Men seni söýýänligimi boýun alasym gelenok. 15 ýyl dowam edip gelýär kararsyzlyk ýagdaýym. Şuny bil, bir ýürekde hem söýgi, hem ýigrenç götermek gaty agyr. 15 ýyl öň seni bir gyz bilen maşynyňda görenimden soň ýigrendim. Iň bolmanda şol sapar birinji we iň soňky sapar bolsa ekeni , begenerdim. Ýöne bu ýagdaý entägem dowam edýär. Däde, jogap ber haçan men hakda iň soňky gezek oýlanşdyň? Meni gör, maňa üns ber diýip ýyllar boýunça ýalbarýaryn, Däde. Ýöne sen... Sen 18 ýylda bir gezegem bolsa, eliňi egnime goýup : "Berekella, gyzym?" diýen wagtyň boldumy? Sen maňa ýigrenýän kimin seretdigiň saýyn, men hemme zady bulaşdyrýan. " Nätseň şeýt, ýaranyp bilmersiň oňa. Şunça azap etseňem şu ýagdaý boljak bolsa, gözünde buýsanç duýgusyny görmejek bolsaň, onda azara galma, abraý gazanyp, belende çykjak bolma. Iň gowsy aşaga iň düýbe git, garaňkylyga siň, sen şol ýerler laýyksyň" diýýän öz-özüme. Her gezek öýe baranymda gözüň içine seredip, belki bir umyt dörär öýdüp ýuwduna-ýuwduna gaýdýan Ýöne ýok. 5 ýaşly wagtym aýak gabymyň bagyny daňyp bilmeýän wagtymam şeýle bakýardyň. Häzirem edil şeýdip seredýäň. Birinji synpa okuwa bardym, birinji gezek olimpiada gatnaşdym iňlis-dilinden birinji ýer aldym. Soň "Iň eýjejik gyzjagaz", mekdepleriň arasynda iňlis-dili ýaryşy, matematika ýaryşy hemmesinde ýerli geldim. Ýöne sende şol bir bakyşdy. Ýene dowam etsem, kiçiligimiň iň uly arzuwy Türkmen-türk mekdepdi (ady üýtgedi). Şoňa synag tabşyrdym, geçdim. Taryhdan olimpiada gatnaşdym 6-njy synpdan 11-e çenli, diňe döwletden ýer almadym. Diňe olimpiada däl ýene köp ýaryşlarda mendim. Ýöne ýene şol bakyş. Tutuş obamyz arzuw edýär çagalarynyň men ýaly bolmasyny isleyarler, öýleriniň deňinden geçenimde maňlaýyna sylyp galýarlar. Diňe saňa hiç ýaranyp bilmedim. Hiç ynanmadyň maňa. Näme etdim men saňa? meni näme üçin söýmediň? Sorayan, näme üçin meni söýmediň? meň günäm näme? "Gyzym" diýip, başymy sypap, maňlaýymdan öpmegiňe men zar, Däde. Saňa her sapar bir zat bolanda: awariýa bolduň, günä iş etdiň, suduň boldy, zordan galdyň türmeden, gözüň görer ýaly däl, özünden-özi gan gelýär, işden kowjak bolup otyrlar we ş.m. Her saparky wejeraçylyklaryňda men nalap Alladan seni ýigrensemem hiç zat bolmazlygyny , saglygyňy dileýän. Belki, seni şu wagta çenli saklanam meň dileglerimdir.
Iň uly arzuwym, uniwersitete girip, adwokat bolmakdy. Şunça ýyllyk arzuwa sogan dogradyň... Indem haýsy kär bolsa-da esasy zat okuwa girmek. Aslynda, iň uly arzuw diýenlerimiň hiç haýsy meň arzuwym däldigine, asyl arzuwymyň nämedigine şu gün göz ýetirdim. Iň uly arzuwym seň söýgiňi gazanmak eken.
Amanowa Leyli
Jogapsyz söýgim... #Bäsleşik üçin
-
Manikarnika
3 years ago
- @Paris şo armanly gyz men
-
Nirvana
3 years ago
- Edil şu ýazgyny dädeňe dilden beýan et, şonda täsirli bolar. Aslynda söýýändir, ýöne belli etmezligine bir ýa-da birnäçe sebäpler bardyr. Sessiz galma, gürleşip düşünişmäge synanyş.
-
Manikarnika
3 years ago
- @Nirvana öýe ayda käwagt 2 ayda bir gezekden kop ertdirenok meni şäherde galyp okayan
-
Nirvana
3 years ago
- "awariýa bolduň, günä iş etdiň, suduň boldy, zordan galdyň türmeden, gözüň görer ýaly däl, özünden-özi gan gelýär, işden kowjak bolup otyrlar we ş.m. "
Şu zatlara näme sebäp bolan bolsa saňa mähir bilen garamazlygyna-da şol sebäp bolmagy mümkin.
-
Nirvana
3 years ago
- Seniň okamagyňa ýagny ýokary okuwa girmegiňe garşy çykýarmy?
-
Manikarnika
3 years ago
- men bir zat diyip bashlajak bolsam yumruk yalylaryň dili osupdir oye zyyan sen peydan yok garaz sheyle sozler aydanymyn peydasy yok
-
Manikarnika
3 years ago
- okuwa garsy yone mamam kop urushya shon bn okuwyň ustunde gaty kop gezek häzirki mekdebimden äkitjek boldy
-
Manikarnika
3 years ago
- "awariýa bolduň, günä iş etdiň, suduň boldy, zordan galdyň türmeden, gözüň görer ýaly däl, özünden-özi gan gelýär, işden kowjak bolup otyrlar we ş.m. "
Şu zatlara näme sebäp bolan bolsa saňa mähir bilen garamazlygyna-da şol sebäp bolmagy mümkin.
Sebäbini bilyan yone aytmaga utanyan hemmesini oz eli bn etdi ozi gunakar
-
Nirvana
3 years ago
- Sms ýaz ýa-da hat ýazda poçta et. Kakaňdan näme işleýän bolsaň düşnükli we aç-açan duýgularyňy ýaz.
-
Nirvana
3 years ago
- Isleýän*
Bolýar aýtma, ýöne sen utanma.
-
Manikarnika
3 years ago
- aytdma jogap yok berenok
-
yashalym
3 years ago
- Swn alemjahandaky haysy agzadyn :)
-
Nirvana
3 years ago
- Dädem kimi diňleýär?
-
Nirvana
3 years ago
- Dädeň*
-
Manikarnika
3 years ago
- @yashalym Layf sen haysy?
-
yashalym
3 years ago
- Men 2019 yyldaky nigini sorady. Layf agzany tanamok
-
Manikarnika
3 years ago
- Nirvana hiс kimi oz bilenini edya
-
Manikarnika
3 years ago
- yashalym Lifeisgood07 onki sonky shu
-
Nirvana
3 years ago
- Onda aňsat bolmaýar, düşünişmek.
Allah sabyr bersin saňa we maşgala agzalaryňyza!
-
Paris
3 years ago
- 2nji bolumi tayyar goyayynmy ya ertir goysammy
-
yashalym
3 years ago
- Ikisinem bilemok. Zenanmy siz?
-
Manikarnika
3 years ago
- @Nirvana sag bol
-
Manikarnika
3 years ago
- @Paris ertir goyay
-
yashalym
3 years ago
- Men 2019da giryadim. Son kop wagt yapyk durdy. Son acylanson agzalaryn hatda men nigimem yok. Bloglar guymenjedaki zatlar yok. Son agza bolmadym. Kimleri tanayadyn konelerden
-
Manikarnika
3 years ago
- yashalym hawa sen haysy agzadygyny ayt belki tanaryn
-
yashalym
3 years ago
- Yomudson
-
Manikarnika
3 years ago
- Shastye Piknik Tokmak rosso El_Buhho Ghost renkli Winston Ayna Piknik garaz kop
-
yashalym
3 years ago
- Shastye diyende gulkim tutya. Hemmeler gysyady. Ozboluslyja uytgeshik gyzdy ol
-
Paris
3 years ago
- Ok
-
Manikarnika
3 years ago
- men tanadym seni geleňde Energi Hi diyip gelyadin
-
yashalym
3 years ago
- Ayna bn biri soyusyadi yadyna dusyami ;))
-
yashalym
3 years ago
- Da da :-D
-
Manikarnika
3 years ago
- Hawa kop urusyadym şoň bn agzalar ish bolyadyk
-
yashalym
3 years ago
- Seni tanamadymla hakyky nigini atysana
-
Manikarnika
3 years ago
- Yok kim bilen? men Piknigi guman edyan yone
-
yashalym
3 years ago
- Yoklay Vettel. :-D
-
Manikarnika
3 years ago
- Lifeisgood07 layfyň içine sildi garaz şeylerak zat yazanda seň bn urusdyk
-
Manikarnika
3 years ago
- Vettel-tanamok
-
yashalym
3 years ago
- Dusunmedim. Men seni tanap bilmedim ursanyma yadymada dusenok
-
yashalym
3 years ago
- Sen lebaplymy
-
Manikarnika
3 years ago
- menem seň şo sözlemiňe dusunmändim kän bir borla yatlajak bolup azara galma
-
Manikarnika
3 years ago
- Dashoguz
-
yashalym
3 years ago
- Oy ruhunun gundeligi dp blog acyadym yadyndamy
-
yashalym
3 years ago
- Men seni Aynasyn oytdum. Charymuradovna dp giryadi
-
Manikarnika
3 years ago
- blog känbir okamoga Ayna bn menzeyan yerim yoga dusunje we dasky kesp 0-0
-
yashalym
3 years ago
- Dasoguzly bir gyz bardy 93nji yyl nigi yadyma dusenok. Sholmy siz
-
Manikarnika
3 years ago
- yok how 2003 men
-
Manikarnika
3 years ago
- boldy goy azara galdyň yatlap nätjek
-
yashalym
3 years ago
- Okk okk
Sen hol gun su yere Vettel gelende sogundin weli tanys agzamykan oyutdim ;)
-
yashalym
3 years ago
- Borla menem achylsharynda bir gun
Yomudson
-
Manikarnika
3 years ago
- tanysh biz yone seň yadyna dusenok
-
yashalym
3 years ago
- Men Vettel bn kop ursyadym.
Bashkan yadyna dusyami
-
Manikarnika
3 years ago
- Bashkan gidenson girdim men
-
Jeksparro
3 years ago
- Ony aslynda bilgeşleýin edýändir kakaň. Menem halaşýanlarym maňa ýaranyp bilenoklar. Bizar bolubam meni terk edýärler. Sende sabyr-kanagat bar. Dowam ediber. Aslynda kakaň seni has beter söýýär. @Nirwananyň aýdyşy ýaly belli edenok.
-
Jeksparro
3 years ago
- @yashalym, Aynany nireden tanaýaň sen! 😳
-
Tiko
3 years ago
- Seni içinden gowy görýändir ýüze çykaryp bilýändäldir
-
Yylgyn
3 years ago
- Leyli 3 yaşyñda bolyaña 15 ýyl öñ yadyña düşyami o wagtlar
-
Jeksparro
3 years ago
- @Yylgyn, menem 3 ýaşymdaky bolan zatlar ýadyma düşýär. Ýöne käbirleri geçmişi ýatlaman, geljegine seredýär...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Kakañ gowusy erbedi ýokdur, iñ erbedi kakasyz galmakdyr.
-
yashalym
3 years ago
- Jeksparro alemjahan.net saytyndan tanayan Aynany. Sen giryadinmi so sayta. Haysy agzadyn
Yomudson
-
Manikarnika
3 years ago
- shol zady goren çaga olse-de yatdan çykaranok shol gun shol gyzyň geyen eşigine çenli yatda galypdyr
Paris 3 years ago- Bolan zatmy