Näme sen ?

Bagtymmy sen? Maňlaýa ýazylmadyk,
Ak atymmy arzuwlap münülmedik?
Ýa-da ol jylawsyz näzik duýgymmy?
Göwhermi sen boýnuma düzülmedik ?

Tesellimmi ezýet çeken mahalym?
Böwedimmi gelen wagty gaharym?
Gyşda doňan ýüregimi eretjek,
Belki sensiň, çogum boljak baharym .

Bedenime kuwwat...

Dowamy »

660 3
Edebiýat, 3 years ago


Seň baryňda

Seň baryňda dünýäm gözel, lälezar,
Gursagyňda egsilmejek mähir bar,
Eziz allam etmäwersin saňa zar,
Il içinde ýetik arzyň jan ejem.

Perzentleriň ojagyny düzedip,
Hemmämize ýüregiňde ýer edip,
Abatlyga guwanýarsyň seredip,
Dowam tapýar ömür ýazgyň jan ejem.

Syndyrmajаk bolup se...

Dowamy »

637 0
Edebiýat, 3 years ago


Gitsem

Söýgi giden umman bolsa,
Balyk bolup çümüp gitsem.
Suwsan teşne ýüreklere,
Aýdym bolup sişip gitsem.

Göripleriň gybatyny,
Diňe dymyp ýeňip gitsem.
Kalbyň pynhan künjeginde,
Heýkel bolup doňup gitsem.

Dertleri, gaýgy-hasraty,
Zynjyr bolup daňyp gitsem,
Hiç baýlyga...

Dowamy »

683 3
Edebiýat, 3 years ago


Aýal doganlar bilen (Degişme)

Ýatdan çykar bar ýadawlyk şo bada,
Boşar çäýnek bary, saklamaz kada,
Sagadyň dilleri hiç düşmez ýada,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Gürrüň gyzar, janyň sesi diňlenmez,
Näçe aýtsaň diýjek zadyň soňlanmaz,
Ýaglyk nirde, topby nirde geňlenmez,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Ýagyş...

Dowamy »

788 3
Edebiýat, 3 years ago


Ýagşy- ýaman

Ýagşy- ýaman
"Ýagşylyga ýagşylyk,
Her kişiniň işidir.
Ýamanlyga ýagşylyk
...

Dowamy »

809 9
Edebiýat, 3 years ago


Talyplarymyz

Ödäp döwrüň talabyny,
Bilim alýan talyplarymyz,
Elden goýmaz galamyny,
Bilim alýan talyplarymyz.

Kitap göterip ýanynda,
Okap, öwrenip, aňynda,
Maksatlar goýup öňünde,
Bilim alýan talyplarymyz.

Hünär alyp taplanýarlar,
Barha öňe batlanýarlar,
Bäsleşýärler, şatlaný...

Dowamy »

734 1
Edebiýat, 3 years ago


"Eje" öz göwnümden geçenler...

Eje
"Eje" şeýle jana ýakymly söz. Eger-de sen "eje" sözüni aýdyp, ony gujaklap, her gün bileje çaý içip, dertleşip bilýän bolsaň onda sen dünýädäki iň bagtly adamsyň. Ynsana iň ýakyn adam, ejedir! Ilki bilen seni 9 aýlap göwresinde göteren, soňra bolsa dünýä getiren biziň mähriban kyblamyz ejemizdir. Sen dünýä gelen wagtyň ejeň şeýle bir beg...

Dowamy »

729 1
Edebiýat, 3 years ago


Soygi mahri!!

Gadym zamanlarda bir yurdun in akyly adamyna seyle sowal beripdirler:"Ey danam!Soyguni yone dilinde,sozleyanler bn soyguni duyup yureginde saklayanlaryn arasynda nm tapawut bar dp sorapdyrlar?" Yanky dana seyle dpdir:men muny dilde aydyp otyrmayyn,men muny size gorkezeyin diyipdir.Dana bir gun Soyga dusunmeyanleri yagny,soyguni duyup bilmeyan adaml...

Dowamy »

871 2
Edebiýat, 3 years ago


Sen ucin

Ilki basda janym dp sozledin
Bir bilsedim gownunde ne besledin
Sana bolan duygularmy pesledin
Duygularym oyundymy sen ucin


Soygum bardy sana olmez ocmejek
Basgasyna gyya gozde bakmajak
Diysemde sensiz gunim gecmejek
Pakje soygum yalandymy sen ucin


Senin adyn dil...

Dowamy »

765 1
Edebiýat, 3 years ago


Degişeliň gülişeliň

- Toýda gelin getirmek üçin bezelen maşynynyň ýokarsyndaky iki sany halka nämäni aňladýar?
- Başlangyç hasabyň O:O -dygyny aňladýar.


Bir obada arak köp içýänleri zerarly obaň başlygy her hili çäre görüp çykypdyr. Bolmandyr arak içýänleriň sany gün-günden köpelipdir. Bir günem oň ýanyna samsygrak alkaşlaň biri gelip:

Dowamy »

929 2
Täzelikler, 3 years ago


AKYLLY GYZ

Ir döwürde alys ýurtlara gidip, söwda bilen meşgullanýan bir söwdagär bar eken. Ogul perzendi bolmansoň, ol maşgalasyndaky ýetişen gyzlarynyň üçüsini-de gaty gowy görer eken.

Bir gezek ol uzak ýola söwda ugramakçy bolanynda gyzlaryny ýanyna çagyryp: “Näme sargydyňyz bar bolsa aýdyň!” diýipdir. Şonda onuň iň uly we ortanjy gyzy atasy...

Dowamy »

771 1
Edebiýat, 3 years ago


Resulberdi Rahmanow - Dünýede (gowy goşgy)

Ýalançy dünýäde ýalanlañ sany
Geçýär diýp çeninden ideýän hany
Diýýän aýdýan gury sözlem bimany
Bolup galýar diñlenmänjik dünýede

Bu dünýe teatr bizem aktýor
Berilen rollary oýnaýarys hor
Kimkä produssor kimkä režisýor
Bile bilmän geñirgenýäñ dünýede

Öñüñde sahna dur perde çeki...

Dowamy »

718 1
Edebiýat, 3 years ago


Söýginiň üç alamaty

Söýgi hiç haçan şowsuzlyga uçratmaýar.

Zig Zaglar
Söýginiň ýaşamagy we başgalaryň ony duýmagy üçin onuň alamatlaryndan habarly bolmaly.

Hakyky söýginiň üç sany alamaty bardyr. Olaryň birinjisi ideg etmekdir. Ideg bolmasa, söz bilen beýan edilen söýgi hakyky söýgi däldir. Ol özüň we başgalaryň öňündäki aldawdyr....

Dowamy »

725 2
Edebiýat, 3 years ago


Bagtly bolmak hakda...

1. Öz ýakynlaryňyzy söýüň. Öz söýýäniňize wagtyňyzyň köpüsini sarp ediň hem-de ýygy-ýygydan özüňizi bagtly saýyň!

2. Öz söýýän käriňize kän güýç sarp ediň. Eger-de siz öz işinizi söýýän bolsaňyz, mümkin bolsa köpräk işläň. Eger-de söýmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge çalşyň, şeýle etseňiz, ahyrky netijede bu siziň uçinem, jemgyyet uçine...

Dowamy »

668 1
Täzelikler, 3 years ago


Gyz-Gelin waspy...

Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,
Diňe adatam dal, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Yol, apatam ona gurbanlardandyr.

Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Yaňagy saherden ýasalan ýaly,
Gabagy mahirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.

llerniň barmagy misl...

Dowamy »

656 2
Edebiýat, 3 years ago


Täsinlikler

1. Dogabitdi kör adamlar düýş görenoklar. Olar düýşi ysgap, elläp, edidip bilýärler.

2. Berilli(himiki metalyň ady)-den ýasalan pružinler ömürlik diýilenýaly. Olar 20 milliard gezek açylyp-ýapylmaga ukyply. Ine şu sebäpli hem berilliý-metaly "ömürlik argynsyz-ýadawsyz" ada eýedir. Meňzeş edilip ýasalan beýleki polat pružinler bolsa b...

Dowamy »

785 2
Bilim, 3 years ago


Görmeksiz gyz

Ine, barýaň umydyna büdräp ,
Egnin horlugyňa utanyp çala ,
Uzakda orkestor joşup –titräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile .


Hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden ,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly .
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden ,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.


U...

Dowamy »

669 2
Edebiýat, 3 years ago


Ynan

Sen menden kä zady gaty görmegin,
Sen menden kän zady gaty görmegin.
Asla ýokdur giperbola, toslama.
Saňa ýaramaýan teleke işi
Eder öýdüp oslama
we şulary bil:

Ýetmezňe urnaň bolmasam,
Bagtyňa gurban bolmasam,
Toýuňda porhan bolmasam,
Bolasym gelmeýändir öýtme!

Sa...

Dowamy »

628 4
Edebiýat, 3 years ago


Kalbymyň syry

Gulak goý, aýdaýyn saňa bir zady,
Seni söýüp bilmen şundan aşa ýar.
Çünki meniň söýgi doly kalbymda
Senden başga ýene biri ýaşaýar.

Senden öňem ýaşaýardy, ýaşar ol,
Şudur söýgä hem özüme kasamym.
Öňde-soňda bagra basmaly bolsa
Ony senden öň bagryma basaryn.

Ýok-ýok, senden ýüz...

Dowamy »

594 0
Edebiýat, 3 years ago


Gelin-gyzlar sizi tuys yuregimden gutlayan

Hemmäňize salam! Gelin-gyzlar siziň 8-bji mart baýramyňyz bn tüýs ýürekden gutlaýaryn! Hemmäňiziň janyňyz, sag ömrüňiz uzak, mashgalaňyz bn bagtly durmushda ýashamagyňyzy arzuw edýärin. Ähli eden arzuwlaryňyz hasyl bolsun!
BAÝRAMYŇYZAM GUTLY BOLSUN!!!

Dowamy »

700 13
Täzelikler, 3 years ago


Ertiriňiz haýyrly bolsun!

Hemmäňize salam, ertiriňiz haýyrly bolsun! Bu gün siziň ishinizse, okuwynyzda üstünlikler ýaran bolsun!

Dowamy »

759 10
Sorag-jogap, 3 years ago


Bashim Atayew - Ulygyz

Sena ulugyzdyn zulplerin towly,
Menem bir mashgalan korpeje ogly.

Mena "Soyyan” diyip sayran bolardym,
Senem moncha bolup aynan bolardyn.

Hemishe gizlenip goz bilen dilden,
Bileje yorardik gumaksy yoldan.

Ir saherden baryp atyzly pele,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.

Dowamy »

712 4
Edebiýat, 3 years ago


Bagt näme?

bagt näme diýseler maldyr öýtmäň adamlar,
malyň bolsa köpelermiş gyrasyndan gädenler,
daşyň dolar şagaldan tilki gurtdan azanlar,
maýyn tapsa agyz urar malyňdan ýa jynyňdan!

bagt näme diýseler puldyr öýtmäň adamlar,
puluň bolsa köpelermiş dost men diýen nadanlar,
daşyň dolar gözelden ýüzüňe ýalan g...

Dowamy »

744 8
Edebiýat, 3 years ago


Geliň gülşeliň

Bir oglanjyk köçede gezip ýörka birden tuwalet
gystaýa, ol sandyrap nirä gitjegini bilmän öňräkde
oturan ýaşulydan soraýar:
- ýaşuly! hajathana barmy, nirede?!
- Hol çaýhanany görýäñmi?
- Hawa! - Şol çaýhananyñ eýesi häzir daşary ýurtda ýaşayar,
çaýhanasyny gaty gymmada satyp gitdi... sen şondan
saga...

Dowamy »

912 5
Täzelikler, 3 years ago


Bill Geýtsden ýaşlar üçin 5 maslahat

1. Okuwyňa ähmiýet ber!

Mekdebi doly okaman taşlap, iş durmuşyna başlan Bill Geýts, ýaşlara okuw ýyllaryna gowy baha bermegi we mugallymlaryna ýokary baha bermegi buýurýar. Şeýle hem, öz ýolbaşçylaryny tanandan soň mugallymlaryny has gowy ýatlajakdyklaryny degişme şekilde aýdýar.

2. Wagtyň gadyryny biliň!

...

Dowamy »

857 33
Bilim, 3 years ago