Gözel gyzlar,juwan gyzlar, Gül ýüzli,hoş-zyban gyzlar. Bir rowaýat aýdyp berjek, Gadym, gadym zaman gyzlar. Bolanmyşyn zyba peri Dakynýarmy$ tylla zeri. Ýöne welin ýaman ýeri, Oýnar eken ýigitleri. Söýgi biziň ýolumyzda, Gurlup goýlan sessiz gapan. Heý barmykan dostlar oňa Düşmän sypan, aman sypan?! Söýgi atly şol gapana Düşenmişin garyp çopan. Garyp çopan çöküp dyza, Diýenmişin zyba gyza: Tä, habarymy alýançaň Dönmerin gyz, dönmen yza! Isle ur ýa gapa gul et! Şonda-da dönmerin yza! - Bir şertim bar synap görjek. Söýýänligiň çynyň bolsa- Şol minaradan özüň okla! Söýýänligiň çynyň bolsa! Ol minara belent eken Depesi baryp göge ýeten. Gözi bilen ölçäp ony, Ýylgyrypdyr garyp çopan. Her ädimde yza garap, Her ädimde gyza garap, Çopan gidýär– assa ýöräp. Gyz begenip tapanyna, Oýnamagyň çäresini, “Hany bar, nädýärkä?”- diýip, Iberipdir jorasyny. Bir salymdan jorasy hem, Ylgap gelýär sojap-haşlap, - Ol-a eýýäm ölüp ýatyr, Minaradan özün taşlap... Ol gyz ylgap baryp görse, Çopan oglan läş bolupdyr. Urunsa-da eýläk-beýläk, Nätjek! Boljak iş bolupdyr. Ol gyz hem özün oklapdyr, Şol minaraň depesinden. Bular şeýdip dynypdyrlar, Bu dünýäniň nepesinden! Gözel gyzlar, juwan gyzlar! Gül ýüzli hoş-zyban gyzlar! Siziň gödek oýnuňyzdan, Aman-aman,aman gyzlar!
Söýgi $erti
-
Auditor
13 years ago
- Aý tùweleme. Joralar yigtlermizi beytmäwerin, sheylede Turkmenistanda eshdi$ime görä shuwagt 4gyza 1oglan Diya. :-D
-
Bravo
13 years ago
- ananas limon gyzlar dp hem goshmaly ekeninz
-
ilyush
13 years ago
- Aý tùweleme. Joralar yigtlermizi beytmäwerin, sheylede Turkmenistanda eshdi$ime görä shuwagt 4gyza 1oglan Diya.
Auditor | 2011-05-25 11:30:18
akylly,arassa gyzlara degişli bolaýmasyn ol sanlaryň.a tak prastoý gyzlar babatynda ol sanlaryň tersinedir.
-
Friendship
13 years ago
- :-):-):-)
-
ADALATLY
13 years ago
- Sag bol dostjan.gaty gyzykly eken.
-
ilyush
13 years ago
- 4 gyza 10 oglan diýip okapdyryn,ýokardaky ýazanym tersiräk bolýar.
-
lukss89
13 years ago
- gaty gowy hem manyly aydym bu sagja bol dost yazanna.
-
Auditor
13 years ago
- Ilyush men edep terbiyani goz onune tutman po statistike aytdym, sizinkem dogry:-)
-
Friendship
13 years ago
- Aý, näche gyza näche oglan bolsa-da, beýle synaglar ýowuzrak bolýar.
-
jemaljan
13 years ago
- ay yoklay nadogry bolaymasa 4 gyza 1 oglan diyenin
-
idealman92
13 years ago
- 3 gyza 1 oglan
-
littil
13 years ago
- indi gyzlar bilen oglanlar deňleşdi.
-
Senem
13 years ago
- Edil beýdåýmelem dål ekenler:)
-
Friendship
13 years ago
- Gynansamam, sheýdäýipdirler-dä, senem!
-
ALADIN
13 years ago
- bu goshgyny köp aýdymcylar aýdym edip aýtýar.pälwan Halmyradow bet edip aýtýar gitarada aýdymyny.
Sag bol awtor
-
Senem
13 years ago
- Bolmandyr ol'a
-
Senem
13 years ago
- Bolmandyr ol'a
-
leylishka
13 years ago
- Ay ne tak u6 wpe4etlyayu6iy!
Friendship 13 years ago- Gyzlar, aýypla$mañ! :-):-):-)