1. Dogabitdi kör adamlar düýş görenoklar. Olar düýşi ysgap, elläp, edidip bilýärler.
2. Berilli(himiki metalyň ady)-den ýasalan pružinler ömürlik diýilenýaly. Olar 20 milliard gezek açylyp-ýapylmaga ukyply. Ine şu sebäpli hem berilliý-metaly "ömürlik argynsyz-ýadawsyz" ada eýedir. Meňzeş edilip ýasalan beýleki polat pružinler bolsa bary ýogy 300-400 müň gezek açylyp-ýapylmaga ukyplydyr.
3. Ylym-bilime näbelli sebäplere görä 2006-njy ýyldan bäri, ýer ýüzünde bal-arylarynyň sanawy gaty bahym azaldy. Eger şu ýagdaýda gitse, onda 2035-nji ýylda bal-arylary ýer-ýüzünden ýitip giderler. Muň bilen diňe bal däl, eýsem köp görnüşli güllerem, köp miwelerem, köp maňyzlaram, köp görnüşli bakja ekinlerem ýok bolup ýitip gider. Sebäbi arylar gülleri tozgalandyrýarlar. Bir ary maşgalasy bir günde 3 million ösümligi tozgalandyrýar. Adamlar entek, tozgalandyrmagyň başga görnüşini oýlap-tapanoklar.
4. Sapsan-laçyny(Latyn dilinde "Falco peregrinus") ýer-şaryndaky iň ýyndam-çalt jandardyr. Ol öz awyna hüjüm edende, onuň tizlgi 320 km/s.
5. Hytaýyň däp-dessuryna laýyklykda, myhmançylykda nahar iýeniňizde şapbyldap-şupbuldap iýmeli. Eger şeýle etmeseňiz onda öý-eýeleriniň göwnüne degersiňiz. Ýene desterhana, salfetkalara, saçaga nahar damjalary damdyrmagy hem soklardan çala-çula dökmegide unutmaň. Mundan başgada öý-bikesine gül sowgat bermek bolmaýar.
6. Eger akulalary ýüzdürmän, bir duran ýerinde saklap dursaňyz, onda akula demigip öler.
7. Gurluşukda, sungatda we astranomiýada uly özgerşmeler eden günorta-indeýliler, diňe Hristofor Kolumb geleninden soň tekeri(togalak, tegelek) bilip galdylar.
8. Adamyň beýnisi ortaça 100 miliard neýrondan ybarat. Her neýron başga 25-30 müň neýron bilen bagly. Her minutda embrionyň içinde 250 müň neýron döreýär.
9. Facebook-yň döredijisi Mark Sukerberg, 25 ýaşynda miliarder bopýar. Bil Geýts bolsa 31 ýaşynda
10. Moskwadaky gatnaýan 666-nomerli awtobusuň nomeri, dini adamlaryň gohlary boýunça 616-a üýtgedildi. Soňra yzy bilen Moskwadan Ostaşkow aralygynda gatnaýan 666 belgili poýezdiňkihem 604-e üýtgedildi. (Hristian dini ynançlara görä 666 san belgi, bu Şeýtanyň belgisi. Eşitmişlerime görä şu belgi bilen Şeýtan ahyr-zamanany başlajakmyşyn)
Täsinlikler
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Bu blogy nirden aldyňyzaý😄👍
Aygul nuralyyewa 3 years ago- PLUS/_/@SHAHYRANA