Adamlañ içinden gyl dek sogrulyp, Bir gün soñky ýola ugraryn menem. Geçip giden ýyllar yza öwrülip. Hiç haçan, hiç haçan dolanmaz ýenem. Dolanmaz yzyna ýigrim bäş ýaşym, Dolanmaz yzyna gojalygym-da. Güneş bilen şemal bilen hoşlaşyp, Ýiterin ýoklugyň gijeliginde. Ot gögerip mazarymyñ üstünde Gezegine bezär ony pasyllar. Ýyllar gider, Ýiter gider mazar-da, Bu topragy bezäp ýaşar nesiller. Gör neneñ hekaýat: Bolmasamam men, Adamlar ýaşajak, baky öljek däl. A men bolsa adamlardan aýrylyp, Bir minut hem ömür sürüp biljek däl.
Gör neneñsi hekaýat
-
ahmetjan18
13 years ago
- Adgjmptw gowja setirler.berekella
-
Friendship
13 years ago
- Tüweleme, seýran! Gyzyla gaplaýmaly setirler eken!
-
jeyn91
13 years ago
- gaty gowy goshgy berekella
-
nejepturkmen
13 years ago
- adamlar ýaşajak, baky öljek däl.
a men bolsa adamlardan aýrylyp,
bir minut hem ömür sürüp biljek däl.
Ajaýyp goshgy.dost.sagja bol!
-
Auditor
13 years ago
- Sapa hany gyzyl gapyrjak tap menä $uny gaplamasam durup bilemogay
-
Abadan
13 years ago
- hakyky durmus,berekella adgjmptw.
-
Ayjagash
13 years ago
- Manyly, gowy goshgy eken adgjmptw. Sag bolun.
-
Friendship
13 years ago
- Wah, $u dara-direde gyzyl gapyrjagy nireden tapsamkam, Gülnar?!:-):-)
seýran, onsuzam bu setirleri gyzyla gaplap goýdum hasap edäý! Saýtymyza dü$dümi, gyzyla gaplandygydyr. Sebäbi, talyplarstanda gyzyl ýaly adamlar ýa$aýar-a!
-
Mergen0492
13 years ago
- Gaty Gowy goshygy,adgjmpt sagbol,senki yalak goshgulary koprak yazaysalar
-
Maykl
13 years ago
manyly goshgy, sag boluñ adgjmptw
littil 13 years ago- adgjmptw gowy goşgy eken spasiba.