Ir döwürde alys ýurtlara gidip, söwda bilen meşgullanýan bir söwdagär bar eken. Ogul perzendi bolmansoň, ol maşgalasyndaky ýetişen gyzlarynyň üçüsini-de gaty gowy görer eken.
Bir gezek ol uzak ýola söwda ugramakçy bolanynda gyzlaryny ýanyna çagyryp: “Näme sargydyňyz bar bolsa aýdyň!” diýipdir. Şonda onuň iň uly we ortanjy gyzy atasyndan gymmat bahaly geýim we şaý-sep getirip bermegini sargapdyr. Olaryň ýanynda duran kiçi gyzy bolsa, elindäki boş torbany atasyna beripdir-de: “Ýolda-yzda naharlanan wagtyňda meni ýatdan çykarman, çöregiň ýanyklaryny pyçagyň bilen kesip, şu torba atarsyň! Geleniňde bolsa ony maňa sowgat berersiň. Ol meniň üçin iň gymmatly sowgat bolar!” diýipdir.
Kiçi gyzyny ünsli diňlän söwdagär: “Gedemlik edip, menden sowgat soramagy namys edýär!” diýen düşünje bilen, ondan närazy bolupdyr. Gezen ýerinde hem närazylygyny duýdurman, içinde saklap ýörüpdir. Günleriň birinde söwdagär söwdadan gaýdyp gelipdir we öňünden çykan gyzlaryny begendirmek üçin olaryň sargytlaryny gowşurypdyr. Şonda: “Ynha, seniň hem sargydyňy getirdim!” diýip, çörek ýanygy salnan torbany kiçi gyzyna nägilelik bilen gowşurypdyr. Torbany eline alan gyz şonda atasyna ýüzlenip:
— Atam! Meniň üçin iň gymmatly zat seniň saglygyňdyr, seniň ýola göteren çörekleriň gyssagara bişirilensoň, kesegi-de, ýanygy-da gazalmadykdy. Gazalmadyk çöregiň kesegi-de, ýanygy-da adamyň saglygy üçin örän zyýanlydyr. Çöregiň ýanygyny sargyt etmedik bolsam, sen olary iýerdiň we kesele sezewar bolardyň! — diýipdir.
Bu sözler söwdagäriň maňzyna batypdyr. Nähak ynjydandygy üçin gyzyndan ötünç sorapdyr. Oňa köp sanly gymmat bahaly sowgatlary gowşurypdyr. Özüniň akylly gyzynyň bardygyna begenip, buýsanyp, ony beýleki gyzlaryndan hem eý görmäge başlapdyr.
Aygul nuralyyewa 3 years ago- Plus. @Shahyrana