Beýik Britaniýada Warner Bros. studiýasynda ýaş jadygöý Garri Potter barada serial surata düşürilip başlandy. J. K. Roulingiň ýedi kitabyny öz içine aljak serialyň premýerasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, Warner Bros. we taslamanyň önümçiligine jogap berýän HBO teleýaýlymy habar berdi. HBO Instagram-da surata düşüriş meýdançasyndan ilkinji suraty paýlaşdy. Onda Garri Potteriň keşbi üçin tassyklanan aktýor Dominik Maklaflin serialyň baş gahrymanynyň obrazynda dur. Ol elinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly senesini görkezýän numeratory saklaýar. Mundan başga-da, HBO ozal atlandyrylmadyk käbir keşpleri ýerine ýetirijileriň atlaryny yglan etdi. Şeýlelikde, Newilli (Garriniň topardaşy) Rori Uilmot, doganoglany Dadli Dursly – Amos Kitson, hanym Rolanda Trýugy – Luiza Brili, Garrik Olliwanderi bolsa Anton Lesser oýnar. HBO Garri Potter älemi boýunça serialyň üstünde işleriň başlanjakdygyny 2023-nji ýylda yglan etdi. Döredijiler onuň “meşhur kitaplaryň takyk uýgunlaşmasynyň” boljakdygyny belledi. 2024-nji ýylyň güýzünden bäri şourannerler baş gahrymanlar üçin aktýorlary gözledi. Açyk kastinge 30 müňden gowrak çaga gatnaşdy. Baş keşpler üçin aktýorlar 2025-nji ýylyň ýazynda saýlandy. Germiona Greýnjeriň we Ron Uizliniň keşplerini Arabella Stenton we Alaster Staut ýerine ýetirýär. Beýik Britaniýada serialy surata düşürmek üçin kiçi şäher gurulýar. Ol 1 mlrd funt sterlinge (1,25 mlrd dollar) düşer. Bu ýerde aktýor çagalar bilim almagyny dowam etdirip biler ýaly kiçi mekdep bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir