1. Öz ýakynlaryňyzy söýüň. Öz söýýäniňize wagtyňyzyň köpüsini sarp ediň hem-de ýygy-ýygydan özüňizi bagtly saýyň!
2. Öz söýýän käriňize kän güýç sarp ediň. Eger-de siz öz işinizi söýýän bolsaňyz, mümkin bolsa köpräk işläň. Eger-de söýmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge çalşyň, şeýle etseňiz, ahyrky netijede bu siziň uçinem, jemgyyet uçinem peýdaly bolar. Biz öz durmuşymyzyň ömrümiziň köp bölegini işde geçirýäris, şonuň üçinem ol wagty bisarpa, bihuda geçirmeli däl.
3. Beýleki adamlara, başgalara kömek bermek äçin güýç-gaýrat, talabedijilik bermek bilen, siz, birinjiden, özäňize sarpa goýmagy artdyrarsyňyz, ikinjiden, özüňizdäki psihiki hem-de fiziki ukypsyzlygy aňrarsyňyz. Netijede durmuşdan lezzet almaklyk güýçlener, bagtlylyga golaýlaşarsyňyz.
4. Bagtly bolmaga çalsyň! Özüňize gözegcilik ediň, anyklaň, oýlanyň, bu häsiýetler sizi keýpi köklüge getirer, sizi begendirer, siz muňa çalşyň.
5. Fiziki taýdan gujurly boluň! Fiziki gujurlylyk sagdyn adama hakyky keýp berýär. Fiziki gujurlylyk adamy kyn ýagdaýlardan halas edýär. Şularyň nepi deger: ylgamak, ýöremek, sportuň islendik görnüşi, tans – şularyň ahlisi siziň üçin oňaýlysydyr.
6. Öz durmuşyňyza täzelikleri ornaşdyryň. Çagalykdan bizi uly ynam bilen terbiýeleýärler, bu bize durmuşa göz ýetirmäge ýardam edýär.
7. Bagtsyzlyga uçrasaňyz, özüňizi ýitirip, ruhdan düşmäň. Bu psihologiýanyň üýtgewsiz kanuny: siz şu gun bagtly bolsaňyz, onda onuň çöwre tarapynyň barlygy-da gutulgysyzdyr.
Gubadag_A.Alayew 3 years ago- ++++