Ýagşy- ýaman
"Ýagşylyga ýagşylyk,
Her kişiniň işidir.
Ýamanlyga ýagşylyk
Är kişiniň işidir".

(Halk nakyly)


Hemme gowy zatlara,
Aýdylýandyr sag bolsun,
Men-ä ýaman zatlara,
Diýjek bu gün "sag bolsun!"

Aýan etdiň bardygyň,
"Sag bol" saňa ýamanlyk.
Sen bolmasaň bilinmez,
Zemindäki ýagshylyk.

Çekdirseň-de kynlygy,
"Sag bol" saňa, ezýetim,
Sensiz nädip duýaýyn,
Bu ýaşaýşyň lezzetin.

Üstünligimi bassaň-da,
"Sag bol" saňa, göriplik,
Ylham joşdy öňküden,
Gaýta artdy janyplyk.

Kölegäm sen elmydam,
"Sag bol" saňa, gep-gybat,
Dost -duşmany bilmäne,
Wagtynda berdiň nobat.

Sagady aýa dönen,
"Sag boluň", ajy günlem,
Hupbat siz, ýňne sizsiz,
Gadry ýok süýji günleň.

Arzuwlaryma ýetirdiň,
"Sag bol", saňa güzaplam.
Arka hopba bolaňsoň,
Ýerne düşdi azaplam.

Ýamanlyga ýagşylyk,
Jogap edip toplanym.
Ak-garany öwretdiň,
"Sag bol" saňa, ykbalym.

Nartäç Ýusupdurdyýewa

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir