Gulak goý, aýdaýyn saňa bir zady,
Seni söýüp bilmen şundan aşa ýar.
Çünki meniň söýgi doly kalbymda
Senden başga ýene biri ýaşaýar.
Senden öňem ýaşaýardy, ýaşar ol,
Şudur söýgä hem özüme kasamym.
Öňde-soňda bagra basmaly bolsa
Ony senden öň bagryma basaryn.
Ýok-ýok, senden ýüz öwürjek diýemok,
Beýle gylyk bolupdyrmy heý mende?
Başga söýgä başlajagam diýemok
Düşünmeseň gezibergin, eýmende.
Sözüm bölme, dur!
Sakowyň soňuny
Diňlemezden tutduraýma kejiňe.
Bilseň muhabbetden doly ýürekde
Bir-ä saňa ýer bar,
Birem ejeme.
Baky Amanýazow