Ine baryan umydyna budurap, egnin horluguna utanyp cala. uzakda orkestr josup titrap, tans edya owadan gyzlary bile. Hor ellenni cykaranok yeninden, olar birden yere yetayjek yaly. gecip baryan yigitlerin deninden gulaga yakymsyz bir saz wysaly. undup bilman gormeksizje doglanyn, yureginde hos arzuwlar besleyan. gecip baryan bir syratly oglanyn, mylakatly soz aydaryny isleyan emma yigitlenem oz gaygysy bar, yorute yag bilen saclaryn darap olar wagtdanam ozup baryalar ozlerinin owadan gyzlaryna tarap wah horja gyz horlugundan horlanyan, sana hos soz diyjek yigit nirede, bu saherde nace diysen yigit bar seni oye ugradanok biride. gyzlaram yanyna delmurup gelip, owadan gulusup yuregine dusya, olar gormegini artdyrjak bolup gezegine senin bilen tirkesya oye gelyan gyýýa yuregini unjin, hasratdan cekilya iki owurdun aglayan wah ejejan nam ucin, meni beyle betglisik dogurdun emma gonsy gelin bir gormegeyden, atasyz ogluna gunali bakya, hem senin tersine gussa gam cekya, OWADAn DOGULMA BAGTLY DOGUL! aglama gyz uyajygym gam cekme, bilip bolmaz ykbalyny onunden bu howlukmac yigitlere at dakma kim gecenok oz bagtynyn deninden. kate seyle bolya gorkdur gormek, gidip otyr il icinde at alyp, yone nam ucindir tylla yuzuk dek yolda gum icinde galya saralyp. tekepbir bol,cykyp bolmaz gaya dek sada bol aylaryn dogusy yaly, seyle yigitler bar,olar bar entek sen dek gayalarda olan hyýaly!!!
Gurbannazar Ezizowyn gosgularyny yatlaly
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- gaty gowy dost
-
Merw92
13 years ago
- (menem söýdüm)
menem söýdüm söýülmedik juwany,
menden başga bagtly baryn bilmedim,
ýöne mydam aý astynda dostlarmyň
söýgi hakda söhbetini diňledim.
menem bagtly boldum ýagty dünýäde,
menden başga bagtly baryn bilmedim.
ýöne ot başynda dünýäni undup,
bagtlylaryň söhbetini diňledim.
ýok, men muny bilgeşleýin edemok,
adamlara gulak asman bilmedim.
begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim.
elmydama özgeleri diňledim.
indi bilenimden ýazýaryn aýdym,
öz-özümden monça bolýan, ýeňleýän,
ýöne sähralara çykamda, ýene
özgäň düzen aýdymyny diňleýän.
gurbannazar eziz
-
student3
13 years ago
- sagjabol merw92
-
student3
13 years ago
- asyrdade sen haysy shaherde okayan ?
-
Merw92
13 years ago
- Sizem sag boluñ gowy gosgulary yetrip duruñ!!
-
student3
13 years ago
- hokman dost a sen nirede okayan merw92?
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- asyrdade sen haysy shaherde okayan ?
student3 | 2011-10-21 07:56:25
Men Mogilew, Gorki, (БГСХА).
a sen?
-
student3
13 years ago
- grodno
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- ha bolya, udachi onda sana!
-
Merw92
13 years ago
- hokman dost a sen nirede okayan merw92?
student3 | 2011-10-21 08:11:04
Men tm da okayan talyplar.comda men gyz agaza a siz taze agazamy we gysgarak özüñiz barada :-)
-
student3
13 years ago
- sagbol Asyrdade sanada
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Men bu talyplar komda onurajikden bari, on eshityadim yone men bu saydyn beyle gyzyklydygyny bilmeyardim, a indi...))) A indi bolsadine sunda. @maila girmegem yatdan chykdy)))
ozumiz barada name bilesin gelyar?, sen soraa biz jogap bereli, ili biz barada tema ach.
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- sagbol Asyrdade sanada
student3 | 2011-10-21 08:29:02
Sps )))
-
student3
13 years ago
- merw92 ikimiz zyom ekenik men belorussiyada okayan bu yerdede taze agza mana bari gaty gyzykly diysen kop temalarda bilmeyan zatlaryma jogap tapyan
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- dogry aytyan, goshulyan.
-
student3
13 years ago
- bolya ozunuz barada aydyn eger kyn gormeseniz
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Nirelay sizler???
-
Merw92
13 years ago
- günlerimiz
günlerimiz,
ömürlermiz ötinçä
merjen dänesi deý düzülmelidir.
söýgüde
duýgular bolmaly inçe,
çala galplyk etseň, üzülmelidir.
söýginiň derdine hormat goýmaly,
şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz,
biz
elmydam
hesret çekip söýmeli,
degýän bolsa şol hesrete söýgimiz!
gurbannazar eziz
-
student3
13 years ago
- sen pomoyem lebaply bolmaly Asyrdade
-
student3
13 years ago
- merw92 sagjabola gaty gowy gosgy eken minnetdar
-
Merw92
13 years ago
- :-)
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- garashynlar, men janichkam bn geplesheyin.
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- howwa, nadip bilyan menin Lebaplydygymy? senem sol yerilimi?
-
student3
13 years ago
- ay bildiryada dost
-
Jemka91
13 years ago
- Student sagbol bu meñ iñ gowy görýän go$gylrmdan biri. $ahyrlñ dilnde diñe gözeller, görmeksizjeleri G.Ezizowdn ba$ga ýatlaýanam ýok...gowy g$gy hasam soñky topbagy. Maral senem sagjabol,
-
student3
13 years ago
- wow maraly tanayanmay jemka?
-
student3
13 years ago
- senem sagbol jemka + goyarsynda
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- student3--a senin ozun nireli???
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- gayta gayta soratdynda
-
Jemka91
13 years ago
- Ýok adyny bilýän, a sen?
-
Jemka91
13 years ago
- + ;-)
-
student3
13 years ago
- maryly dost men
-
student3
13 years ago
- menem adyny bilyan
-
student3
13 years ago
- sagbol plusyna
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- ay men marychada yandyrayyanlay islesenizler
-
student3
13 years ago
- Asyrdade yakynda dargandan serdar diyen oglan barandyr sizinka 3 kurs bilyanmi
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Yok, bilemok, ay barde turkmen 650 sany, haysy birini tanajaga. (Bari gorod turkmenow - diyilya, yeeeeeee menden bagytly bamyka? )))
-
student3
13 years ago
- tuweleme ay boluwilya
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- aytyanammy
-
student3
13 years ago
- yo molodes bet nacenji kurs ozun?
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- 3 nesip etdiginden
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- nesip etdiginden gechen yyl 2 kursy okadym, indi nesip etse indiki yyl 4-kursy ikajak oza.
-
student3
13 years ago
- aylan onda grodnada
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- nesip dost
-
AHAL
13 years ago
- beyik shahyr.++++ sag bolun yetiryaniniz uchin!!
-
Tourist
13 years ago
- +su wagt tok ocdi yogsam yazardym gowy tema
-
Merw92
13 years ago
- dileg
lukmanlara köpüräjik boş wagt,
aşyklara köpüräjik hoş wagt.
topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn.
goý delfinler gürläp bilse, gürlesin,
ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.
jübiniň agramy manysyz bolsun,
her kesiň päliniň wysaly gelsin.
bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda,
artyk almaweri laýyk bagtyňdan.
öýüňizden myhman bary çykmasyn,
gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.
azyrajyk bolsun çörek nobaty,
köpüräjik bolsun kitap nobaty.
gözüňiz jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke,
bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter.
iň soňam bähbide bolmaňlar ýesir,─
penjire, gapysyz bir jaýa getir.
ah şu bolsadylaň bolan pursady,
şahyram bir käse şerap ursady.
gurbannazar eziz
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- turist bora, bahana etmeda
-
student3
13 years ago
- merw92 nam boldy sana?
-
URGENCLI
13 years ago
- GATY GOWY GOŞGY SAGBOL
-
1merdan
13 years ago
- ....Sizi ýatlamak kyn, ýatlamazlyk kyn
ömriň taryh üçin agyr kyssadyr.
ol wagşy pajyga maşgalaň üçin
a okyjyň üçin iki essedir...
... bir wagt galknyş gazetinde" beýikler hakynda beýiklere" öýkenip şygar astynda goşgyjyklarym çykypdy.
dogabitdi körzehinliligimdenmi ýada edebi işgär aşa talapkärmi garz goşgularymy aşagyndaky adyndan tanadym(ýuguryp ýasaýypdyrlar) aý ol zatlar esasam däl weli men şu temany açana sag bol aýdasym gelýär( bagyşla kimdirä şol men gowy düşinemoga şul artyba)ýenede bir zat puşkin................ 1837-nji ýylda duýelde öldirildi. ertesi gün bütin Rusiýa onyň ganyna galanynyň Dantesdigini bildi. Lermontow 1841
-nji ýylda öldirildi. ony Martynowyň öldirendigini bir günden soň tutuş orset bildi.Biziň şahyrymyz Gurbannazar hem bir näkesiň elinden öldi Emma şu güne çenli ony kimiň öldirenini bilemizok. bu biziň uly hatamyz.Seniň şahyryňy öldirdiler, sen bolsa ol ganhoryň adynam bileňok.Biz nähili biperwaý, nähili adamyň fadyryny bilemizok. Bu biagyrlygmyzy ganymyzdan aýyrmasak, poeziýamyzy hiç haçanam beýgeldip bilmeris.( Derýa.Baýramgulyýew)
-
Merw92
13 years ago
- Gowy maglumatlar!!
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- name maglumat, mena okamadymam. okanyna degyami?
-
Merw92
13 years ago
- Hawa degÿar!!! Okap bilsem :-)
-
Merw92
13 years ago
- Bilseñ....
-
Merw92
13 years ago
- Berdimyrat ertiriñ hayyrly bolsun irläpsiñle??!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Mahal-mahal seniň münlerçe
gÖren,
Ýene-de müňlerçe görmeli zadyň,
Ýakýar ýüregiňde seni beýgeldýän,
Tämizleýän duýgyň görünmez
odun.
Şapakdan ot alýar baglaryň başy,
Ýoda gijä tarap uzalyp ýatyr.
Dagdan taýyl gelen awara şemal
Otuň hem meýdanyň ysyny getir.
Ikatýok ýaşyňy sanar oturar,
Diňe şol ykbaly çözýän mysaly.
Şu adaty zatlar şat eder seni,
Adatdan daşary gözellik ýaly.
Erte ýene daň şapagy doganda,
Geň galyp bakarsyň güwleýän
oda.
...Özüňi bagtly saý bir ajap
pursat,
Sen begenip bilseň, adaty zada.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Men seni söýäýdim söýäýdim öýdýän
Sen maña bir hilli ýowuz görünýäñ
Men seniñ ýanyña baryp bilemok
Hem oñup bilemok saña görünmän.
Men seni söýäýdim söýäýdim öýdýän
Sen meniñ elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitäýjek ýaly
Men seni söýäýdim söýäýdim öýdýän
Göwnüme sen meni söýmeýän ýaly
Bu zatlary nädip saña aýdyp bor
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Oñarsaň,
bar zady oňatlyga ýor.
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün
dogar,
Ikibaşdan, gunbatarda gün ýaşar.
Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler,
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.
Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsaň oňat tut köňülde päli,
Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor.
Ýaramaz düýş görüp, ýörme
dumanda,
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi
asmanda
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- shahyrlar tuweleme
-
menbet
12 years ago
- gowy goshgular yazypsynyz sag bolun!
-
dominic
12 years ago
- tüweleme dostlar
-
dominic
12 years ago
- tüweleme dostlar
-
dominic
12 years ago
- tüweleme dostlar
Merw92 13 years ago- örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar.
örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
diriler ölüpdir. diriler ölýä.
ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
başga biri bolup inýär bu dünýä.
beýle bolsa, kimkä meniň geçmişim?
şahyrmykan?
aşykmykan?
ýa daýhan?
ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
hem gorkusy üçin çyn söze duşman?
eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
özüm bolup menden gizlin okuýandyr
ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,
menligiňe ajy gözýaş dökýändir.
eger aşyk bolsa, söýmediklerme
söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
öz päkligi bilen maňa duşmandyr.
eger daýhan bolsa, toprakdan alyp,
oňa bermeýänme tutýandyr lçin,
hem onuň bir oňat dilegi bardyr
topraga bir tohum atarym üçin.
indi bu ýaşlygam ötüşip barýa,
etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.
gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
depämden seredip goýmaýar meni.
dünýede çyn sözuň sarpasyn saklap,
çyn söz üçin özüm ederin gurban.
ýazaryn, söýerin, tohum seperin,
razy bolar
şahyr,
aşyk hem daýhan.
ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny—
inkär eden — meni öper bu ýerim,
müň ýyl ötüp, ýene dörän, şol şahyp-
aşyk, daýhan bolup dowam ederin.
yzyma seretsem, bir giden umman,
öňüme seretsem, bir giden umman,
geçmişiň öňünde uly bergim bar,
geljegiň öňünde uly bergim bar.
, gurbannazar eziz