Salam, agzalar! Meñ bir ulurak gyz tany$ym bardy obada. Oñ bilen gaty gynançly bir waka bolup geçipdi. Ýagny, oñ söý$en oglany bilen toýuna 2 hepde galanda, oglan awariýa bolup aradan çykypdy. Gowusy, men oñ öñräk bir ýazan zatlaryny size ýetireýin: "...durmu$ öz akymyny elden bermeýär... $oñ üçin her hili kyn ýagdaýa du$señiz-de edil durmu$yñ öz akymyny elden bermeý$i ýaly mert boluñ!!!!! Mähriban ýa$lar! men $u go$gyny ýürekden söýen ýaryma bagy$lap ýazdym. Ol $u dünýäden ötenem bolsa,ol meniñ üçin diri!!! $oñ üçin ýa$lara ýüzlenesim gelýär....dirikäñiz hiç haçan bir-biriniziñ göwnüne degmäñ, gadyryny biliñ.......... JAN ALLAJAN GAýTARSANA ýARYMY! Sata$dyñ sen maña mekdep döwründe, Bagtymy görüpdim mawy gözleñde, Söýgümi tapypdym $irin sözleñde, Jan Allajan,gaýtarsana ýarymy! Ýa$adym men diñe seniñ pikriñde, Ynanypdym söýýän diyip sözläñde, ýöne ynanmadym ho$ gal diyeñde, Jan Allajan,gaýtarsana yarymy! Diñ salyp men yüregimi diñlämde, Görjek bolup töweregimi gözlämde, Hyýalymda gezip yörsüñ bir yerde, Jan Allajan,gaýtarsana yarymy! Bolman geçen heläkçiligi oýlamda, Gozüm ýa$a dolyar seni yatlamda, Bolmayarmy seni Huday almanda, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Bütin ömrüm kül boldy-la bir günde, ählije zat gutaraýdy bir demde, Ny$anam galmady süyji arzuwda, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! toyumyza iki hepde galanda, Aglamaly bolupdym ba$ ujunda, Görjek görgüm eken,gara mañlay-da, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Seredip men seniñ $ol mazaryña, Ynanasym gelenok, jan, gidenine, öwren$ip bilemok sensiz günlere, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Ýüregmiñ içinde galdy köp sözler, Könelmeyän ymaratdyr göwünler, Surat deýin düy$e giryär o günler, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Söygi diymek baky diymek dälmidir, Eysem syrda$ däl-de bir hyýalmydyr, ýatsan-tursañ kellä geljek zatmydyr, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Boýnun burup bag hem bu gün yranýar, Mazaryñy görüp yürek urunyar, Ya$aran gözlermi yeller süpüryär, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Görsem beren bägül gülleñ solupdyr, Ot awuly tiken bolup bitipdir, ähli süyji sözler eyyäm diylipdir, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! yoklugyñda bu giñ dünyäm daralyar, seni yada salyp göwün aglayar, Bagrym dilim-dilim, yürek daglanýar, Jan Allajan,gaytarsana yarymy! Kerwen gurap geçip baryar ýyllar, Gözlermiñ nuruna yagtylyar dañlar, Toy diydik,yas boldy yrandy tallar, Jan Allajan,gaytarsana yarymy!"

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir