizlemek,ýa$yrmak.we ($eýlelikde) bular üçin özüñde ruhy ýeñilligi.lezzeti dolulugna duýup bilmek,ýa$amak...
-
Adgjmptw
13 years ago
- Turkmentug, kyn gerek belli netijä gelmek. Sebäbi awtoryň nämäni gözöňünde tutany belli däl, bu barada başga-da her dürli netijeler çykaryp bolýar. Hany dostlar, ýene kimde nähili pikir bar?
-
Adgjmptw
13 years ago
- Student3, dost, bu sözleri bize ýetiripsiň, köp sagbol! Ýöne sende bu "Ýaşyrmagy bilmeýän, ýaşamagy hem bilmez" diýlen söze garaýşyňy, pikiriňi we bu barada belli netijäňi mümkin bolsa paýlaşsaň hoşal bolardyk.
-
turkmenntug
13 years ago
- dogrudanam.awtor bu barada näme diýerkä...
-
mavibonjuk
13 years ago
- turkmentugun diyishi yaly,ybatdatdyr belki
Gizlin edilen ybadat has sogaplydyr,
manysy shumyka diyyan:Bir adam yetimin garnyny doyursa,pes yashayan(pukara) mashgala komek etse.we sholary her kime aytsa dilinde dessan etse,men onun garnyny doyurdym.komek etdim dp,
Diyjek bolyanym hic zady eden hayryny goz un etmeli dal,yureginden cykarmaly.we hemme kisha aytma gerek dal yashyrmalymyka diyyan.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Mavibonjuk, bu barada pikirleriňi biz bilen paýlaşanyň üçin minnetdar! Sen bu sözlemiň awtorynyň seniň pikir edişiň ýaly sýužetde "ýaşyrmagy bilmeýän, ýaşamagy hem bilmez" diýmekliginiň gelip çykandygyny we ony şol maksat sebäpli ulanyp boljakdygyny aýtmak islediň we pikir etdiň! Ylalaşýan, başga mavibonjugyň pikirlerini, turkmentuguň pikirlerini goldap biljek ýa-da garşylykly pikir döredip biljegimiz barmy? göreliň hany...........
-
Abadan
13 years ago
- Menä "eger sen gara ýürekli adamlary görmek isleseñ,namazny sypdyrmaýanlañ icine seret "diýilmegine hic dü$medim. Namaz okaýan ak ýürekli bolýamyka diýýädim
-
mavibonjuk
13 years ago
- menem shona dushunmedim,eger kyn gormeseniz oz pikirinizi yazayyn
-
student3
13 years ago
- student3, dost, bu sözleri bize ýetiripsiň, köp
sagbol! ýöne sende bu "ýaşyrmagy bilmeýän,
ýaşamagy hem bilmez" diýlen söze garaýşyňy,
pikiriňi we bu barada belli netijäňi mümkin bolsa
paýlaşsaň hoşal bolardyk. adgjmptw | 2
ýa$yrmagy bilmedik ýa$amagy hem bilmez diyleni, durmu$da hemi$e hakykaty aydyp ya$ap bolmaya diyildigi kä halatlarda kabir zatlary gizlemeli bolyan yerleri bolya elbetde adam hemme halatlarda dogry sözlap gezip bilmeyä,ýa$yrmaly zatlar bolya ,meselem döwletin syryny ya$yryandyrlar bu bolmaly zat yaly!
-
turkmenntug
13 years ago
- menä "eger sen gara ýürekli adamlary
görmek isleseñ,namazny
sypdyrmaýanlañ icine seret
"diýilmegine hic dü$medim. namaz
okaýan ak ýürekli bolýamyka
diýýädim
abadan | 2011-12-09 09:55:53
bu ýerde,"üç apat"daky
"pirleriñ elinde $eraply bada,
$eýtanyñ elinde,teswisi bardyr..."
diýen setirlerindäki ýaly pikir bara meñzeýä.
Ýagny,dindäki mynapyklyk,ildäki ikiýüzlilik...
-
student3
13 years ago
- menä "eger sen gara ýürekli adamlary
görmek isleseñ,namazny
sypdyrmaýanlañ icine seret
"diýilmegine hic dü$medim. namaz
okaýan ak ýürekli bolýamyka
diýýädim abadan | 2011-12-09 09:55:53
bu yerde namaz okayan adamlar namaz wagtynda yurekleri teni pikiri tamizlenip girya ,$olan arasyna seredeñde gara yurekli bn arassa yuregin tapawudunun bardygyny bildirjek bolya!
-
mavibonjuk
13 years ago
- namazyny sypdyrmayanyn arasyna seredende gara yurekli bilen arassa yureklin tapawudyny nadip bilmeli?
Dogan hic hili dushunmedim mena,
Namazda esasy niyetin gowy bolmaly,niyetininem biz nadip bileli?
-
Adgjmptw
13 years ago
ýa$yrmagy bilmedik ýa
ylalaşýan student3, emma şol sözlemiň awtory dünýewi ýaşaýyş maksatlaryny gözöňünde tutan bolmaly bolýar-da seniň bu pikiriňe salgylansak, şeýlemi? Ýa-da ol umumylykdaky, bitewilikdäki ýagdaýlary gözöňünde tutmandyr-da, käbir aýratynlyklary gözöňünde tutupdyr. Häzir bu barada aşakda mysal getirjek bolup göreýin. Bu mysal şu günki günümizde bolup biljek we bolýan ýagdaýlar barada bolar;
$amagy hem bilmez
diyleni, durmu$da hemi$e
hakykaty aydyp ya$ap
bolmaya diyildigi kä
halatlarda kabir zatlary
gizlemeli bolyan yerleri
bolya elbetde adam
hemme halatlarda dogry
sözlap gezip bilmeyä,ýa
$yrmaly zatlar
bolya ,meselem döwletin
syryny ya$yryandyrlar bu
bolmaly zat yaly!
student3 | 2011-12-09
12:52:54
-
Adgjmptw
13 years ago
- Aman 28 ýaşynda, onuň aýratyn hojalygy bar, jaýy, maşgalasy we wezipeli işi bar. Amanyň gelni we 2 sany çagalary bar. Onuň bu aladasyz eşretli durmuşy onuň hyýalynda her dürli täzeçe etsem-petsemleri emele getirýär. Olaryň biri-de Amanyň işdeş gelni Maýsa bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýmak. Bu maksadyna ýetse Amanyň armany ýok. Maýsa hem Amany aşaklyk bilen synlaýardy, Amanyň owadanlygy, wezipesi, baýlygy Maýsany özüne imrindirmänem duranokdy. Wagt geçýär, Aman Maýsa bilen nähili ysnyşanyny hem bilmän galýar, söýýärler biri-birini. Gatnaşyk has, howwa, has ýakyndan gurnalýar we il-kä beýle bolýar, soňam şeýle bolýar. Aman işden öňküler ýaly ir gelenokdy, Amanyň gelni bu barada Amandan sorasa ol: "Bu günler işimiz has köpräk bolýar" diýip jogap berýärdi. "Ýaşyrmagy bilmeýän, ýaşamagy hem bilmez" diýlen sözüň ýokardaky mysal bilen baglanşygyny gördüňizmi? Onda Amanyň şol boluşy ýaşamagy başardygy bolýarmy?
-
Adgjmptw
13 years ago
- Eger Aman gelnine ähli zady, ýagny hakykaty aýtsa, onda näme bolar? Belki gelni Amandan aýrylyşar, ilkinji maşgala binýady ýykylar, çagalary kakaly ýetim bolup galarlar. Emma Aman bu hakykaty ýaşyrmagyny dowam etse we ony başarsa, onda hojalygyny belli bir akym bilen äkitse bolar. Ýöne hakykaty bukmaly, gizlemeli we ýasama dogrylyk bilen ýaşamaly bolar. Bu dünýewi gözöňünde tutulyş bolup biler. Emma, Hudaý muňa nähili gararka?
-
1merdan
13 years ago
- gowy
-
Adgjmptw
13 years ago
eger sen gara ýürekli
adamlary görmek isleseň,
namazyny
sypdyrmaýanlaryň içine
seret.
Bu ýerde aýdyljak bolýan zada ýüzleýje düşünip bolýar, emma ýüzleý düşünmegiň aňyrsyndan "näme üçin?", "ol nähili beýle bolýar?" diýlen soraglar hasanaklaşyp çykýarlar. Ana onsoň bu soraglara aňyňda jogap gözlemäge başlaýarsyň we "näme üçin?" diýip sorag emele gelmegi galanda, ýagny gutaranda aýdyň we dürs netijeli jogabyň üstünden barylýar. Dogrudanam näme üçin garaýürekli adamlary ýa-da adamy jemgyýetçilik ýerinden däl, bazardan däl, futbolistleriň arasyndan däl, geçip barýan 5-10 sany adamyň içinden däl-de, ala-böle namaz okaýanlaryň içine seretmeli? Näme üçin? Hany geliň onda pikirlenip göreliň ýa-da taýýar pikirimiz bar bolsa ýazalyň! Utanmaly däl, çekinmeli däl. Gysgajygam bolsa ýazybermeli, çünki aňymyzda erkinlik bar, öz bilmezligiňden ýalňyş pikir etmekden gorkmaly däl. Munuň üçin sen jogapkärçilige çekilmeýäň, emma köp zatlara düşünýäň!
-
Dobry
13 years ago
- yashyrmany bilmek bu menin pikirimce birinin aybyny ortmek bu barada mevlana jelaleddin rumy ;"bashgalaryn aybyny ortmekde giyje yaly bol" diyyar.
gara yurekli barada,yene movlana:"ya bolshun yaly gorun,ya-da gornushin yaly bol"
namaz okap ile govy gorunjek bolyanlaram barda arasynda,namazy dine allan razylygy ucin okamaly
-
mejnun_i
13 years ago
Who knows not how to dissemble, knows not how to live.
1.Yokardaky soz inlis dilinde yazylan,haysy dili ele alanmyzda da ony terjime edeninde orginaly yaly bolmayar,sonyn ucin dogrulyny kabul etsemde 100% so manyny aldym diyip bilmeris
2.Nakyllar-Dana zozler
a)wagta-zamana
b)medeniyete,kultura bn gaty baglansykly zatlardyr
kabir yazylyp giden sozler bardyr wagty gecendir, suwagt su asyrda tasiri ya yokdur yada gaty ujypsyzdyr.Yenedem kabir sozler bardyr asyrlaryn dowamynda oz tasirligini saklap gelyandir.Muna Gurhany kerimi we Pygamberimizin(s.a.v) hadyslaryny yenem akylly basly dana alymlaryn aydyp giden sozlerini mysal edip gorkezse bolar.
Medeniyete,kultura,edim-gylymlar bn baglansykly diydigim sol soz belki oz kulturasyndaky adamlar ucin aydylanbolmagy ahmal sonun ucin yazylan her bir sozu ozune "gorelde" edip almazdan owwal cesmesini gowy seljermelimyka diyyan..
saglygynyz,
-
Adgjmptw
13 years ago
- Sagboluň dobry pikiriňi açyk beýan edeniň üçin, Elbetde seniň pikiriňçe Jelaletdin Rumynyň aýdan sözleri bilen gürrüňi edilýän sözlemi baglanyşdyryp boljak, şeýlemi? Aýbyny ýaşyrmaklygy bolsa her aýby ýaşyrjak adamyň özüne goýmaly bolýarmy? Ýagny ol islendik aýyplary gizlemek isleýärmi, ýa-da gizleniljek aýyp gizlejek adam tarapyndan saýlanylýarmy? Bu barada hem öz pikiriňi aýdaýsaň dobry?!
-
Adgjmptw
13 years ago
eger sen gara ýürekli
Dobry, sen bu sözlem babatynda hem Jelaletdin Rumydan mysal alypsyň we mümkin baglanyşdyrmak islediň we baglanyşdyrdyň, indi bu ýerde gelen netijäň barada näme aýdyp biljek?
adamlary görmek isleseň,
namazyny
sypdyrmaýanlaryň içine
seret.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Sagboluň dobry pikiriňi açyk beýan edeniň üçin, Elbetde seniň pikiriňçe Jelaletdin Rumynyň aýdan sözleri bilen gürrüňi edilýän sözlemi baglanyşdyryp boljak, şeýlemi? Aýbyny ýaşyrmaklygy bolsa her aýby ýaşyrjak adamyň özüne goýmaly bolýarmy? Ýagny ol islendik aýyplary gizlemek isleýärmi, ýa-da gizleniljek aýyp gizlejek adam tarapyndan saýlanylýarmy? Bu barada hem öz pikiriňi aýdaýsaň dobry?!
-
Adgjmptw
13 years ago
- mejnun_i, sagboluň, senem öz pikiriňi beýan edipsiň! Seniň pikirleriň bilen hem ylalaşyp biljek. Ýagny wagtyň geçmegi bilen, döwrüň, medeniýetiň üýtgemegi bilen şol döwürde aýdylan sözleriň häzirki döwürde täsirini ýitirýär diýip pikir edipsiň-dä, başga dillerden beýleki dile terjime edeniňde original söz hem 0.1% hem bolsa üýtgeýändigini belläpsiň, bu dogry. Eger mümkin bolsa häzirki döwürde öz täsirini ýitiren gadymky sözlemlerden birini mysal getirip bilmezmiň ýa-da bilermiň?
-
student3
13 years ago
- ylalaşýan student3, emma şol sözlemiň awtory
dünýewi ýaşaýyş maksatlaryny gözöňünde
tutan bolmaly bolýar-da seniň bu pikiriňe
salgylansak, şeýlemi? ýa-da ol umumylykdaky,
bitewilikdäki ýagdaýlary gözöňünde tutmandyr-
da, käbir aýratynlyklary gözöňünde tutupdyr. häzir bu barada aşakda mysal getirjek bolup
göreýin. bu mysal şu günki günümizde bolup
biljek we bolýan ýagdaýlar barada bolar; adgjmptw | 2011-12-09
meñ garaý$ym $eyle,hakykatdanam ýa$yrylyar ahyry hazirki wagtda köp zatlar uns berip göruñ!
-
ependi
13 years ago
- başa geleni sowsun körpäm
-
turkmenntug
13 years ago
..."näme
üçin?", "ol nähili beýle bolýar?" diýlen
soraglar hasanaklaşyp çykýarlar. ana
onsoň bu soraglara aňyňda jogap gözlemäge başlaýarsyň we "näme
üçin?" diýip sorag emele gelmegi
galanda, ýagny gutaranda aýdyň we
dürs netijeli jogabyň üstünden
barylýar...
Dogry,ýöne,ýönelere we nämüçinlere gutarma ýok ýaly.iñ bolmanynda gaty uzak dowam edermikä diýýän...
-
turkmenntug
13 years ago
- meselem,$eýle dowam edip bolar...
Dobry dost.möwlana rumy dan getiren mysalyñyza gabat gelmegi üçin biziñ nakylymyzda kesgitlilik ýetenokmuka diýýän,ýagny "ýa$yrmak"we "ýa$amak"ikisem giñ dü$ünje,nähili,nirde,nämäni,nä derejede...aýdyñla$dyrmak üçin sowallar zynjyrny yzarlamaly bolarys.
Jelaleddin rumynyñ bu sözüniñ biziñ halkymyzda giñ ulanylýan
"ýamanyn ýa$yryñ,ýaýyñ ýag$ysyn" (magtymguly)diýen ýaly manyda$y bar.ýöne bu ýerde ýamanyn ýa$yrmadyk hem ýa$amagy bilmeýän bolup galaýanok.onam "dogrysözli" "hakykatçy" diýip suratlandyrybam bor.
Meselem.
"kemine diýr,adamzatdan ýüz görmen,
ýag$a ýag$y diýr men,ýamana ýaman..."
,keminä ýa$amagy bilmeýän diýmerisä?!
Umuman.kändä...
-
student3
13 years ago
- yasyrmak beyle manyda dal,gocme manyda yagny hazirki dowurun hokumetin isi bn bagly yasyrmalar bolya.
-
asiya
13 years ago
- "Eger sen gara yurekli adamlary gormek islesen, namazyny sypdyrmayanlaryn içine seret" awtor shu sozlei dushundirip bilersiñmi? Men dushunmedim....
student3 13 years ago- dunya nakuyllaryndan nusgalar!