(Suraty kompýuterda ýasamaly boldy, şonuň üçin geň galmaň).
Ýeriň hakyky şekili barada her tüýsli jedeller kän. Adamlaryň aglaba bölegi biziň ýaşaýan ýerimiz togalak şar görnüşde diýip ynanýar. Käbir adamlar bolsa biziň ýaşaýan ýerimiz tekiz diýip pikir edýär. Togalak ýer teorýasyna ynanýanlaryň barsy, resmi ylmyň tarapdarlary we telefizordan eşiden islän zatlaryna ynanmaga taýyn. Iň esasy zat berilýän habar taýyn görnüşde bolmaly we artykmaç pikir etmegi talap etmeli däl. (Hem-de köpçülikden çetleşdirmeli däl). Tekiz ýer teorýasy bolsa, adamlardan kelle döwmegi talap edýär. Ýöne hakykatda teorýalaryň ikisi hem ýalňyş we şol bir bada teorýalaryň ikisi hem dogry. Biziň ýaşaýan ýerimiz bir bada togalak we bir bada tekiz. Özem togalaklygy ýumurtga gördüşde. Kimdir biri Keramatly Kurandan Ýeriň şekili düýeguşyň ýumurtgasy ýaly diýilýär diýip jeden edýärdi we ýer şary barada teorýany tassyklajak bolýardy. Biziň ýaşaýan ýerimiz hakykatdan hem ýumurtga şekilinde, emma biziň pikir edişimiz ýaly biz ol ýumurtgaň üstinde dälde, oň içinde ýaşaýarys. Eşdilende bir bada adatdan daşary samrama ýaly bolup eşdilýär, ýöne azajyk howlukmaň, häzir bar zady jikme-jik düşündirjek bolaýyn:
Biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýarys. Biziň asmanymyz, astymyz we çar tarapymyz şol ýumurtgaň diwarlary bilen gutarýar. Biziň asman hökmünde seredýän gümmezimiz şol ýumurtgaň ýokary tarapy. Ýumurtgaň gabygy edil aýna ýaly aňarsy görünýär. Aýnaň aňarsynda dünýewi umman bar. Şol sebäpden asman gök bolup görünýär. Asmandaky umman bilen biziň dünýämizi ýumurtgaň gabygy saklaýar. Käbir çaklamalara görä bolsa, Nuh pygamberiň döwründe ýeri gark etmek üçin şol asmandaky böwetleri açypdyrlar we asmandaky suw ýere inipdir. Soň 3 sany örän ýagty gün tutuş ýeri çaltjak guradyp çykypdyr.
Ýumurtgaň içindäki ýer hem ýekeje däl. Biziň ýaşaýan ýerimizde aşakda ýene bir näçe sany ýerler bar. Ýumurtgany dikligine dur diýip göz öňüne getiriň we oň dik ortasyndan aşaklygyna uly bir dag geçýär diýip pikir ediň. Şol uly dagyň ady bar we şol daga disk görnüşde bir näçe sany tekiz ýerler asylgy dur diýip göz öňüne getiriň. Şol äpet dagyň ady "Meru". Şol dag biziň demirgazyk polýus diýip tanaýan ýerimizden depesi çykýar we oň kökleri aşaky ýerlerde gutarýar. Ýerleriň jemi sany 14 sany, käbir maglumatlara görä bolsa 9 sany. Ýerler disk şekilinde we hersiniň merkezinde şol bir Meru dag geçip gidýär. Ýerleriň ini 40 milýart kilometr ýada şoňa ýakyn. Biziň ýer şarymyzyň diametry 12 müň kilometr diýip hasap esilýär. Resmi ylmyň bize dözýän ýer bölejigi şondan ybarat. Her bir ýer diski başga bir diskiň üstinde ýerleşýär. Biziň ýaşaýan diskimiz ýumurtgaň içinde iň ýokarky gatlakda ýerleşýär. Ýumurtgaň gabygy örän berk materiýaldan ýasalan we ony deşmek örän kyn. Hatdan adam ruhlary hem şol materiýaldan daşyna çykyp bilenoklar. Biziň diskimiziň aşaklarynda başga dünýäler ýerleşýär, biz ol dünýäleri dowzah diýip kabul edýäs. Ol ýerleriň ýaşaýjylary hem öz ýaşaýan ýerlerine kybapdaş. Biziň ýaşaýan ýerimizde, diskimyzda gün hem bar. Aşaky gatlaklaryň käbirinde gün bar, käbirinde bolsa gün ýok. Güniň ýok ýerinde örän elhenç jandarlar bar diýip çaklanylýar. Biziň diskimizde köp günä edip ýaşan adamlaryň ruhlary, täzeden dünýä inende şol aşaky dünýälerde dogulýar diýen çaklama bar. Aşaky dünýäleriň jandarlary ösüş derejesinde bizden örän öňde barýarlar. Biziň synlaýan "Uçýan tabaklarymyz" (Letaýuşiý tarelka) şol jandarlaryň enjamlary. Bizden aşakdaky gatlaklardaky jandarlaryň bir görnüşi biziň ýerimize çykmak barada arzuw edýär, ýöne olar biziň ýerimizde ýörüte skafandyrsyz gezip bilenoklar, ýeriň howasy olar üçin zäherli. Ol jandarlary adamlar "Çal adamlar" (Seriýe) diýip çaklaýarlar we olara başga planetadan gelenler diýip pikir edýärler. Hakykatda bolsa kosmos diýen zat ýok. Gün bilen Aýyň ölçegleri deň. Gün ýerden 5 müň kilometr beýiklikde ýerleşýär we her 11 ýyldan çalşylyk durulýar. Gün tutuşlygyna emeli usul bilen ýasalan. Bizi kosmosa uçýas diýip ýalan sözleýän dünýewi şereketler bolsa, bary ýogy ýerden bir näçe müň kilometr beýiklige galýarlar we şol ýerde epesli wagt eglenýärler. Käbir çaklamalara görä ýerden belli bir beýiklige galsaň, "agramsyzlyk" gatlagy başlaýar we şol gatlaga düşen islendik jisim ýere gaçanok. Şol gatlakda gün bilen aý we ýerden asmana uçurlan emeli hemralar aýlanýar. Ol gatlakda dartyş güýjiň (grawitasyýaň) näme üçin ýokdygy entek doly anyklanmadyk, ýöne her tüýsli çaklamalar kän.
Biziň ýaşaýan ýerimiziň ýumurtga şekilde bolmagy kelläňde her tüýsli pikirleri döredýär. Eger şol çaklama doly ynansaň biziň ýaşaýan ýerimiziň emeli usul bilen ýaradylandygy göze görünip dur. Eýsem beýle äpet emeli akwarýumy Hudaýdan başga kim döredip bilsin? Oň tersine mekdep programmalarynda öwredilýän kosmalogiýada Hudaýa hiç hili ýer ýok. Asmanda çäksiz kosmos bar we şol ýerde çäksiz planetalar aýlanýar. Planetalaryň käbirinde bolsa tötänden diýen ýaly janly durmuş öz özinde döräp bilýär. Resmi ylymyň kabul eden teorýasyna görä, tutuş älemjahan hem, uly partlamaň netijeisinde döräpdir. Hakykatda bolsa bu zatlaryň barsy tutuşlygyn ýalan. Bu zatlary ýeriň teýinden gelen gelmişekler oýlap tapdy. Ol gelmişeklere biz "Çal adamlar", diýýäs. Meň aýdýan zatlarymy bary ýogy 200 ýyl mundan öň, medreselerde we mekdeplerde adaty okuwçylara öwredýän ekenler. Ýöne şol döwüriň ylymyndan bize köp zatlar ýetip bilmedi. Eger biziň ýaşaýan ýerimiz äpet ýumurtga bolsa, we ol ýumurtga ýapyk görnüşli akwarýum ýaly bir zat bolsa, diýmek ol akwarýumy dolandyrýan her tüýsli enjamlar bolmaly. Öýünde balyk saklap gören adamlar näme barada gürrüň gidýänini bilýändirler. Balyjaklar demikmez ýaly suwy kislarod bilen üpjin edýän, we yşyklandyrýan her tüýsli enjamlar bar. Biziň ýaşaýan ýumurtgamyz hem äpet akwarýum we şol akwarýumyň hem öz enjamlary bolaýmaly. Ol äpet enjam ýumurtgaň iň düýbinde ýerleşýär we ol enjamyň ady "Ýuha". Rus dilinde bolsa Ýuşa diýilýär, ol enjamy äpet ýylan hökmünde kabul edýärler. Ýuha ýylan diýen söz şondan gelip çykdy. Ol ýylan äpet mehanizm we şol mehanizmiň işleýşini ýeriň aşagyndaky iň soňky gatlagyň ýaşaýjy jandarlary ählilerden gowy bilýärler. Ol Ýuha atly ýylan Ýumurtgaň içindäki ähli fiziki proseslara jogap berýär, pasyllaryň çalşmasy we günleriň remondy. Çaklama görä her gezek gün tutulanda güni täzeleýämişler. Şol prosesleriň barsy ýeriň iň teýinden dolandyrylýarmyş. Ol äpet ýylan, ýa-da örän täsin mehanyzm Meru dagyň düýbinde ýatyr we ýer ýüziniň ähli fiziki proseslaryny dolandyrýar. Şol ýylana iň golaý siwilizasyýalar, başgalara garaňda tehniki taýdan örän ösen bolýarmyşlar. Ýuha näçe golaý bolsaň, şonçada tehnikiki taýdan ösen bolýaň. Ýuwhadan näçe daş bolsaň, şonçada ruhy taýdan ösen bolýaň. Käbir maglumatlara görä bolsa, käbir ýer asty taýpalar şol Ýuwhaň işinde näsazlyklary girizmegi başarypdyrlar we ýerde gyş pasly başlapdyr. Ýa-da ýene bir çaklama: şol ýylanyň üsti bilen biziň ýerimizdäki howany hem dolandyryp bolýar. Garaz çaklamalar diýseň kän.
Iň esasy düşünmeli zatlaryň biri, biziň ýaşaýan ýerimiz örän äpet ýumurtga şekilli terrariýum. Ol terrariýumda adamlar we başga janly jemede ölmez ýaly ondaky bar fiziki proseslary dolandyrýan äpet bir mehanizm bar. Ol mehanizma köplenç Ýuwha diýýärler, käbir milletler bolsa ol mehanizma pil ýa-da äpet pyşbaga diýýärler. Mysal üçin Magtymguly Pyragy ol mehanizma "Sary Öküz" diýýär. Nähili bolandada biziň ýaşaýan ýerimiz ýapyk sistema we öz özini ekläp bilýän mehaniz bilen üpjin edilen. Biziň ýaşaýan diskimiziň ini hem örän uly. Bizi belli bolan 6 sany kontinetdan başga ýene 12 sany kontinet biziň daşymyzy gurşap alýar. Ol metiriklaryň ýa-da kontinetlaryň ady biziň garaskoplarymyz bilen deň gelýär. Emme ol kontinetlara bize ýol ýok. Ol ýeriň öz ýaşaýjylary bar we olar bizi öz ýanlaryna göýberenoklar. Bu diňe biziň ýaşaýan diskimiza degişli, bizden aşakda ýerleşýän diskleriň tutýan meýdany hem az däl. Ol ýerde ýaşaýan jandarlaryň ösiş derejesi biziňkiden örän ýokarda. Ol jandarlar adamzady gulçylyga gaplajak bolup eýýäm ençeme müň ýyllap zähmet çekip gelýärler. Ol jandarlar biziň howamyzda açyk gezip bilenoklar, olara ýörüte skafandyrlar gerek bolýar. Ýöne ol "Çal adamlar" diýip atlandyrylýan jandarlar, biziň howamyzy üýtgetjek bolup hem zähmet çekýärler. Ol jandarlaryň ýaşaýyş ömrü adamlaryňkydan kän. Ol jandarlar ýuwaş ýuwaşdan biziň howamyzy çalşýarlar, emma çalşyk prosesy örän haýal geçensoň biz ony duýamzok we ýuwaş ýuwaşdan öwrenşýäs. Ol çal adamlar diýilýän jandarlaryň öz baş tutanlary hem bar. Ol baş tutan irden giçde ýeriň ýüzune çykmaly we özini Hudaý diýip yglan etmeli. Biz ol oglany Detjal diýip tanaýas. Hakykatda bolsa ol oglanyň dini ynançlar bilen kesişýän hiç bir ýeri ýok. Ol oglan ýeriň aşagynda ýaşaýan kuwwatly bir taýpaň goşun generaly we şol taýpa eýýäm bir näçe müň ýyl bäri ýeriň ýüzüne çykmagyň arzuwynda gezip ýör. Çal adamlaryň taýpasy bize görä ep esli uzak ýaşaýar, belki olar Hudaý tarapyn şeýledir, ýa-da olaryň ösen ylmy derejesi olara uzak ýaşamaga ýol berýändir, bize belli däl. Ýöne Detjal diýilýän oglanyň eýýäm 3500 ýyl bäri gezip ýöreni hakykat, ol oglan dini kitaplaryň we ýazgylaryň käbirinde görünip geçýär.
Şu ýerde öz özinden sorag döreýär, eger biz äpet ýumurtgaň içinde ýaşaýan bolsak, onda ýumurtgaň daşynda näme bar? Ýumurtgaň daşynda ýene bir ýumurtga bar. Şeýle ýumurtgalaryň sany miliýartdan geçýär. Her bir ýumurtgaň öz janly tebigaty we öz dolandyrýan mejanyzma bar. Ol ýumurtgadan bu ýumurtda geçip bolanok. Hatda adam ruhlary hem şeýle syýahatdan goralan. Ýöne geçmişden miras galan käbir ertekilere görä biziň ata-babalarymyz ol ýumurtgadan bu ýumurtga geçmegi başarypdyrlar.
Biz hakykatdan nirede ýaşaýarys?
-
soho
3 years ago
- indi diñe "yer shary eliñe:de alyp bolyan eken" diyjek agza çykanda tuzuryñ meni...
-
Pegas
3 years ago
- Ýene bir teoriýa.
-
yashalym
3 years ago
- "Hakykatda bolsa ol oglanyň dini ynançlar bilen kesişýän hiç bir ýeri ýok. Ol oglan ýeriň aşagynda ýaşaýan kuwwatly bir taýpaň goşun generaly we şol taýpa eýýäm bir näçe müň ýyl bäri ýeriň ýüzüne çykmagyň arzuwynda gezip ýör."
Dosdum sen kelläň gowumy ? Dini ynançlar bilen baglanşygy bolmasa nädip Ýeriň aşagynda müňlerçe ýyllap ýaşasyn ? Biz ortaça 70 ýyl ýaşaýarys. Olar nädip onça ýyllap ýer ýüzüne çykmagyň arzuwyny edip gezsinler ? Dini ynançlar bilen baglanyşygy bolmasa Kuranda ýazylana Detjal barada
-
yashalym
3 years ago
- Özem olar diýýäňlaý. Detjalyň ýekeje özi bir adada şuwagt. Olar diýip ýanynda hiç kim ýok onuň. Esgerleri Dünýä gelende ýygnaýar adamlardan
-
yashalym
3 years ago
- Gardaşym sen kelläň gowumy ?
-
yashalym
3 years ago
- "Ýöne Detjal diýilýän oglanyň eýýäm 3500 ýyl bäri gezip ýöreni hakykat, ol oglan dini kitaplaryň we ýazgylaryň käbirinde görünip geçýär."
Gezip ýörenok daňylgy dur şuwagt. Kyýamat zamany ýakynlandada çykýar. Özem din bn baglanşygy ýok diýip dini kitaplarda bar diýýäňlaý
-
yashalym
3 years ago
- "ýaşaýan bolsak, onda ýumurtgaň daşynda näme bar? Ýumurtgaň daşynda ýene bir ýumurtga bar."
Ýumurtga diýýäniň ady bar how kellesiz dosdum, Ýer diýilýär şoňa, we Ýeriň daşyny goraýjy sistema bar ilki bilen, soňam Ýerden 100 km ýokarda kosmos başlaýar. Nämäň ýumurtgasy :) Soňra Aý, Asteroidler, planetalar bar. Ondan soňra Gün sistemasy bar. Gün sistemasyndan soňam ýene bir sistema geçilýär. Oň aňyrsynda Älem bar. Älemiň aňarsynda ýene bir Älem bar. Ýo seň kelläň wapşe nähili ? Şu zatlaram bileňokmy intek
-
yashalym
3 years ago
- Bagyşla welin Adalat19 dosdum senä bir mal ekeniňaý :\
-
Adalat19
3 years ago
- @Pegas, aý ýok....istennoýe polaženiýe weşşeý...diýýärler. Hiç hili teoriýa däl. Inä welin togalak ýer çyndan hem teoriýa...))
-
yashalym
3 years ago
- Teoriýa dälmi ? Dosdum teoriýa bolmadyk zadyň resmi subut edilen bolmaly we biz şuwagt telewizorlarda şony görerdik :)
-
Paris
3 years ago
- Herkimin pikiri bu how name ursyanyz. Belkim su dogrydyr belki sizinki dogrydyr. Onu hic kim bilenok. Sonun ucin dine maglumat toplamaly paylasmaly. Sonundan kop zatdan onunden hawarly bolyas
-
yashalym
3 years ago
- Dosdum habarly bolmakmy şu ? Ýere ýumurtga diýse, çaklama teoriýa däl diýse, Detjal adamlary bilen Ýerde ýaşap ýör diýse näme diýeli ? Bor ylalaşarys welin esasy zatlary bir dogry ýazsyna dosdum, Detjal din bilen baglanyşanok diýip dini kitaplarda bar diýip dur näme diýmeli muňa ?
-
yashalym
3 years ago
- Teoriýaň nämedigini bilenoga intek
-
Jeksparro
3 years ago
- Magtymgulynyň bir goşgusy bar, bu teoriýa şony dogrulaýar, ýagny:
''Daglar ýeriň myhydyr,
Depe özüň dag saýar...''
Myh diýmek sözlükleriň birinde okapdym. Gaýçyň ortasyndaky çüýjagaz. Gaýçy şol myh bolmasa ikä açylmaýar. Ýa-da Gurhanda hem şeýle aýat okandygym ýadymda, ýagny: ''Biz daglary ýere gazyk edip goýduk''. Gazyk sözi bolsa şol myh, aty saklamak üçin gazyk (uly dubl çüý) sözleri bilen manydaş.
Belkäm dogrudyr. Belkäm..........
-
Jeksparro
3 years ago
- @yashalym, birini kemakyl hasaplaman hem ýazsaň bolardy teswiriňi...
-
Adalat19
3 years ago
- Bir akyldardan hakykat näme diýip sorapdyrlar. Ol bolsa hakykat informasyýaň dykyzlygy diýipdir. Informasyýa näçe dykyz bolsa, şonçada hakykada ýakyn bolýar. Mysal üçin köçede iki maşyn awariýa düşýär, hakykatda kimiň günäkärdigi belli däl, hakykada ýetmek üçin şaýatlaryň barsyny sorag etmeli. Sebäbi şol bir ýagdaýy dürli burçlardan görýän bar. @Paris dogry belleýär, diňe informasyýa toplamaly we hakykada ýetmeli.
-
Adalat19
3 years ago
- Knopkaly köne telefonlara täze oýunlary we programmalary goýup bolmaýşy ýaly. Käbir adamlara hem täze informasyýa guýup bolanok. Täze informasyýany diňe ösen beýni kabul edip bilýär. Adamlaryň 80% çaga wagty eşden, düşünen zatlaryndan tapawutly hiç bir zady näme etseň hem kabul edip bilenoklar.
-
Adalat19
3 years ago
- Goşmaça informasyýa: —Kompaslaryň barsyny diljagazy şol "Meru" dagyna bakýar, belki şol dagyň magnit meýdany güýçlidir? Ýer disklaryň barsy granitdan ýasalan we magnit meýdaniň kömegi bilen meru dagyna asylgy duran bolmagy mümkin? Ýene bir çaklana, Magtymguly Pyragyň Kap dagy diýýäni hen şol Meru dagy bolmagy ähtimal?
-
Adalat19
3 years ago
- Islendik normalny adam täze informasyýany kabul etmeli we ony ýuwaşlyk bilen siňdirmeli, şol informasyýany subut edýän we ony ýalana çykarýan faktlaryň gözleginde bolmaly, elmydama. Ýöne gürrüň diňe normaly adamlar barada gidýär. Ejesinden ýa-da telewizordan eşitmedik zatlaryndan galanyny ýalan hasap edýänler barada gidenok.
-
Adalat19
3 years ago
- Ýene goşmaça informasyýa: —Teleskoplardan synlanylýan asman jisimleri, Aý, Winera planetasy, Ýupiter, Merkuri we balga planetalaryň barsy, hakykatda örän äpet asman gämileri. Olaryň hakyky keşbini bizden golagramma goragy gizleýär we şol gämileriň atlary olaryň kapitanlarynyň şanyna dakylan. Mysal üçin Mars planetasy hakykatda asman gämisi we oň kapitanyny ýerde Mars, urşuň hudaýy diýip tanaýas. Ol gämileri köne döwürler örän kuwwatly siwilizasyýalar gurdylar we asmana galdyrdylar. Ol gämiler o diýen uzakda ýerleşenoklar. Käbir çaglamalara görä bolsa, ol gämilerdäki ýaşaýjylar başga ýumurtgalardan uçyp gelen bolmaklary hem ähtimal?
-
Adalat19
3 years ago
- Ýokarda agzan zatlarym "Sotowoýe miroustroýstwa" diýen teoriýaň bir bölegine girýär. Eger kime gyzykly bolsa Youtube-de Wiçeslaw Kotleýarow diýen awtor şol teoriýany alyp barýar. Emma ol hem hiç zady özünden oýlap tapanok, ol köne Hindi ýazgylaryna esaslanýar...
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Dos gaty germe, yone goyan suratyny gorenimde ynamym gacdy "paint"-de ozun ishlap kellane gelen zady diyyan oydyan, onler yer tekiz diyyardin, a indi bolsa yumurtga shekilli diyyan. Name yer diyen planetan figurasy uytgap duryamyka? Sheyle bolsa diymek hemmankem dogry bolyarda, onki alymlan yerin togalakdygyny subut eden wagty yer cyndanam togalakdyr, a sen yer tekiz diyip mowzuk acyp bashlan wagtyn yerin figurasy tekize uytgandir, a indem "yumurtga" shekiline gecendic, Belkide yerdaki gaty maddalar, jisimler yagny yere belli bir esas beryan, toprak, dashlar aslynda, amorf shekillidir, shol sebaplem ansatlyk bilen figurasyny uytgedyandir? Gaty gorme yone sen shular yaly akylly bolsan "paint"-de ishlanje (fantaziyańa hayran galdymay suraty gorup) suratyny subutnama, delil hokmunde durli ylmy guramalara, ylmy akademiyalara agza bolup shol yerde subut edip tassyklatsan, degishli ederalara ylmy acysyh etmek un hasaba dursan bolmazmy? Beydip barde yarym-yarty zatlaryn bilen yash, yetginjeklerin kellesini bulap oturanyndan? Hic bir ylmy acysham doly tassyklanyanca yayradylanok, a sen yazyan zatlaryn bolsa "dalin bellani bir bellik" diylisi yaly kellane gelen zady her wagt internede goyan bolyan... Pikirlenip gor belki bular yaly "paint"-de ishlenen suratlaryn zatlaryn bilen ulanyp "Nobel" bayragyna dalashgar bolaymagyn mumkin...;-)
-
yashalym
3 years ago
- Adalat19! Birinjiden hemme zada ynanyp yoreme, ikinjiden hem senin shu yazan zatlaryn fantastika!! Menem internetde koooop zatlary okadym gordum her durli samsyk oz mneniyalaryny paylashan akmaklaryn zatlary bar. Meselem bir orus aytya tochno bilemok kimdigni yadyma dushmeye obshim bir blogger, yer oz okunyn dashyndan aylanmaya sebabi biz somolyotda uchanymyzda somolyodyn ozi uchup baryar, egerde yer aylanyan bolsa onda somolyoda kop kerosin yakyp uchmak nama gerek, belli beyiklige chykmaly son yer oz okunyn dashyndan aylanyp barmaly yere baranymyzda son ashak inibermeli diyya bir samsyk yaryp kelle!!... dostum senin bu aytyanlaryn hem shol menin getiren mysalymdan enayy zat dal...
-
Adalat19
3 years ago
- @Ylmytalyp, suraty dogrysy hyýaly pes işleýän adamlar üçin paintda ýasamaly boldy. Adamlar gowja göz öňüne getirip biler ýaly.
-
Adalat19
3 years ago
- @Ýaşalym, sen kim bolsaň hem şol nikden hirip hiç zat ýazmasana. Sebäbi seň açýan temelaňdan soň, seň teswirleriňi serýozny kabul edip bolamok.
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Name maksadynyz bar bilemok, siz bular yaly yerin tekiz ya-da yumurtga formalydygyny subut edip bilmersiniz! Sebabi hakyky ylmy teoryyany ylmy taydan subut etjek adam, ylma dini ugry goshmayar! Dine degishli zatlary goshan bolupsynyz, welin yazyn zatlarynyz @yashalym agzan aydyshy yaly biri-birine gabat gelmeyan yerlerem kop, sizem oturyp-oturyp, azap edip adamlary aldajak bolup zordan 1-2 hepde gorunman 1 tekst-jik duzupsynyz. Dini ugyrda adama ynam gerek, a bu yerde bolsa ylmy taydan subutnama, delil gerek. Gayrat edip dini maska edip ulanyp adamalaryn kellesini zaherlejek bolman!
-
yashalym
3 years ago
- Hormatly agzalar. Aýtýan zatlaryňyzy subut edip ýa-da özüňiz göz ýetirip gördüňizmi. Ikisini hem etjek bolsaňyz siziň talyplar.com saýtyna eliňiz degmezmika diýýän.
-
Гость
3 years ago
- Kellesini zäherlejek bolma diýipsiň,nädip zäherlenýä kellesi adamlaň.Mysal üçin şuňa ynandam diýeli köp kişi,şolaň kellesi zäherlendigi bolýamy.Aňy zäherlemek bolanda şol paýlaşylan zat adama,jemgyýete belli bir derejede zyýan ýetirýän makala diýilýä.Menä şu makalada hiç hili zyýanly zat göremok.
Bellik*-menem ynanamok ýeriň tekizdigne-de,ýumurtga şekillidigne-de.Ýöne janym ýanýa,biri üýtgeşigräk zat paýlaşsa terrorist tutan ýaly etýäňiz.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Ýer togalak, tegelek, tekiz ya yumurtga şekilli dalde hatda üçburç, 5burç, ya 8burç şekilde bolayanda da ýönekeý adamlar ucin ol nama gerek?!.
-
yashalym
3 years ago
- Adalat191 hour ago
@Ýaşalym, sen kim bolsaň hem şol nikden hirip hiç zat ýazmasana. Sebäbi seň açýan temelaňdan soň, seň teswirleriňi serýozny kabul edip bolamok.
Adalat19, men murat yousef agza, prosto oz nikimi banlananson yashalym'dan giryan! Bolmasa gizlenip name edeyin!?
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Bolya, ozuniz bilyaniz, mana gyzykly dal, yone hic-hili ylmy subutnamasy yok yene-de paintde ishlenen surat bilen 1-2 sany delilsiz zat yazyp onam ylym bilen subut edi bilmejek bolanson adamlary goze durtulup duran yalanyna dini rowayatlary maska edinip aylanyp yor.. sizem shun (yalancyn) tarapyny tutan bolyanyz! Onem shun peydasyz mowzuklaryna teswir yazyp baramokdym, indem yazmadygym gowy diydirya.. Kashge acyan-yazyan zatlary adamlara peydaly hakykat bolsa... Name yazan bolsamam gaty gormersiniz diyip umyt edyan! Indi komment yazjak dal!
-
yashalym
3 years ago
- Yashalym siz nahili kabul etsen edip bilersiniz
-
yashalym
3 years ago
- Gowja erteki
-
Adalat19
3 years ago
- @GaRa_TmyN, örän dogry bellediň, ýönekeý adamlar üçin ýeriň formasynyň tapawudy ýok. Ýönekeý adamlar hemişe ýönekeý zatlaryň gözleginde bolýarlar: Iýmek-içmek, ýatmak-turmak we keýpi sapa...
-
yashalym
3 years ago
- Adalat19, sen nireden aldyn shu yazgyny (terjime etdin) menem okap ya da dinlap goreyin eger mumkin bolsa! Son hem sen hakykatdanam ynanyanmy shu fakt'a!?
@murat yousef
-
Adalat19
3 years ago
- @Murat yousef, Youtub kanallardan aldym we barsyny bir ýerik jemledim. Informasýa ilki başda dogrysy ýaýraw görnüşdedi. Özimden goşan zatlarym hem bar. Ýokarda teswirlerde kimden alanymy agzap geçdimä, görmediňmi? Wiçeslaw Kotleýarow, sotowaýa zemla diýip ýazyp gör, eger Youtube girip bilýän bolsaň. Meň özümde welin 15 GBite wideo informasyýa bar ýokarky agzan zatlarym barada.
Aýdan zatlaryma özim ynanýan, ýöne agzymdan köpük gelinçä subut etmäge taýyn däl. Emma ýeriň formasy barada başga informasyýa gelse (tapsam) ony hem kabul etmäge taýyn. Islendik täze informasyýany mydama kabul etmäge taýyn, diňe Hudaýyň ýekedigini inkär etmeýän informasyýa bolsa bolýar...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- @Ylmytalyp, goşulýan
@Adalat19 ýönekeý adamlañ içinde iýmek-içmek, keypi sapadan basga kan zat bn gyzykyan gyzykly adamlar kan. Ýeriñ şekiliniñ kimdir birini gyzykdyrmaýandygy onuñ keypi sapadan basga zat bilmeyandigini añlatmaýar! We durmuşda ondan has möhüm zatlaram bar...
-
yashalym
3 years ago
- Adalat19, Gaty gorme Вячеслав Котляров diyen shahs yonekey (ylmy ishgar dal diyjek bolyan) bir adam eken. Hazir youtube'de gordum azrak dinledim gaharym geldi chykdym videosyndan, sebabi ol aytya hazirki vagtda yerin tekiz gornushi ve togalak gornushi bar a men bolsa ikisinede menzemeyan bir gornushini aydyp berip dokazat etjek diyya!!(gaharym gelip chykdym video'dan)
Ozuche bir gornush tapjak bolya. Obshim bir Samozvanes'in bosh gurrunleri!! Aydymchymy ol kim o aslynda ylmy ishgara dal ol!?
-
yashalym
3 years ago
- @murat yousef
-
yashalym
3 years ago
- soho9 hours ago
indi diñe "yer shary eliñe:de alyp bolyan eken" diyjek agza çykanda tuzuryñ meni...
😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😂😃
Yeri aldylar turuber indi...
-
Adalat19
3 years ago
- @murat yousef, ynam her bir adamyň şahsy işi. Eger Ylyma ynanýan bolsaň bir döwürler Ylym Hudaý hem ýok diýip gygyrýardyda....
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- @Adalat19 Ylym Hudaý ýok diyip gygyrmayar, ony kabir ylym adamlary diyyar... 5 sany alym plän pismydan diydi dp, iny ylymyñ adyndan berilmeyar...
-
Adalat19
3 years ago
- @GaRa_TmyN, SSSR-yň ylmy ýarym asyrlap Hudaý ýok diýip gygyryp gezdi, ýöne sen ol döwürler ýokdyň. Mekdep pkuwçylara çenli Hudaý ýok diýip okadýardylar, şol döwüriň okuw kitaplarynda hem hudaý ýok diýip ýazylgy durdy....
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- @Adalat19 SSSRiñ ýarym asyra dal bir asyr Hudaý ýok dp gygyryp gezende, ony bütundunya ylmynyñ adyndan dp kabul etmek gerek dal we ylym SSSRden nace asyr onem bardy
-
Adalat19
3 years ago
- @GaRa_TmyN, biz edil şu wagt türkmenleriň içen ylmy barada gürrüň edip otyrysda, türkmenler bütindünýä ylmyny hiç haçan içmedidä. Seň ylym diýip telewizordan şu wagt hem görýän zatlaryň Hudaýy aradan gysyp çykarjak bolýar. Mysal üçin adam Maýmyndan döredi, älemjahan uly partlamaň esasynda emele geldi. Şol iki teoryýa Hudaýy tutuşlygyna aradan aýyrýar, elbetde biz Hudaý ýok diýip açaçan gygyrýas diýenoklar...
-
Paris
3 years ago
- Mana Detjal hakda aydyp berayin hayys. Men bilemokda.
Hemman oz isin bilen bolda. Mysal ucin haysyn hem bolsan birin bir zat hakda maglumat toplayanyz. Primer Ylmytalyp hemme zat hakda. Indi mesele gelsek Adalat19 hem oz toplan zatlryny size aydyp oziniñ bilmedik maglumatlaryny aljak bolya we yene dunya garaysyny osdurjek bolya. Menin bilyan zadymy sen bilmeyan senin bilyan zadyny men bilemok. Yagny maglumat alysmaly gozlege dowam etmeli meseleni has aydyn eder yaly
-
Adalat19
3 years ago
- @GaRa_TmyN, Magtymguly Pyragy öz wagtynda medresede ýokary bilim alan we Hindistana çenli syýahat eden örän akylly we bilimli oglan bolan, (elbetde öz döwüri üçin). Magtymgulyň samsyk däldigini resmi ylym bilýärä şeýlä dälmi? Magtymgulyň ýaşap geçenine bary-ýogy 300 ýyl boldy. Magtymgulyň ýaşan döwürlerinden takmynan 100 ýyl öň eýýäm asmanda 7-nji planetana açypdylar. Resmi ylym şol wagtlar hem älemiň gurlyşy barada köp zady bilýärdi, ýöne näme üçin ýokary bilimli Magtymguly pyragy bize öz şygyrlarynda dünýäniň ertikilerdäki ýaly gurluşy barada aýdyp geçdikä? Ýeri saklar sary öküz, bilmen niçe ýaşyndadyr, dörtmüň dörtýüz aýagy bar, ählijesi hem döşündedir. Ýada ýokarda birniň (Jekserçäň) aýdyp geçişi ýaly daglar ýeriň myhydyr diýen sözleri, bu diňe ýadyma düşýänjesi. Magtymguly öz döwrüniň ylymly we bilimli adamlarynyň birinde bolsada näme üçindir şu wagtky subut edilen älemjahanyň modelinden hiç zat agzap geçmändir. Tekeskop diýilýän zady bolsa 400 ýyl mundaň öň oýlap tapdylar. Bar zadyň sebäbi biziň kellämizi zäherleýän ylymy, soňky 100 ýyl oýlap tapdylar. SSSR gelmäkä, bizde beýle ylym ýokdy....
-
Ra
3 years ago
- Gecenki temana (hekayana) esaslanyp yazylan fantastiki toslama dp kabul etyan mena. okamana gyzykly zat cagalara, erteki gornushde guymemek ucin.
wapsheto yer keseligine dikcyzyk gornushinde | hic hili gutarmayan cyzyk, tukeniksiz :)
yaltanmasam menem yazmaly oytyan erteki :)
-
yashalym
3 years ago
- Adalat19, senin pikirinche ylym ovrenmek bosh'da onda ha!?? Dogry her kimin oz pikiri bar bileninden galma ylym bolmadyk bolsa shu yazyp otyran makalany hem yazyp bilmezdin in barikisi bu!! Ylym hich hachan Hudayy inkar edenok!
-
Paris
3 years ago
- Menin bir sany samsyk pikirim bar
Menin pikirimce hemme zady haywanlar bilyar. Belkim biz hic zady bilmezligimiz ucin olar gurlanokdyr. Yone adamlar ozleri yuwas yuwasdan baryalar hakykata. Atlar balyklar nadip bilyake yer titremesiniñ boljagyny. Belkim olara hawar berilyandir.
( bu pikir tegelek,yumurtga yerden hem samsyk oytyan yone hemme zady goz onunde tutmaly)
-
Paris
3 years ago
- Adamlaryn añy öñki döwurde has gowy islapdir. Sebabi hazirki wagtda dogulyan cagalar hem kesel. Eger adam añy hazirhem gou osen bolsa onda öñem ösendir. Gecmisi bolmadygyñ geljegi bolmaz
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Adalat1938 minutes ago@GaRa_TmyN, biz edil şu wagt türkmenleriň içen ylmy barada gürrüň edip otyrysda, türkmenler bütindünýä ylmyny hiç haçan içmedidä
aý mennä bileýin ýer ýene dp durlansoñ, yer we ondaky owal ahyr zatlar agzalyamyka diyyan.. turkmenleñ su wagtky dusunjesimi asyl... o_D
"Adalat1910 minutes ago@GaRa_TmyN, Magtymguly Pyragy öz wagtynda medresede ýokary bilim alan we Hindistana çenli syýahat eden örän akylly we bilimli oglan bolan, (elbetde öz döwüri üçin). Magtymgulyň samsyk däldigini resmi ylym bilýärä şeýlä dälmi? ............."
Daglañ ýeriñ myhydygyny resmi ylym diýýäniñiz bir wagt kabul etdi. Çeşmesini sorasañyz anyk ýadymda dälda... hemem meniñ siziñ pikiriñize garşy pikirli bolmagym, Magtymguldydaky zatlary inkar edyandigimi añladanok....
Aslynda su tema degişli köp jedelli hem jedelsiz pikirlem bar. Yone yazmaga yaltanyan hemem beyle bir mohum zatlar hasaplamok...
-
Adalat19
3 years ago
- @GaRa_TmyN şol öňki @Nuretdin kesearkaçly dälmi?
-
Paris
3 years ago
- Mana jogap berayin
Detjal hakda aydyp berin hany bilyaniniz bolsa
Sonam menin pikirlerime naili seretyaniz
-
Adalat19
3 years ago
- @Paris bagyşla...seni görmändirin....)))) Haýwanlar barada aýdaňda olarda duýgyrlyk örän ýokary...şol sebäpden bar zatdan habarly bolýarlar. Haýwanlary adamlaryň ekstosenslary bileň deňeşdirseň bolar.
-
Paris
3 years ago
- Ana duygurlyk nadip yokary olarda?
Name ucin bizde yok olar yaly zat?
Ewolyusiya subut etdimika suny.
Biz yagny aralyk jandarlar bolmagymyz hem ahmal.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- @GaRa_TmyN şol öňki @Nuretdin kesearkaçly dälmi?
Şol bolanda bolmanda ýokarda aýdylan zatlara oñ name dahyly bar?!.
-
Adalat19
3 years ago
- Genny inženerlykda we başga ylymlarda örän ýokary derejä ýeten bir taýpa ýaşaýar ýeriň aşagynda. Ol taýpa Çal adamlar taýpasy diýilýär. Ol taýpaň her bir adamsy 5-6 müň ýyla çenli ýaşaýar. Şol taýpaň genirallarynyň biri Detjal diýilýän oglan. Detjal realny diri jandar, hiç hili fantastika däl. Dini garaýyş detjaly azajyk mistiki persinaža öwürýär, hakykatda bolsa ol adaty adamdan känbit tapawudy ýok. Uzak döwürler bäri ýaşap ýöreni üçin ýerde bolan zatlaryň barsyndan habarly. Başga näme bilesiň gelýär? Ýahwe diýilýän hudaý şol Detjal, Ýewreýleriň dininiň Hudaýy şol detjal....ýene näme gerek saňa? Detjaly daşary ýurtlaryň goşunlarynyň biriniň geniraly hökmünde göz öňüne getir, onsoň bar zat düşnikli bolar. Çal adamlar diýilýän tire taýpaň sany adamlaryň sanyndan kän. Olaryň güýji diňe bize ýetýar. Bizden başga has kuwwatly adamlaryň taýpasy bar, olar çal adamlary öz ýanlaryna eltenoklar. Detjal 3500 ýyl mundan öň doguldy we ýene şonça ýyl ýaşar....garrana welin ýeri ele salasy geler....
-
Adalat19
3 years ago
- @GaRa_TmyN, dahyly ýok...ýöne kim bilen jedel edýäniňi bilseň gowyda...))
-
Paris
3 years ago
- Suyrenijiler bn guslaryn arasyndaky aralyk haywan arheopteriks diyilya. Yagny hemmesinde hem bar aralyk jandar.
Hemmesinde bolsa onda adamlardada bolmaly.
Menin pikirim: Maymunlaryn añy biraz osen kop zat edip bilenoklar. Adamlaryñky olardan hasda gou osen bir zatlar basaryalar. Indi bizdenem akylly bir zatlar bardyra. Belkim sol Çal adamlardyr😅
-
Adalat19
3 years ago
- @Paris, adamyň ruhy bar zady bilýär, ýöne öz ruhynyň sesini eşidýän adam diýseň az. Haýwanlar bolsa öz ruhynyň sesini eşitýärler...garaz seň soragyňa jogap berjek bolsaň ýene mistika baş urmaly bolýar...
-
Paris
3 years ago
- Mana mistika gerek dal. Ylym taydan gerek
-
Adalat19
3 years ago
- @Paris, gynansakda şu döwürki ylym diňe elläp we görüp bolýan zatlary kabul edýär...sen azajyk garaşmaly bolýaň. Diňe elläp we görüp bolýan zatlar hakyky dünýäň diňe 5% düzýär, ýa-da 3%....dünýäň galan 97% böleginde biziň soraglarymyzyň ähli jogaplary bar...
-
Paris
3 years ago
- Hawa bar bilen olsende yzyna gelyane. Men sonun yaly pikir edyan. Yone baska forma baska yerde emele gelyan
yashalym 3 years ago- Seniň munyňam bir teoriýa. Nä adamlar bilenokmy aslynda Ýeriň ýumurtga şekillidigini ? Bilim tembol kabul etýärä muny. Näme düşündirjek bolupsyň Hudaý bilsin