“Barselona” futbol kluby Kongo Demokratik Respublikasy bilen dört ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşmaga ýakyn. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, klub her ýyl 11 mln ýewro alar. Şertnamanyň umumy mukdary 44 mln ýewro bolar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Barselonanyň” köýnekçeleriniň yzky böleginde “RDC, cœur de l’Afrique” (“Kongo DR – Afrikanyň ýüregi”) ýazgysyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Kongonyň sport we dynç alyş ministri Didýe Budimbu eýýäm birnäçe hepde bäri katalon klubunyň wekilleri bilen gepleşik geçirýär. Bu şertnama “Barselona” La Ligada hereket edýän feýr-pleý düzgünleriniň çäklerinde 1:1 maliýe görkezijisine ýakynlaşmaga mümkinçilik berer. Ozal Kongo DR bilen şeýle hyzmatdaşlygy “Monako” fransuz kluby baglaşdy. Iýun aýynda ol Afrika ýurdunda futbol infrastrukturasynyň ösüşine gatnaşmagy göz öňünde tutýan hyzmatdaşlyk barada resmi taýdan yglan etdi. Ylalaşyk gazanylan ýagdaýynda, “Barselonanyň” futbolçylarynyň köýnekçelerindäki üýtgeşmeler diňe ýazgy bilen çäklenmez. Iýul aýynyň başynda klub 2025/26 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürläpdi. Ol toparyň tehniki hemaýatkäri bolan Nike amerikan brendi tarapyndan taýýarlandy. “Eşik mirasy innowasiýalar, däp-dessurlary bolsa geljek bilen utgaşdyrýar. Nusgawy gök-gyzyl zolaklar “Barsanyň” futbol stiliniň iki esasy häsiýetini – hereketi we energiýany goşýan täze reňk öwüşginleri bilen üýtgedildi. Diagonal boýunça zolaklary kesip geçýän gyrmyzy öwüşgin dinamizm we tizlik duýgusyny döredýär. Bu oýun günleri köçelerde we stadionlarda pasyrdaýan klubuň baýdaklaryna hormatdyr. Ol ýerli we global derejede nyşana öwrüldi” – diýlip, klubuň saýtyndaky relizde aýdylýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir