Bir wagtlar, bir patyşanyň akylly bir hyzmatkäri barmyş. Patyşa bu hyzmatkärine hezzet-hormat edip, köp-köp sowgatlar berermiş. Alỳan aỳlygy bolsa otuz adamỳň aljak hakyna deňmiş. Ýöne patyşanyň töweregindäkiler, onuň şol hymatkäre çäksiz sarpa goỳmagyna gabanypdyrlar. Bir gün patyşanyň huzuryna gelen adamlar: - Seniň bu hyzmatkäriň, otuz adamyň aklyna barabar beỳni ỳoklugyna garamazdan, näme üçin oňa otuz adamyň pul hakyny berỳärsiň, diỳip sorapdyrlar. Patyşa olaryň bu sowalyny gijiräk jogap berjekdigine söz berip, otuz ỳigitleri bilen bilelikde aw-şikara çykan. Patyşa ỳigitler bilen aw edip ỳörkä, uzakdan geçip barỳan bir kerwene gözi ilipdir. Patyşa ỳigitlerden birine: - Hany gitde sorap gör. Bu kerwen haỳsy şäherden gelỳärmiş, diỳipdir. Bir ỳigit gidip kerwenden sorapdyr we patyşa gelip: - Eỳ siziň ala hezretleriňiz, bu kerwen Reỳ şäherinden gelỳärmiş, diỳip habar beripdir. Patyşa: - Onda olar nirä barỳarlar? diỳip şol ỳigide soranmyş. Ýigit näme diỳjegini bilmän, dymmak bilen bolpudyr. Bu gezek patyşa başga bir ỳigidi göỳberipdir we oňa: - Bar gitde sora, olar haỳsy şähere barỳarlar, diỳip emir beripdir. Ýigit atyna atlanyp, şol kerwenden nirä barỳandyklaryny sorapdyr. Patyşaň ỳanyna dolanyp gelip, oňa: - Olar Ýemene barỳarmyş, diỳip jogap beripdir. Patyşa: - Kerwende nähili haryt barmyş, diỳip soranynda, bu-da hiç zat diỳip bilmändir. Patyşa bu gezek başga bir ỳigide: - Bar gitde nähili haryt getirỳandiklerini bilip gel, diỳip buỳruk beripdir. Şol ỳigit baryp ,kerwende Reyden gelỳäň gap-gaçlar bardygyny bilip, ony patyşa habar beripdir. Patyşa: - Bu kerwen Reỳden haçan gaỳdypdyr, diỳip soranmyş. Ol ỳigit-de muňa jogap berip bilmänidir. Ine şeỳdip otuz ỳigidiň hemmesi baryp-gelip, hiç haỳsysy hem şol kerwen hakynda ähli maglumatlary getirip bilmändir. Patyşa, otuz adamyň hakyny töleỳan hyzmatkärini hem edil şu synag bilen synap görenmiş. Ol hem gidip kerwen hakynda ähli maglumatlary bilip, patyşa ỳekeme-ỳek düşündirip, habar beripdir. Patyşa ỳigitlerine bakan : - Ynha görỳäňiz, otuz adamyň edip biljek işini, ỳekeje özi başardy. Otuz ỳigit gatnap bilen maglumatlaryny, bu akylly hyzmatkär bir barşynda bildi, diỳipdir. Patyşaň töweregindäkiler, onuň adyllygyna haỳran galypdyrlar. Hyzmatkäriň şol sylaglara mynasyp bir goç ỳigitdigine doly göz ỳetiripdirler. Ynsanyň özünde peỳda bolanlar, başyna gelenler, bähbitsiz bolsa, yhlas etmändigindendir. Özüne bähbitli bolsa ol hem yhlasyndandyr.

Köneler, Broker tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir