“Owadan sen, Owadan sen, Owadan...” Bu aýdym ýaňlanýar he säher,her şam. Ýöne bu gürrüňim aýdym hakda däl, Sen hakda,sen hakda,gara gaş uýam! Şol aýdym aýdylsa—keşdäňi taşlap, Kitabyňy ýygnap,saçlaryň çöşläp, Seredip ýokary, äňedip aşak, Kä yzyňa ýöräp, käte öňüňe, Aýnaň içindäki keşbiňi ogşap, Birine pyşyrdap berýärsiň salam, Birinden pyşyrdap alýarsyň salam. Soň bolsa “Eje jan,men owadanmy?” Diýäýjek, diýäýjek diýäýjek bolýaň. Asyl bir gezeg-ä diýdiň hem uýam! Şonda garry ene öz balasyndan Ýa-ha hoşal,ýa-da nägile bolup, Ogşapdy gözleriň pyýalasyndan. Sen bolsa ol posaň manysyn çözmän, Ýene öz ýoluňa bolduň rowana. Ne gözel ýigitler yzyňdan garap, Biri däli boldy,biri diwana. Bolmajagam bolsun, şeýle bir saçlar— Ölçemäge ýetmez kelte gulaçlar. Şeýle bir gabaklar,şeýle bir dişler Baksaň-ertä galjak şu günki işler. Şeýle bir göreçler,$eýle bir gaşlar Üç gün bakyp dursa,ölmezdi açlar. Şeýle bir ýaňaklar—reňki çirksiz, Şeýle bir barmaklar—boguny süňksiz. Gürrüňem etjek däl kirpikler hakda, Degse deşjek (taňrym, penaňda sakla!) Ýöne men şonda-da Owadanmyň, däl— Entek belli bir zat aýdyp biljek däl. Bir topar ot-suwdan geçeniňden soň, Ýetmiş ýanyp,segsen öçeniňden soň, Ajyny-süýjini içeniňden soň, Bir ýigidi saýlap-seçeniňden soň, Seçeniňden soň hem ol ýigit bilen Nije menzil ýoly Geçeniňden soň— Men diňe şondan soň, Şondan soň diňe, Owadanmyň, dälmiň— Aýdaryn saňa! Kerim Gurbannepesow

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir