Bismillä hirrahmä nirrahym.
Ymamy Rabbani hezretleri şeýle buýurdy:
Ynsan näme üçin ýaradyldy ?
Ynsan güýmenmek üçin, oýun üçin, iýip-içmek, gezmek, ýatmak,keýp etmek üçin ýaradylmady. Ol—Gulluk wezipelerini ýerine ýetirmek üçin, Rabbine boýun bolmak, ejizligini, güýçsizdigini, mätäçdigini görkezmek, Oña sygynmak we ýalbarmak üçin ýaradyldy. Allatagalladan gelip we Muhammed aleýhisselamyñ bildiren ybadatlarynyñ hemmesi, ynsanlara peýdaly zatlardyr. Ynsanlara ýaradygy üçin emr edilendir. Ýogsam hiçbir ybadatyñ Allatagala peýdasy ýokdyr. Jan-teni bilen şükür edip, höwes bilen ybadat etmeli, doly boýun egip emirleri etmägä we gadaganlardan saklanmaga çalyşmalydyr. Allatagala hiçbir zada mätäç däldir. Gullaryna emir we gadaganlar bermek bilen mertebelendirdi. Her zada mätäç bolan biz gullar, bu beýik nygmata köp şükür etmegimiz, munyñ üçin hem emirleri etmägä jan-tenimiz bilen ýapyşmagymyz gerekdir. (73-nji Mektub)
Allatagala—her bir zadyñ sebäpsiz, şertsiz patyşasy, hemmämiziñ eýämizdir. Ähli ynsanlar Onuñ gullarydyr. Gullaryna beren her bir emri we her bir zady isleýşi ýaly ulanmagy, hemişe laýykdyr we peýdalydyr. Munda zulum ýokdyr. Guluñ Eýesinden emirleriñ, işleriñ sebäbini soramaga haky ýokdyr. Akylly kişi üçin mundan anyk zat ýokdyr.
Ähli ynsanlary Jähenneme salsa, soñsuz azap etse, kim näme diýip biler? Çünki Öz ýaradan , ýetişdiren mülküni ulanýar. Zulum diýer ýaly başgasynyñ mülki däldir. Emma ynsanlaryñ ulanýan, öwünýän mallary, mülkleri hakykatda olañky däldir, hemmesi Allatagalanyñkydyr. Aslynda biziñ bulara el uzatmagymyz, goşulmagymyz hakykatda zulum bolar. Allatagala bu dünýäniñ düzgün-nyzamy üçin we käbir peýdalara ýol görkezmek üçin, bulary bize mülk eýledi, hakykatda hemmesi Onuñkydyr. Onuñ üçin biziñ bulary, asyl Eýesiniñ mubah eden, rugsat bereni mukdar ulanmagymyz laýyk bolar. Muhammed Masum hezretleri şeýle buýurdy: —Allatagala ynsanlary öz erkine goýbermedi. Her isleglerini etmeklerine rugsat bermedi. Nebisleriniñ arzuwlaryna boýun bolmalaryny we şeýlelik bilen betbagtçylyklara gitmelerini islemedi. Rahat we bagtly ýaşamagy we soñsuz bagtyýarlyga gowuşmalary üçin gerek bolan peýdaly zatlary etmelerini emr etdi. Zyýanly zatlary etmelirini gadagan etdi. Bagtyýarlyga gowuşmak isleýän, dine uýmaga mejburdyr. Nebsiniñ we tebigatynyñ dine uýmaýan arzuwlaryny terk etmesi gerekdir. Dine uýmasa, eýesiniñ, ýaradanynyñ gazabyna, azabyna duçar bolar. Dine uýan gul, bagtly, rahat bolar. Eýesi ony söýer. Dünýä ekin ýeridir. Ekin meýdanyna ekinini ekmän, tohumlary iýip lezzet we sapa süren, hasyl almakdan mahrum galyşy ýaly, dünýäde ýaşanda waglaýyn lezzetlere, nebsiñ arzuwlaryny etmek bilen geçiren hem, ebedi nygmatlardan, soñsyz lezzetlerden mahrum bolar. Bu ýagdaý, akylly bolan kişiniñ kabul etjek zady däldir. Soñsyz lezzetlerden mahrum bolmaga sebäp bolan, wagtlaýyn we zyýanly lezzetleri saýlamaz. Dine uýmak üçin, ilki Ehli sünnet alymlarynyñ, Kurany Kerimden we Hadysy şeriflerden düşünip aýdan Akaide (akyda, ygtykada) uýgun iman etmek, soñra haram we gadagan edilen zatlary öwrenip bulardan saklanmaly, soñrada edilmesi emr edilen farzlary öwrenip ýerine ýetirmek gerekdir. Bulary etmäge Ybadat etmek diýilýär. Haramlardan saklanmaga Takwa diýilýär.
Şu ýazgyny ýazana,terjime edene, ýetirene,okana Allatagalanyň hidaýeti,rahmeti bolup iki dünýäsi abat bolsun ! Allah j.j olary beladan-beterden, howpdan-hatardan gorap özüniň razy bolan ýolunda boldurup ahyretlerini abat etsin !
Ynsan näme üçin ýaradyldy?
-
yyldyz.
3 years ago
- çeşme: dostluk.ru @Chary kaka
-
Manikarnika
3 years ago
- shu gun ish boldy adam ynsan 😒. Sonam gysgarak edaymeli ekenin
-
Gubadag_A.Alayew
3 years ago
- Ämin ýetireniňe sag bol Çary aga
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Mana indi shu zatlar bolgusyz gornup bashlady. Sebabi: " Blog hijine degishli dal. Okamañ! Hudayyn men manlayyma yazan yazgydy hich kime yazylmasyn! Hakykatdanam yazgyt diyilyan adalga chyn bolsa, bar bolsa, shu zatlaram men manlayyma yazan bolsa, onda ol hakykatdanam zalym we adalatsyzdyr... Mana derek bashga biri bolan bolsa bir wagt chydaman olup giderdi... Ey Gudraty guychli Allahym! Name uchin shu zatlary men manlayyma yazdyn? Men senden shu zatlary islanim uchin yazdynmy men manlayyma? Ya men dogulmankam yazdynmy? Nirede bolsan gel, gorun, shu wagt bokurdagym dolup ishigimizde sekimizde otyryn. Sene 22.07.2021, 2:17." diyen blog doredipdim.
Hany Huday adalatly we rehimdardy? Bendesinin dadyna yetishyardi? Bir hili biz bilen oyun oynayan yaly duyup bashladym.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Onem biri:
— Onda ona name uchin Huday diyyaris — diyipdi. Gownume bolmasa hakykata shu yakyn yaly...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Shu blogy okanyn duygusy bar bolsa hokman dushunaymeli: "Ey Alla jan! Sheyle zatlary name uchin men manlayyma yazdyn?! "Sen erkek oglan, chydamaly" diyjek bolyanmy" Erkek oglanda-da zenanlarynky yaly etden yurek bar. Demirden ya dashdan dal. Ya bolmasa stanok ya dwigatel ishlanok."
Name yalanmy eysem?!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Shol doreden blogymda:
"Senden diysen gaty gordum. Shu zatlary talyplarda yazyp duranymy bilibem yanyma gelmeyan bolsan, senden chynym bilen oykeledim. Bendane nebsin agyrsyn ey Muhammet! Eger Gudraty guychli Beyik Biribar shu zatlary yazyanymdan bihabar bolsa, onda Onun yanyna Jebrayyl perishdani ugrat! Yany bilen shu jagaz hatyman iber. #Shahsy durmush. Ahmet Gurbanmyradow. 22.07.2021, 2:35.Bilim , Ahmedik_97 tarapyndan 6 hours ago"
— diyen setirlerim hem bardy. Basym 2 ay dolyar. Netije nol. Onsanam mana ateist ya deist diyman. Ya shuna menzesh bolgusyz zatlary yazman!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- *Hany Huday adalatly we rehimdardy? Bendesinin dadyna yetishyardi? Bir hili biz bilen kimdir biriler oyun oynayan yaly duyup bashladym. Belki masonlardyr? Ya illimunatlarmyka? Din ozi hakykatmydyr? Indi shuna-da shuwhelenip bashladym...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Gadyrdanlar, men ishde ishlap yorun. Her kim oz pikirini yazyp biler. Menki yalnysh bolsa oz sozi bilen, copy+paste dalde, dogry jogaby berip biler.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Sagbolun!
-
zumerchi
3 years ago
- Ahmet! sen ozi name isleyan Hudaydan!?? maksadyn name!? podrobny yazay! ishlerin onuna bolanakmy!? pulyn yokmy!? ya soygulin yokmy, dostun yokmy!? namboldy!? eger Hudaydan goryan bolsan yalnyshyan!! Onem biri blog achypdy, denizin ortarasynda gark boljak bolup duran adama uch sany gami komek edeyin diyse hemmesinede yok Hudayyn ozi komek etye diyip sypdyryp goyberip, yzyndan hem gark bolup olenson Hudaydan gahar edip namuchin komek etmedin diyende, Huday hem:
men sana 3 sany gami ugratdym diyyara, sholar yaly bolmasyn yene... Shonun uchin aytyana biz Hudayadan garashyp ayak galdyryp yatmaly dal-de deystvovat etmeli!!! Million gezek sabyr etsende, HEREKET etmesen bary biderek!
-
yyldyz.
3 years ago
- Ahmet ishlap yoren yeriñde kellañe iki üç sany daş gaçana däldir?
-
yyldyz.
3 years ago
- kerpiç gaçandyr ýada
-
yyldyz.
3 years ago
- Degishyanlay gownune alma.
señ açan ol blogyñda kem yerler bar, kakamy aldyñ, ejemem aljakny zat diyipdiñ, señ yazan teswiriñden eje, kaka diyen sozler yoga
-
yyldyz.
3 years ago
- "Men senden shu zatlary islanim uchin yazdynmy men manlayyma?" O_o
-
yyldyz.
3 years ago
- mason, illimunatotonlar diydinmi ol name?
-
yyldyz.
3 years ago
- "Senden diysen gaty gordum. Shu zatlary talyplarda yazyp duranymy bilibem yanyma gelmeyan bolsan, senden chynym bilen oykeledim. "
dünýäde trillionlap adam bar. afrikadakylaryñ ýagdaýy sendenem beter.olar beydip gargyş edip oykeledim diyip yazanok. garyndashyñ ya dostyñ tanshyñdyr ol señ, oykeledim diyer yaly
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Malodes Atabay Yyldyz! Birem kanagatlandyryjy jogap dal. Oyun etdim diyenin gowy zat, oyuny goteryan, yone adalat yok. Bolya menlik mysaly ayyrdyk, Afrikalylara bardyk. Olaryn shol gozgyny bolmaklaryna name ozleri gunakarmi?
-
yyldyz.
3 years ago
- adam dal ekeninay😒
-
yyldyz.
3 years ago
- Hemmezady goy. Maña shu sozuni dushundrip ber?
"Men senden shu zatlary islanim uchin yazdynmy men manlayyma?"
-
yyldyz.
3 years ago
- Ozuñ islapsiña. Indi nama narazy bolyan.oz ozuñ gownuçökgünlik ediverseñ dagam name bolar.
-
yyldyz.
3 years ago
- Allanyñ barlygyna ynanyanmy ozi Ahmet?!
-
maksat00
3 years ago
- Allany gözūñ bn görjek bolsañ, kalbyñ möhūrlener
-
Гость
3 years ago
- Seni kanagatlandyryp biljek jogap "Hudaý diýen zat ýok,hemme zat öz-özi peýda boldy",ýöne bu jogaby sen bärdäkilerden alyp bilmersiň,Sebäbi bärde Hudaýa ynanýan gaty köp.Saňa maslahat,Panturkist bilen köpüräk habarlaş.Uže müňkürlik eýeläpdir seň kalbyňy.Indi näçe özüňe zastawit etseňem bir çetiňde müňkürlik bolar durar.Men bir zada haýran galýan,şunça zat ýazybam "maňa ateist diýmäň" diýýäň,onda sen kim?!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Adam:)
-
kwazimoda
3 years ago
- Bolgusyz blok. Wahabistlen blogy. Yslam dp adamlary gorkuzjak bolyalar. Mal bir topar. Ejesi yalamadyk kuntilerem yuzune perde dakynyp akyllysyran bolyalara. Sikdir blogynam alda su yerden wahabist. Hakyky yslamyn sozlerni dinlasin gelse ozbekm gyrgyzmy solan 7 kanal dp kanaly bar sonda biri gepleya sony dinlan. Normal geplesmese butun dunya gorer yaly tv cykarmazdylar.
Oynasyp yorensinlay welin barde adam gorkuzjak bolyan. Erkek tagamyny goren diysanim
-
kwazimoda
3 years ago
- Ahmet ateist booanok. Ahmet hakykaty subutnamasy bn bile gozleyan adam bolyar. Edil Khanture yaly. Yone ol ylymyn hakykatyny subutnamasy bn bile gozleyar
yyldyz. 3 years ago- Allatagala dünýäni we älemiñ hemmesini ynsan üçin ýaratdy. Ösümlikleri, haýwanlary, suw, daş, toprak, madda ýaly her bir zady ynsanyñ peýdalanmagy üçin ýaratdy. Ynsanlary hem, özüni tanamalary we özüne ybadat etmeleri üçin ýaratdy. Bu tanamagyñ we ybadatyñ peýdasy hem ýenede ynsanlaryň özünedir. Ymamy Rabbani hezretleri şeýle buýurdy:
Allatagala, hiç bir zat üçin, hiçbir zada mätäç däldir. Ýaradylmak bilen biz gymmatlandyk, mertebelendik. Zariýat süresiniñ, (Ynsanlary we jynlary, maña ybadat etmeleri üçin ýaratdym) manysyndaky 56-njy aýaty kerimesindäki (ybadat etmeleri üçin) diýmegi, (meni tanamalary üçin) diýmekdir. Ýagny,biz Allatagalany tanamak, ynanmak üçin ýaradyldyk. Hadysdaky, (Tanalmak üçin, her zady ýaratdym) diýip buýurmagy, (Meni tanamak bilen mertebelenmeleri üçin diýmekdir. (1/266)
Jennet we Jähennem hem ynsanlaryñ amallaryna görä ýaradyldy. Iman edip gowy işler eden Jennete, iman etmeýänler Jähenneme gider we hemmesi ol ýerde soñsyz galjakdyrlar. Hiç kime zulum ediljek däldir, ol ýerde her kim edenleriniñ netijesini görjekler.
Kapyrlar ynanmadyklary üçin bu mertebeden mahrum galýalar. Şeýlelik bilen synagdan geçip bilmeýärler. Kapyr hem ahyretde Allatagalany tanajakdyr; emma bu tanamagy, muslumanyñ tanamagyndan has başga boljakdyr. Musluman Allatagalany görmek bilen mertebeleriñ, nygmatlaryñ iñ beýigine gowuşjakdyr. Kapyr görende bolsa, azaplaryñ iñ erbedine duçar boljakdyr. Kapyrlaryñ, kyýamatda Allatagalany görmegi, Jähennem azabyndan has kän erbet boljakdyr.
Allatagala ynsanlary başy boş, ýöne ýere, öz perwaýyna gezmesi üçin ýaratmady. Ynsanlaryñ näme etmelidigini Pygamberleriniñ üsti bilen, kitaplar ugradyp bildirdi. Iñ soñky Pygamber bolan Muhammed aleýhisselama berlen kitap bolsa Kurany Kerimdir. Kurany Kerimiň düşünmesi kyn bolan ýerini Pygamberimiz Muhammed aleýhisselam Hadysy şerifler bilen düşündirdi.
Hadysy şerifleriň hem beýleki ynsanlaryñ sözlerine görä düşünmesi agyr bolan ýerini bizler añsatlyk bilen düşünermiz ýaly,din alymlar bulary düşündirdi.
Meselem, dogtor we aptekçi dermany hassa berende, aç garnyña ýada dok garnyña, ertir ýada agşam bir-birdan suw bilen iç, süýt bilen içme diýip dermanyñ içilişini düşündirýär. Kurany Kerim hem ynsanyñ näme üçin ýaradylanyny aýdýar:
(Jynlary we ynsanlary, diñe maña gulluk etsinler diýip ýaratdym.) [Zariýat 56]
Allatagala, "Emrime uýan Jennete, uýmaýan bolsa Jähenneme gitjekdir" buýurdy. Ybadatlaryñ peýdasy Alltagala däldir, her kimiñ özünedir. Meselem, aýlykly işleýän bir dogtor, bir hassa derman berse, dermanyñ dogtora peýdasy ýok diýip, ol dermany hassa içmese, hassanyñ keseli artyp ölüp gider. Dogtora munyñ zyýany ýokdyr. Hassanyñ, bu dermanyñ dogtora peýdasy ýokdyr diýip içmezligi akmaklykdyr. Çünki özüni heläk etýär. Ynha, günälerimiñ Allaha zyýany ýok diýip, her dürli günäni işlemek akylly ynsanyñ etjek işi däldir.
(Akylly kişi, Allaha we Pygamberine ynanan we ybadatlaryny ýerine ýetirendir.) [I.Muhber]
Ölenden söñra näme boljagyny oýlanmaýana, özüni ebedi howpa salýana akylly diýip bolarmy? Kurany Kerimiñ köp ýerinde, (Oýlanmaýañyzmy?) diýip oýarylýar. Hadysy şerifde, (Akly bolmaýanyñ dini hem ýokdyr) buýuryldy. (Tirmizi)
Her ynsanyñ eden ybadatynyñ peýdasy özünedir. Kurany Kerimde şeýle buýruldy:
(Kim, [ybadatlaryny edip we günälerinden] tämizlense, peýdasy özünedir.) [Fatir 18]
Bir kişä dogtor şu şu zatlary iýme , berhiz et, iýseñ hassalygyñ artar diýip maslahat berýär. Bu kişi hem "berhiz etmesem dogtora näme zyýany baraý" diýip gadagan edilen zatlary iýse, hassalygy artyp heläk bolar. Dogtora zyýanynyñ ýoklygy dogrydyr. Emma özüne zyýan berýär. Munyñ ýaly, (Allahyñ meniñ ybadatyma yhtyýajy ýok) diýip ybadatdan gaçanlar, Jähenneme giderler.
Ymam Rabbany hezretleri " Hatlar"
Şu ýazgyny ýazana,terjime edene, ýetirene,okana Allatagalanyň hidaýeti,rahmeti bolup iki dünýäsi abat bolsun ! Allah j.j olary beladan-beterden, howpdan-hatardan gorap özüniň razy bolan ýolunda boldurup ahyretlerini abat etsin !