SALAM AGZALAR. garaşsyzlygmyzyň 20 ýyllygy mynasybetli men turkmeniň beyik ogly gaygysyz atabay hakda yazmakçy. ol täç gok serdaryň ogly. yetimlikde ulalyar. say-sebäp bilen tejende, daşkentde okap yokary bilim alyar.esger bolup gyzyllaryň tarapynda durup söweşyär. çylşyrymly döwurde yetim oglanlykdan döwlet baştutanlygyna çenli agyr yollary geçyar. ol 1924-nji ýyldan 1937-nji ýyla çenli turkmenistan halk komissarlar sowetiniň başlygy(pezient) wezipesinde işledi.il bilen ykbaldaş bu şahsyýet 37-iň pidasy boldy.g.atabayewiň bitiren işleri kopdür.eger ol bolmadyk bolsa onda häzirki garaşsyz turkmenistan bolmazdy. s.nyyazow hem turkmenbaşy bolmazdy. rewolyussiya yyllarynda turkmenistan garypdy,agzalady,dagynykdy,ilaty sowatsyzdy. şol çylşyrymly döwürde merkezi aziyada we russiyada meşhur döwlet işgäri hokmunde özüni tanadan g.atabay hazirki turkmenistanyň esasyny düzüp gitdi. merkezi aziyada millet bölünşigi wagtynda lebap we daşoguz welayatlaryny özbegistan özüninki hasaplayardy.daşhowuzda horezm halk respublikasy döredilipdi. juneyt han bolsa merkezi aziyada imperiya döretmekçi bolup söweşyärdi. turkmenistan bolek-bolek bolup häzirki welayatlarymyzyň hersi bir yere düşüp galmak howpy döräpdi.g.atabay beyle bölunşige yol bermedi. ol bäş welayaty bir dowlete birleşdirip häzirki turkmenistany esaslandyrdy. onun yadawsyz aladasy netijesinde turkmenistan sssr-in düzümine deňhukukly(yagny islän wagty çykyp bilyän) respublika bolup girdi. dogry g.atabay yurdumyza garaşsyzlyk alyp bermedi emma ol garaşsyz bolmaga şert döredip gitdi. şert bolmasa garaşsyz bolup bolmayar (mysal: garagalpagystan,çeçenistan we ş.m) nämuçindir g.atabayew az yatlanylyar. gurbansoltan eje atly etrabymyz bar emma g.atabayewiň adyny etraplarymyzyň birine goymak hakda pikir hem etmeyäris. umuman g.atabayew hormata mynasyp şahsyýet.turkmenistan häzirki yeten derejesi üçin g.atabayewe minnetdar bolmalydyr.geliň bu beyik şahsyýeti hormat bilen yatlalyň. turkmenin beyik ogly hem, turkmeniň arkadagy hem, turkmenbaşy hem gaygysyz serdar ogludyr.alla onuň jaýyny ebedi jennet etsin ol kişiniň mysaly göyä bir şem ýalydyr özgä berer yagtysyn yanmak oň ykbalydyr

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir