“Titanik” gämisi barada hemmämiz bilýän bolsak gerek. “White Star Line” şereketine degişli ýolagçy gämisi “RMS Titanigiň” gurluşygyna Irlandiýanyň Belfast şäherindäki werfde 1909-njy ýylyň 31- nji martynda başlanylýar. Gämi 1912-nji ýylda gurlup gutarylýar. 26 aýlap dowam eden gäminiň gurluşygynda 11 müň 300 adam zähmet çekýär. Uzynlygy 269 metr, giňligi 28,2 metr bolan gäminiň agramy 66 müň gros tonna barabardyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 43 kilometre ýetýärdi. Gämi ekipažy bilen bilelikde 3 müň 547 ýolagçy alyp bilýärdi. Gämi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde kapitan Smitiň ýolbaşçylygynda Angliýanyň Sautgempton şäher-portundan Nýu-Ýorka tarap ýüzýär. Gämide ýolagçylaryň rahat wagt geçirmekleri üçin her dürli şertler bardy. Ýüzülýän howuz, sport salony, hammam, kitaphana, tennis korty ýaly zatlar bardy. Gämidäki elektrik energiýasy ulgamyna bug generatorlary tarapyndan tok berilýärdi. “Titanik” 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinden 15-ne geçilýän gijesi Nýu Faundlendiň günortasynda Atlantik ummanynda aýsberge urlup gark bolýar. Gäminiň heläkçilige uçramagy bilen 1 müň 517 ýolagçy aradan çykýar. Gämi şol wagtky iň äpet ýolagçy gämisi bolmak bilen tapawutlanýardy. "Titanik" filminde hasam gynançly ýagdaýlar görkezilýär!((
Titanik
-
Aristokrat
13 years ago
- Sol kompanýa titanik den ba$gada 2 sany uly gämini gurupdyr ýöne olar hem titanik ýaly gark bolupdyr.
-
ependi
13 years ago
- gowja maglumat
-
Abadan
13 years ago
- Köp adama helak bolupdyr.
Kinosa hasam gynancly.
-
sonkydem
13 years ago
- yone gami gark bolmanka bir hepde on reporter gark boljagy barada duyshunde goryer we ynanmayar...shonda da shol titanik bilen gark bolyar...
Waka bolmasyna encheme yyl on bir yazyjy duyshunde titanigi goryar we oz yazgylarynda titanigin gark bolan wagtyna chenli yazya...bu yazgylary wakadan son bilyaler...
-
turkmenntug
13 years ago
- govy maglumatlar.sagja bol magnit dost!
-
nazar94
13 years ago
- gaty gyzykly kop sag bol
-
Jeihun07
13 years ago
- bilshime gora "bu gami gaty uly ve demirden hatda Allah hem yikip yumrup bilmez" maksady bilen guryarlar, gami bolsa birnji syahatynda yitip gidyar, beyleki iki gamini (britanik) toshna bilemok, yone olar hem gark bolup yitip gityan bolmaly...
onler titan dyip bir taypa bolupdyr, bular ozlerni gaty guycli sayp bizi huday hem yok edip bilmez dyipdirler...
titan'yn manysy hudaya garshy taypa...
-
Jeihun07
13 years ago
- bilshime gora "bu gami gaty uly ve demirden hatda Allah hem yikip yumrup bilmez" maksady bilen guryarlar, gami bolsa birnji syahatynda yitip gidyar, beyleki iki gamini (britanik) toshna bilemok, yone olar hem gark bolup yitip gityan bolmaly...
onler titan dyip bir taypa bolupdyr, bular ozlerni gaty guycli sayp bizi huday hem yok edip bilmez dyipdirler...
titan'yn manysy hudaya garshy taypa...
-
magnit
13 years ago
- suwa goyberilmezinden ön
Titanigin yoly we gark bolan yeri
-
ALADIN
13 years ago
- Sag bol Magnit doss gaty gyzykly mowzuk
-
magnit
13 years ago
- şu titanik filminde "söýgi" hakda hem bar welin, realny bolan hadysamyka ýa "ýaşlan söýgisini" kinoda goşaýdylarmyka ???
-
jennetgirl
13 years ago
- бейлеки ики гамилер олимпик ве британик помоему.оларам гарк болды ойдян
-
idealman92
13 years ago
- leonardo di caprio.rejissery james cameron(awataryn rejissery).2009-da awatar chykmanka in kop pul gazan kinody.taryhda yatdan chykmajak hadysalaryn biri titanygyn gark bolmagy
-
magnit
13 years ago
- britanlar ösendigi bildirýärow, 1912 nji ýylda sheýle gämi gurup bilipdirler!
-
Merw92
13 years ago
- Gowy maglumatlar eken tuweleme sag bolun yetireniniz ucin ( kinosy hasam gowy )
magnit 13 years ago