Ata Watan
Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergä we foruma gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylary gutlady.
"Türkmen zenanynyň zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýr...
“Maklareniň” sürüjisi Norris Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1-iň” Monte-Karlonyň ýolunda geçirilen sekizinji tapgyrynda ýeňiji boldy.
Ikinji bolup pellehana “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler geldi. Öňdebaryjylaryň üçlügini Norrisiň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri jemledi.
Norris üçin bu Awstraliýanyň Gran-prisinden...
Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi
Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr.
Häzir robotlar Inçhon halkara howa menziliniň çäginde işleýär we olar...
BYD aprel aýynda Ýewropada ilkinji gezek elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi
2025-nji ýylyň aprel aýynda Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropada elektromobil satuwy boýunça ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçdi. Muňa gümrük paçlary-da, transport çykdajylary-da päsgel bermedi diýip, Jato Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg ýazýar. Statistika ÝB ýurtlaryny we Beýik Britaniýany öz içine alýar.
Hytaý awtoöndürijisi ap...
Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär
ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy.
“Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym...
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi
2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi.
Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlan...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem-de Türkmenis...
X sosial ulgamynyň işinde dünýä derejesinde bökdençlik bolup geçdi
X (ozal Twitter) sosial ulgamyny ulanyjylar platformanyň işleýşinde näsazlygyň bolmagyndan zeýrenýär. Muny onlaýn hyzmatlaryň işindäki bökdençliklere gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň maglumatlary delillendirýär.
Şikaýatlaryň köpüsi ykjam goşundynyň işleýşi bilen baglanyşykly. Käbir ulanyjylar saýty ulanmakda hem meseleleriň bardygyny...
Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy
“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi.
Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy. Ol 28 gol geçirdi we 18 assist etdi. “Liwerpul” bilen bilelikde Sal...
Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Ženewada geçirilen ATP ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Ýaryşda ikinji belgi bilen ýerleşdirilen 38 ýaşly türgen finalda dünýäniň 31-nji raketkasy, polşaly Hubert Hurkaçy 5:7, 7:6 (7:2), 7:6 (7:2) hasabynda utdy.
Şeýlelikde, Jokowiç karýerasynda ýekelikde 100-nji ATP titulyny gazandy. ATP Tour-da (1990-njy ýy...
“PSŽ” taryhda 16-njy gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi boldy
“PSŽ” Fransiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Reýmsi” utdy. Duşuşyk “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we Pariž toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.
16-njy we 19-njy minutlarda Bredli Barkolýa iki gol geçirdi. Üçünji topy tora 43-nji minutda Aşraf Hakimi girizdi.
“Pari Sen-Žermen” üçin bu eýýäm 16-njy Fransiýanyň Kubogy boldy...
BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi
BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy. Ulagyň öň bölegi hem meňzeş: ol “akula burnuna”, meňzeş tehnika we yşyklandyrylan radiator gözenegine eýe boldy.
Spee...
Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler
Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi.
Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar. Ol Skorsezeniň özi bilen açyk gürrüňdeşliklere, şeýle-de onuň ýakynlary, dostlary we awtordaşlar bilen öň neşir edilmedik söhbetdeşl...
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar
Disney studiýasy “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirildi.
Aktýorlar düzümi heniz belli däl. 2022-nji ýylda aktrisa Enn Heteueý filmiň dowam etmeginiň mümkindigine şübhe bildiripdi, ýöne şeýle taslamany...
Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy
Ýaponiýada Toyota Crown sedanynyň ýörite wersiýasy satylyp başlandy, ol modeliň 70 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu wersiýa Crown Special Edition Z «The 70th» adyny aldy.
Model Mercedes-Maybach awtomobilini ýatladýan kuzowyň iki reňkli boýagy bilen tapawutlanýar: onuň üsti Precious Metal kümüşsöw reňkinde, aşaky bölegi bolsa ak ýa-da gara perlamutr...
Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar
Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler.
Häzirlikçe gürrüň Aviointeriors italýan kompaniýasynyň Skyrider 2.0 modeli barada gidýär. Bu oturgyçla...
Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar
Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär.
Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir. Daniýada häzir pensiýa ýaşy 67 ýaş. 2030-njy ýylda ol 68 ýaş, 2035-nji ýylda 69 ýaş, 2040-njy ýy...
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary kabul etmegi gadagan etdi
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdi. Içerki howpsuzlyk ministrligi uniwersitete alyş-çalyş boýunça talyplary kabul etmäge mümkinçilik berýän maksatnama gatnaşmagyny haýal etmän ýatyrmak barada hat iberdi diýip, The New York Times ýazýar.
Indi Garward daşary ýurtlulara ABŞ-a talyp wi...
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi.
“Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr. The Hollywood Reporter-iň ýazmagyna görä, sýužet eýranly re...
Hytaý Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Hytaý tarapy, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýar. Bu barada Mejlisiň başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary wagtynda bellenildi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler m...
Türkmenistanda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň günbatar we gündoga...
Türkmenistanda galla oragyna taýýarlyk görülýär
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendir...
Aşgabatda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hormatly Prezidentiň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar be...
Türkmenistada 3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtda köpçülikleýin welosipedli...
Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak üçin raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrýar
23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, ýurtda ulag ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ba...