Eýranyň Mary şäherindäki täze Baş konsulyna ekzekwatura gowşuryldy

18-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherine täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaş...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Aý ýüzünde täze ýara: SpaceX raketasynyň urgusyndan galan krateriň suraty peýda boldy

NASA Aýda dörän täze krateriň suratyny neşir etdi. Ol 5-nji awgustda Aýyň ýüzüne SpaceX raketasynyň tizleşdiriji blogy gaçandan soň emele gelipdi.

Agentligiň maglumatlaryna görä, raketanyň bölegi Ýeriň hemrasyna sagatda, takmynan, 8700 km tizlik bilen uruldy.

Çaknyşma bolan ýeri NASA-nyň Aýyň orbitasynda uçup ýören Lun...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Serdar Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyryş işleri bilen tanyşdy

19-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Bäherden etrabynyň «Arçman» şypahanasyna bardy. Bu ýerde ol täze bejeriş toplumynyň gurluşygy we käbir binalaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Hytaý gaýtadan ulanyp bolýan raketany uçuryp, ilkinji gezek gury ýere gondurdy

Hytaýyň hususy LandSpace kosmos kompaniýasy Zhuque-3 (ZQ-3) täjirçilik maksatly raketa göterijisini uçurdy.

Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň habaryna görä, bu ýurduň taryhynda uçuşdan soň gury ýere üstünlikli gonan ilkinji raketadyr.

ZQ-3 ýerli wagt bilen ir sagat 7:35-de (Aşgabat wagty bilen 4:35) Szýusýuan kosmodrom...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Innowasiýa, kosmos we küşt: «Kids Expo» halkara sergisinden gyzykly pursatlar

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Ol çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kärhanalary bir ýere jemledi.

Giň gerimli çärä Russiýa, Türkiýe, Germaniýa, Ýaponiýa, Eýran, ABŞ ýaly dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan gelen ko...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Stellantis özüniň milliona golaý ulagynda näsazlyk tapdy

Stellantis kompaniýasy ABŞ-da yzy görkezýän kameranyň displeýindäki näsazlyk zerarly, takmynan, 850 000 ulagy yzyna çagyrýar. Meselä programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy sebäp bolýar.

Ýene 107 000 ulag Kanadada, Meksikada we beýleki ýurtlarda yzyna ýygnalýar.

Kompaniýa kemçilik bilen baglanyşykly hiç hili heläkçilik ýa-...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, 3 weeks ago


«Barselona» DÇ-2026-nyň iň gowy oýunçysyny aldy, Serhio Busketsi hem yzyna çagyrdy: esasy transferler

«Barselona» indi resmi ýagdaýda tomsuň iň uly transfer kampaniýalarynyň birini geçirdi. Klub Ispaniýanyň ýygyndysynyň we «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Rodriniň geçendigi barada yglan etdi.

2024-nji ýylyň «Altyn topunyň» eýesi we 2026-njy ýylyň dünýä çempiony bolan 30 ýaşly futbolçy «Barselona» bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna...

Dowamy »

70 0
Sport, 3 weeks ago


Dünýä we Ýewropa çempiony Patrik Wieýra Senegalyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellendi

Patrik Wieýra Senegalyň milli futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň futbol federasiýasy habar berdi.

Hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti takyk aýdylmady.

50 ýaşly Wieýra iýul aýynda Dünýä çempionatynyň 1/16-njy tapgyrynda Belgiýadan ýeňilenden soň wezipesinden aýrylan Pap Týawyň...

Dowamy »

68 0
Sport, 3 weeks ago


Ýaponiýa Marsyň hemrasyndan toprak alyp gaýtmak üçin kosmos gämisini ugradýar

Ýaponiýanyň aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) Marsyň iki hemrasynyň biri bolan Fobosdan toprak nusgalaryny getirmek üçin niýetlenen Martian Moons eXploration (MMX) maksatnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar.

Uçuşy ýakyndaky aýlarda Tanegasima kosmodromyndan amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Nusgalar alnan kapsulanyň Ýere takmyn...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 3 weeks ago


BAE dünýäde ilkinji bolup witiligo keseliniň bejergisi üçin gerdejik dermany tassyklady

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) dünýäde ilkinji bolup, ýaýraň witiligo keseliniň bejergisi üçin gerdejik görnüşdäki dermany makullady. Khaleej Times gazetiniň habar bermegine görä, bu derman ulgamlaýyn bejergi talap edýän, 12 ýaşdan uly adamlara niýetlenendir.

BAE-niň Derman serişdeleri boýunça edarasy (EDE) RINVOQ (upadasitinib) diý...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Google Hytaýdan gidýär: kompaniýa Pixel smartfonlarynyň önümçiligini Wýetnama geçirer

Google tehnologiýa ägirdi 2027-nji ýyla çenli Pixel smartfonlaryny Hytaýda ýygnamagy doly bes etmek isleýär. Bu niýeti barada kompaniýa hyzmatdaşlaryna resmi ýagdaýda duýdurdy.

Soňky ýyllarda Google Hytaýdaky üpjünçilik zynjyryna garaşlylygy azaltmak üçin, Wýetnamda we Hindistanda öz kuwwatlyklaryny işjeň giňeltdi. Önümleriň agramly...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Türkmenistanyň Prezidenti «Kids Expo» sergisiniň gatnaşyjylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamdow «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna gutlag hatyny iberdi. Onuň teksti TDH agentliginiň saýtynda çap edildi.

«Ata Watanymyzda ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, iň kämil tilsimatlardan...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Maňgyşlakda altyn köwüşli zenanyň 1500 ýyllyk gubury tapyldy

Gazagystanyň günbatarynda arheologlar ýerli asylzada maşgaladan bolan ýaş zenanyň 1500 ýyllyk guburyny tapdylar. Onuň öz döwrüniň ýokary gatlagyna degişlidigini owadan hem kaşaň lybasy, şol sanda altyn şaýly aýakgaby subut edýär diýip, Arkeonews habar berýär.

Mazar Maňgyşlak ýarym adasyndaky Karakabak gonamçylygynda, häzirki Aktau şä...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Ýewropa agyr hasylsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy

Fransiýadaky, Italiýadaky we Ispaniýadaky bakja hem-de galla önümlerini öndürijiler uzaga çeken yssy we gurakçylyk sebäpli hasylyň örän pes alnandygyny mälim etdiler. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Ýewropanyň iň iri galla öndürijisi bolan Fransiýada mekgejöwen hasyly 35%-e, ýagny 9 million tonna çenli peseler. Şeýle görk...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 3 weeks ago


150 ýyl soň öýüne dolandy: Awstraliýada 1870-nji ýyllarda alnan kitap indi yzyna gaýtaryldy

77 ýaşly awstraliýaly Ross Simmons Kiýama şäheriniň kitaphanasyna, takmynan, 1870-nji ýyllarda alnan kitaby yzyna gaýtardy.

«Afinanyň gadymylyklary» (The Antiquities of Athens) atly bu kitaba Simmonslar uzak wagtlap ünsem bermändirler. Ýogsam onuň öýde tapylanyna 30 ýyl dagy bolupdyr. Kitaby abatlaýyş işleri geçirilende ojagyň diwary...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Türkmenistan we Ýaponiýa aýlawly ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk eder

17-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda ROTOBO bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara al...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Amerikaly zenan 1 mln dollaryny mugallymlara paýlady

Kaliforniýanyň Marin etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Kristi 1 mln dollar möçberdäki puluny mekdep mugallymlaryna paýlady. Bu barada People neşiri habar berýär.

​Waka 13-nji awgustda bolup geçdi. Şol gün Ross-Welli mekdep etrabynda zähmet çekýän 110-a golaý mugallym adaty iş duşuşygyna çagyrylandyrys diýen pikir bilen mekdebe ýygnandylar. Em...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Fransiýada çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek hakyndaky kanun petiklendi

Fransiýanyň Ýokary kazyýeti 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek baradaky kanun taslamasyny petikledi. Resminama 1-nji sentýabrdan güýje girmelidi diýip, «Reuters» habar berýär.

Kanun taslamasy 15 ýaşdan kiçi şahslaryň sosial torlarda akkaunt döretmegini gadagan etmegi göz öňünde tutýardy. Eýýäm açylan sahypalary...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Türkmenistan BMG-de parahatçylyk, howa we ulag babatda başlangyçlary öňe sürer

Türkmenistan Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäginde halkara parahatçylyk we howpsuzlyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş, ulag, howa, sanly tehnologiýalar hem-de halkara hukugy babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda aýdylýar.

...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 3 weeks ago


«Arkadagyň» AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Kuala-Lumpurda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 2026/2027 möwsümi üçin toparçalaýyn tapgyryň bije çekilişigi geçirildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony — «Arkadag» futbol klubunyň garşydaşlary belli boldy.

Türkmen topary B toparça düşdi, bu ýerde onuň bäsdeşleri Birleşen Arap Emirliklerinden «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Goha...

Dowamy »

66 0
Sport, 3 weeks ago


Täze «Möý adam» 19 günde $2 milliarddan köp gazandy

«Möý adam: Täze gün» filminiň dünýä boýunça kassa ýygymy premýeradan soň 19 günüň içinde 2,02 milliard dollara ýetdi. Bu görkezijä ondan tiz diňe 2019-njy ýylyň aprelinde bary-ýogy 11 günüň dowamynda şonça ýygnan «Ar alyjylar: Final» filmi ýetipdi.

Franşizanyň täze bölümi prokatyň başyndan bäri ýokary netijeleri görkezýär. Ozal bu fi...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Türkmen alymlary topragy nebit önümlerinden arassalamagyň biologik usulyny oýlap tapdy

Türkmenistanda nebit-gaz ulgamy üçin iki sany täze çözgüt işlenip taýýarlandy we patentleşdirildi. Bu barada «Türkmennebit» saýty habar berýär.

Birinji çözgüt nebit önümleri bilen hapalanan topragy düýpli arassalamagyň we dikeltmegiň biologik usulydyr. Ol tomusky yssy hem-de topragyň şorlaşmagy şertlerinde agyr uglewodorodlary bölmäg...

Dowamy »

55 0
Täzelikler, 3 weeks ago


Taýwan EA-nyň getirýän girdejisinden raýatlara $314 paýlamagy meýilleşdirýär

Taipei Times neşiriniň habar bermegine görä, Taýwan häkimiýeti 2027-nji ýylda «emeli aňdan gelýän girdejiler» maksatnamasynyň çäginde her bir raýata 10 müň täze taýwan dollaryny (takmynan $314) tölemegi meýilleşdirýär. Bu barada adanyň administrasiýasynyň baştutany Wilyam Laý mälim etdi.

Laý bu maksatlar üçin býujet taslamasynda 235,...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, 3 weeks ago


FT: Klub eýeleriniň agzalalygy zerarly «Çelsiniň» paýnamalary satlyga çykaryldy

Amerikaly maýadarlar Todd Boeli we Mark Wolter «Çelsi» futbol klubundaky paýlaryny onuň esasy (mažoritar) eýesi bolan Clearlake Capital maýa goýum kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu hakda ýagdaýdan habardar çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) neşiri ýazýar.

Taraplar bu meseläni öň hem birnäçe ýyllap maslahat...

Dowamy »

65 0
Sport, 3 weeks ago


Aşgabatdan Stambula, Kazana we ýene 3 şähere howa gatnawynyň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e, Kazana bolsa dörtden alta çenli artdyrar. Bu üýtgeşmeler awiakompaniýanyň täze uçuş tertibinde görkezilen.

Türkiýäniň Stambul şäheri ugry boýunça çarşenbe gününe goşmaça gatnaw ýola goýlar. Şeýlelikde, Aşgabat bilen Sta...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, 3 weeks ago