Yşkda yatlap... Hemişe söygining tarypyny etdim, Söygiden başlayaryn süyji gutarsyn, Söygi zada yalan durmuşdyr öytdüm, Janym sende başlap sende bitirsin. Söygi dünyasine ayak basamda, Bir toya baramda tötan tanyşdyk, İlkinji göremde kursdaş toyunda, Şu başlangyç bilen söyga gowuşdyk. Mening wagtym doldy yat ile gitdim, Okayardym okuwymyng dowamy bilen, Bir naçe wagtlap gözden gayypdym, Seni görmek ahmyry hyyalym bilen. Janglaşyp başladyk aramyz uzak, Kim bilyar naçe yyl, naçe aylar bar, Görsek söygi bize gurupdyr duzak, Ana şol duzakda gizlin syrlar bar. Sen meni söyyansing belki bileñok, Yañy-yañy bolupdy taze tanyşdyk, Menem söyyan sözün aydyp bilemok, Köp wagtlar geçdi şeyle söyüşdik. İne bir yyldanam köp wagt boldy, Bir jan bir ten bolup söyen günlerimiz, Ne ajap ne sada pursatlar galdy, Söyyan bilen ilerlesin yyllarymyz. Bir gün garaşylmadyk hadysa boldy, Seng durmuşyng üçin synagly gündi, Yaşlaryng möwç urup deñizler doldy, Mertlik göwnüñ ejizlige öwrüldi. Bu söygiden habarsyz iki uly dünya, Yagny kabang-kyblang fanydan ötdi, Sening dünyalering kalbymda binyat, Seni emin ellere manga goyup gitdi. Elbette gynandyk bizi bilmedigini, Dünye bu yalançy duzakdan dolan, Jigiñ aydan ejeñe bar bildigini, Habary bolup ejeng razyyam bolan. Janym sabyr etgin yene az galdy, Durmuşa gadam basyp gülmegimiz üçin, Yat il dal aşygyñ hossaryñ boldy, Söygi gamisinde yüzmegimiz üçin. Ejem-kakam na razyýam bolsalar, Men seni hoşamay güllerden seçdim, Bu garyp göwnüme garşy gelseler, Lebleri bally mey dilbere duşdum. Nabelli taryplap siziñ waspyñy, Şahyrlyk borjumy bitirdim bu gün, Yşkda yatlap yary bilen dostymy, Öylening toy tutyñ çözülsin düwün. Goshgyn awtory Ruslan Hudayberdiyew

Köneler, ozik tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir