Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi. Pol kitaba Most Valuable Promotions (MVP) promouter gullugynyň başlygy hökmünde girdi. Bu çärede absolýut dünýä çempionlarynyň gatnaşmagyndaky söweşleri hem goşmak bilen, bäş sany titul söweşi boldy. Agşamyň esasy söweşinde Keýti Teýlor eminler köplüginiň karary bilen Amanda Serranony ýeňdi we 63,5 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony diýen ady gorady. Bilelikdäki ýaryşda Alisiýa Baumgardner 59 kilograma çenli agramda Jennifer Mirandany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazanyp, absolýut çempion derejesini saklady. Çerneka Jonson Şuretta Metkalfy möhletinden öň ýeňdi - emin dokuzynjy raundda söweşi saklady. Jonson 53,5 kilograma çenli agram derejesinde absolýut çempion diýen ady saklady. Elli Skotni eminleriň biragyzdan gelen karar bilen Ýamilet Merkadony ýeňdi we 55,3 kg agram derejesinde WBC-niň, IBF-iň we WBO-nyň titulyny gazandy. Şedeýşa Grin eminleriň bölünen karar bilen Sawanna Marşaly ýeňdi we 76,2 kg agram derejesinde IBF-iň we WBO-nyň çempiony boldy.