”Gazpromyň” ýokary derejeli resmisi Medwedew 18-nji noýabrda Orsýetiň ”Rossiýa 24” telekanalynda görkezilen çykyşynda Türkmenistanyň Günorta Ýolöten ýatagynyň gaz zapaslaryna degişli sanlaryny yglan etmegine ”esas ýok diýip hasap edýänligini” mälim etdi. Resmi Aşgabadyň Britaniýanyň ”Gaffney Cline&Associates” kompaniýasynyň audit barlaglaryna salgylanyp yglan edýän resmi sanlaryna görä, Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň gaz baýlyklary maksimal 26 trillion kubometrden gowrak möçberde kesgitlenýär. Bu san Günorta Ýolöteni ululygy boýunça dünýä derejesinde ikinji orna çykarýar. Ýiti reaksiýa ”Gazpromyň” resmisi Aleksandr Medwedewiň çykyşy türkmen tarapynyň ýiti nägileligini döretdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi metbugat üçin ýaýradan beýanatynda Medwedewiň çykyşyny türkmen gazynyň möçberine degişli hakyky ýagdaýy ýoýmaga synanyşyk we hormatsyzlyk diýip atlandyrdy. Ýakyn günlerde Türkmenistan öz uglewodorod serişdeleriniň möçberine degişli täze sanlary çap etdi. Resmi maglumatlara görä, ýurduň geologiýa zapaslarynyň şertli möçberi 71 milliard tonnadan aşýar. Ozalky görkezijiler bolsa 45,44 milliard tonnadan ybaratdy. Täze sanlara görä, ýurduň tassyklanan gaz baýlyklarynyň jemi möçberi 25,213 trillion kubometrden ybarat. Energiýa meseleleri boýunça regional bilermen, Azerbaýjanyň nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilhan Şabanyň pikirine görä, häzirki ýagdaý Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda nebit-gaz boýunça gapma-garşylyklaryň gitdigiçe güýçlenýänliginden habar berýär. Orsýetiň resmileriniň Türkmenistanyň alyp barýan energiýa syýasatyna degişli ýiti çykyşlary Aşgabadyň diňe bir gaz baýlyklarynyň möçberi bilen çäklenmeýär. 14-nji oktýbarda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen geçirýän gepleşikleriniň üns merkezinde bolan ”Transhazar” gazgeçirijisiniň perspektiwalaryna şübhe bildiripdi. Ol Hazaryň tebigy gazyny Ýewropanyň bazarlaryna akdyrmak maksady bilen ÝB-niň teklip edýän ”Transhazar” proýektini durmuşa geçirmek üçin hazarýaka döwletleriniň ählisiniň razylygynyň talap edilýänligini nygtapdy. ”Gazpromyň” ýokary derejeli resmisi Aleksandr Medwedewiň Turkmenistanyň gaz baýlyklarynyň möçberine şübhe bildirip, eden çykyşynda aýtmagyna görä, ol Türkmenistanda gazyň bardygyny aradan aýyrmaýar, emma ýurduň täze gaz ýataklaryndaky önümçilik şertleriniň çylşyrymly bolup, düýpli inwestisiýalary talap edýänligini belleýär. Gabanjaňlykmy? Bilermenler bolsa Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň Türkmenistan babatynda edýän beýannamalarynyň hakyky sebäbini Aşgabadyň Orsýetden sowlup geçýän gazgeçirijileriň gurluşygyna degişli proýektler barada günbatar döwletleri bilen alyp barýan gepleşiklerinden görýärler. Ýakyn günlerde Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikleriň çäginde ençeme duşuşyklary geçirdi. Geçen hepdede Aşgabada, hususan-da, Germaniýanyň daşary işler ministriniň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýorite wekiliniň we ABŞ-nyň döwlet departamentiniň Ýewraziýa energiýa meseleleri boýunça wekiliniň saparlary boldy. Energiýa meseleler boýunça ekspertIlhan Şaban Orsýetiň resmileriniň tankydy çykyşlarynyň, adatça, Türkmenistanyň Günbatara tarap ädýän takyk adimleriniň yzysüre edilýänligine ünsi çekip, häzirki tankyda Türkmenistanyň günbatar kompaniýalaryna eden teklibiniň sebäp bolanlygyny çak etdi: —Türkmenistanyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen halkara konferensiýasynyň gidişinde günbatar kompaniýalaryny ýurduň içerki proýekti bolan Gündogar- Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu gazgeçiriji Türkmenistanyň gaz baýlyklaryny Hazar deňziniň kenaryna ýetirmegi göz oňünde tutýar. Hut şu mesele Moskwa üçin öjükdiriji yşarat bolan bolmaly. Bilermenler Türkmenistanyň amala aşyrýan we maýa goýujylar üçin ykdysady taýdan bähbitli proýektlere ors kompaniýalarynyň gatnaşdyrylmaýanlygynyň we üstesine-de Ýewropanyň öz gaz üpjünçiliginde Orsýetiň gazyna bolan garaşlylygyny çäklendirmäge synanyşýanlygynyň hem Moskwanyň göwnünden turmaýanlygyny belleýärler. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýete sapar etmegine garaşylýar. Resmi maglumatlarda bu saparyň dekabr aýynda boljakdygy habar berildi.
Ashgabadyñ gaharyny getirdi
-
student3
12 years ago
- ay $u orsam ayrylman gecday aradan
-
prezident
12 years ago
- türkmenler erkekdirle.kim gazy gymmat alsa şoňa beriň,ynha nesip bolsa turkmenistandaky hemem daşary ýurtdaky nebit-gaz ugrynda okaýan talyplar barar.onsoň turkmenler ruslaryň barlag işlerne "ýalan" diýerler
-
kabmin
12 years ago
- orslara syc diymelilay shuwagta cenli yumrany besdir!
-
kurbi
12 years ago
- Al sana habar Hytaya gıdyan gaz 65 mıllarda yeter, Jenap Russıya bolmayan gaz, nadıp satylya hany bır gör................
-
ependi
12 years ago
- öňe
-
magnit
12 years ago
- ruslara sür diyip bolya weli biz beyle ösen däldä!
-
pida
12 years ago
- oooof shu orslar yaly mashivnik yokdurooooov.turkmenistandan kubuny 70$ alyp ukraina 200$ satyarlarhooov.
-
Multik
12 years ago
- Sebäbi "gazpromyñ" güýji gaçýar, gazy geçmez "nabuco" amalashsa. Muñada orslañ içi ýanýa, ýewropa döwletleri üçin Türkmenistan amatly. Arzan hemde gönümel geçýär.
-
Multik
12 years ago
- Sebäbi "gazpromyñ" güýji gaçýar, gazy geçmez "nabuco" amala ashsa. Muñada orslañ içi ýanýa, ýewropa döwletleri üçin Türkmenistan amatly. Arzan hemde gönümel geçýär.
-
Panturkist
12 years ago
- zvertm +1
-
alemdarov
12 years ago
- orslara maseytnikligi owreden irancylara. Iran turkmenden alan nebiitini geyim, haryt cig mal ondurmek ucin ulanyarlar. A oz nebitlerini bolsa ustune gowja pul goyup itekleyarler
-
magnit
12 years ago
- ruslar nabucco proýekitine gol cekse öz ayagyna palta urdugy bolar, sebabi tutush ýewropa gazdan russia garashsyz bolmak isleyarler!
Hazar denzinden gecirtmejek bolup oyny bolsa görkezyar $uwagt, namemish "deniz asty gaz gecse tebigata howp salya"mysh, a ruslan özi tutush baltika denzinin astyndan germaniya cenli gaz cekende howp salanokmyka? Biz 250 km turba gecirsek howp salyamysh! Ruslar dine öz bähbidini bilya haramzadalar garashsyz bolamyzsonam eli yakamyzdan ayyrlanogay...
-
Piljagaz
12 years ago
- seylelikde orsun elinden zat gelmez ona arkayin bolun, men sozum
-
Yegen
12 years ago
- Näme etsinleraý, her hiljek pyrryllyk gurnarlar, elinden zat gelmän goýarlarda. Gaz gider ýewropa, çozaýmazlara oñ üçin. Suw asty gaz-nebit geçirýän döwletler käna. Umuman "gazprom" giden kliýentlerini ýitirýär, sebäbi shol.
-
magnit
12 years ago
- yok yegen denizin astyndan gaz gecirjek bolsan denize degishli döwletlerden (orsýet, gazagystan, azerbeýjan, eýran) rugsat almaly! Bu proýekte bolsa orsyet, gazagystan, eýran gar$y!!! Nadip gecirjek onson gùyclin garshysyna gidip ?! Yöne gazy yewropa satsak yurtda özgerilshikler bolar, yewropa satmaga calyshmaly.
-
ependi
12 years ago
- capbi
AHAL 12 years ago- hawwa shu medwedew ish berdi oza.