Gyzyklyja Hekaýa Obamyzyň ortarasyndan geçýän esasy ýoluň gyrasynda go jaman bir tut agajy hellewläp, başlaryny göge diräp ösüp otyr dy. Onuň haçan we kim tarapyn dan ekilendigini bilýän adam ýok dy. Obanyň iň bir ýaşuly, goja aksak gallaryndan sorasaňam, olar “Bi zem şu tuduň kölegesinde kän oýnapdyk” diýişýärdiler. Bir gün ir säher şol tuda seredip durşuma oýa batanymy duýman galypdyryn... Ynha, indi, gör, näçe ýyllar bäri bu goja tut adamlaryň hyzmatyn da. Obada onuň goýry kölegesi niň hözirini görmedik adam bar dyr öýdemok. Oba aksakgallary onuň saýasynda oturyp, düzzim dir küşt oýnasalar, çagalar uzak gününi onuň saýasynda bökjekle şip geçirýärler. Tomus aýlary ýaz laga çykan adamlaryň, gaýdyşyn bu tuduň kölegesinde säginmän geçýäni ýok diýen ýaly. Gojaman tut özünden hemaýat is läp gelýän adamlara ýagşy-ýa man, oglan-uşak… diýmän güler ýüz bilen saýasyny eçilip otyr. Ag raslyk bilen başlaryny egip, öz sa paly gujagyna ötegçileri mäkäm basyp, tämiz arassa howasyny, salkyn saýasyny olara bagyş ed ýär... Oýa batyp oturyşyma birden aga myň sesi geldi: - Ahmet, ýör, inim! Agaç ekmäge gideli. Wagtam birçene baran ýa ly. Tizräk öýe-de dolanmaly bor. Şol gün agam ikimiz uzyn günläp agaç ekdik. Şol gün ömrümde ýatdan çykmajak günleriň biri bol dy...
Goja tut
-
Rolly
13 years ago
- gowy hekaya dost birsellem obama baryp gelen yaly boldum.sagja bol yetirenine
-
Abadan
13 years ago
- Gowy hekaya...
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol,sähet dost!
-
sahett
13 years ago
- sizede sagbolun
-
Myahri6a
13 years ago
- Bir yerlerde öñem okapdym öytyan shuny...
-
Adgjmptw
13 years ago
- Nahal ekmek hem uly sogaplaryñ gazanylmagyna getirýän eken. Köp sagbol Sahett! Bu ýalñyshmasam gazetden öýdýän.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Tm talyplaña janyna ýakmaz bu hekaýa
-
sahett
13 years ago
- o name ucin sonsuzam kuyselya tm!
-
sahett
13 years ago
- o name ucin sonsuzam kuyselya tm!
-
samat
13 years ago
- Talyplañ $ikaýatlary çäre,bagçylyk i$leri
-
ilyush
13 years ago
- Tm talyplaña janyna ýakmaz bu hekaýa
Kuraldyshy | 2011-07-08 07:25:45
hasam şu ýeri:
- Ahmet, ýör, inim! Agaç ekmäge
gideli...
-
Tourist
13 years ago
- ahmet, ýör, inim! agaç ekmäge
gideli...
ilyush | 2011-07-08 11:20:50
hahaha dost bu wagt hekaýadaky ýaly beýle diýlenok *ahmet eý alasamsyk davaýte eliñe piliñi al bratiska meýdandaky ýandaklary capmaga gideli* diýilýär :-)
sahett 13 years ago- yaltanman doly okanjak bolun okanynyza degyar