Eje
"Eje" şeýle jana ýakymly söz. Eger-de sen "eje" sözüni aýdyp, ony gujaklap, her gün bileje çaý içip, dertleşip bilýän bolsaň onda sen dünýädäki iň bagtly adamsyň. Ynsana iň ýakyn adam, ejedir! Ilki bilen seni 9 aýlap göwresinde göteren, soňra bolsa dünýä getiren biziň mähriban kyblamyz ejemizdir. Sen dünýä gelen wagtyň ejeň şeýle bir begenýär, buýsanýar. Soňra seniň al ýanagyňdan ogşap gije-gündiz ýatman seni bagryna basyp, hüwdüläp, janyndan hem eý görüp, saňa nahar berjek, geýindirjek bolup, gijesini gündüze çalşan yhlas edip saňa seredýän elbetde, ejedir. Onuň her bir aýdan sözi şeýle bir jana ýakymly welin, käte ejemiň sesinde başga hiç kimiň sesini eşitmek hem islämok. Ol maňa "gyzymjan" diýip ýüzlenende şeýle göwnüm joşýar welin, ony söz bilen düşündirip hem bolamayar. Seniň gözüňden her bir akan ýaş enäniň kalbyna ok kimin ýaýylýar. Ol öz halaýan zadyny hem iýmän, ýok çagam iýsin diýip, özi iýmän çagasyna iýdirip, bizi şeýle chyn ýürekden söýýän adam bar, emma biz söýgüni daşdan gözleýäris...
Ejeňiz siziň ýanyňyzda bar wagty ony söýüň, hiç wagt kemsitmäň, aglatmaň. Meniň aýtjak bolýan zadym shu wagtdan söýüň, gadyryny biliň, soň giç bolar...
Men diňe öz göwnümden geçenleri aýtmak isledim.
Awtor: Aýlar

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir