Adam ogly ýerýüzüne aýak basan gününden bäri arkaýyn, asuda, bagtly durmuşda ýaşamaklygy arzuwlap, asudalygy dilinde doga öwrüpdir we asuda-parahat durmuş üçin nijeme jeňler gurapdyr... Bagt – her kimiň gözleýän zady ugrunda gerek bolsa janyny, hany-manyny pida edýän belent maksady. Bagtly bolasy gelmeýän ýeke adamy hem görkezmek kyndyr. Emma bagt näme? Ine asyl mesele... Ýunanlynyň pikiriçe bagt yşk hem-de söýgi, Sezara görä at-abraý we şöhrat, Faraona görä çäksiz hökmürowanlyk, Karuna göra bolsa baýlyk... Hakyky bagty bu ýollardan agtarýanlar, aldanandyr we betbagtlyga uçrandyr.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir