Agzalar kömegiňiz gerek. Başarsaňyz "kitapcy.com" saýtyndaky Aýjahan Ysmaýylowany tapmaga kömek edäýiňdä. Ol gyz meniň "Ak-sakal ýaşuly hem bolsa 1,2,3,4,5" atly ýazgymy kopýalap, şol saýtda göýupdur. Ol kopýalanan ýazgyny talyplar.com-yň agzasy bolan @wagt görýär we maňa "ogurluk etdiň" diýen töhmeti atýar. Inni şol Aýjahan Ysmaýylowany tapyp şonuň bilen düşünşmeli. Tapmaga kömek ediň. Kömegiňiz ýerde galmaz!
Kömek gerek. @Wagt agza bilen baglanşykly. Wajyp. Abraý bilen baglanşykly!
-
yashalym
3 years ago
- Awtorskyy prava bar, eger ol senki bolsa arkayyn bol...
@TM.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- @TM! Wah men ol zatlara düşünýänle, şol sebäpli hem öňünden awtorlardan soraýan, razylygyny alýan, alyp bilsem ady bilen bile paýlaşýan. Alyp bilmeseň paýlaşamok. Emma birzady subut etsek gowyda:(
-
Yylgyn
3 years ago
- Wagt agza diýip yorenin kozyel ment . Ilin ganyny sorup yoren. Ol asla düşünşmez normal edip
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Hä men ony tanamokdym!
-
the_end
3 years ago
- мен танаян шоны
-
Yylgyn
3 years ago
- ...biza dushunjeli oglanmyka diyip yordik
nyce✌
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- the_end! Söz atyşlaryňdadan normal adama meňzäňok! Senden gelmeli kömek ýere gömüläýsin!
-
Pegas
3 years ago
- Asylky awtory kim o ýazgynyň? Ýagny, paýlaşan däl-de, hakykatdan ýazan adam?
-
Pegas
3 years ago
- Asylky awtory kim o ýazgynyň? Ýagny, paýlaşan däl-de, hakykatdan ýazan adam?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Pegas! Men!
-
wagt
3 years ago
- Türkmen edebiýaty we taryhy boýunça giñişleýin maglumatlar bilen giñ okyjylar köpçülugini tanyşdyrmaga niýetlenen giñ möçberli kitapcy.com edebi-çeper saýtynda paýlaşylan maglumatlaryñ ählisi okyjylary tanyşdyrmak maksatlydyr. Bolup biläýjek islendik düşünişmezlikler üçin kitapcy.com saýty hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
Şeýle-de bolsa, agzalaryñ saýtda paýlaşan materiallarynyñ awtorynyñ at-familiýasynyñ ýa-da alnan (ilki paýlaşylan) çeşmesiniñ görkezilmegine berk gözegçilik edilip gelindi, hiç bir babatda anonim ýazgylar paýlaşmagyna ýol berilmedi, eger bardy-geldi paýlaşylaýan ýagdaýynda-da adminstrator tarapyndan gözden geçirilip, şobada öçürildi. Bu babatda islendik saýtdanam bir ädim öñdedigimi arkaýyn aýdyp bileris.
Gepiñ keltesi, kitapcy.com saýtynyñ wekili hökmünde siziñ bu aýdýan dereksiz ýöñkemeleriñize mundan soñ jogap ýazmagy hem öze muwapyk hem bilemok. Özüñiz pikir edip görüñ, ýokarda meñki diýýän makalañy @Mahymm atly agzamyz paýlaşypdyr, paýlaşylan materialyñ aşagynda bolsa iñ azyndan Aýjan Ysmaýylowa diýen awtoryñ at-familiýasy görkezilipdir, men bu iki zenan uýamyzy tanamok, emma bir zady anyk aýdyp biljek, ýazgy hakykatdanam siziñki bolsa, o nämüçin ony anonim paýlaşýarsyñyz? Ilki nirde paýlaşdyñyz? talyplarda paýlaşanyñ-a kitapcy.com-dan ep-esli soñ paýlaşylan we onuñ aşagynda men onuñ öñ (2019-da) kitapcyda paýlaşylandygyny ýazdym, bu bellligimde näme gördüñiz ýokuş deger ýaly? Ylalaşmaýan bolsañyz intellektual çäkde garşylyklaýyn deliliñizi orta atyp bilersiñiz. Ol Aýjan Ysmaýylowa diýilýän-ä iñ bolmanda at-familiýa goýupdyr, siz näme ücin goýañzok? ýazgynyñ awtory hakykatdanam siziñki bolsa, aşagyna öz-familiýañyzy goýmaga utanýarsyñyzmy? Ýa bir zatdan çekinýärsiñizmi?
Şu taýda paýlaşan ýazgylaryñda-ha birinde-de derek ýok, hemmesi ondan-mundan toplanan gyrp-çyrp edilen ýazgylar. Men muny uzyn-uzyn subut edibem başarardym, ýöne muña wagt sarp edeniñe degenok.
(Ýokarda käbir agzalaryñ teswirde şahsyma ýetip ýazan käbir edepsiz teswirlerine bolsa, berjek jogabym ýok, çünki ol aýdylýanlar ugrunda bar bolsa hasabyny o däl-dw men berýärin. Myjabat bolsa-da, Hakyñ huzurynda ýalan sözüniñ hasabyny özi maña berer.)
Maglumat u.n kitapcy.com-da yokarda agzalan maglumaty görkezýärin:
AK SAKAL ÝAŞULY HEM BOLSA "12345"
Kämahal awtobusa ýada awtoulaglara münüp uzagrak ýollara gidenimizde herhili desgadyr ymaratlaryň, şol sanda gonamçylyklaryň (öwlüýäleriň) gapdalyndan geçmeli bolýars. Ene-atadan ogul-gyza geçen däp-dessura görä, deňinden geçip barýan gonamçylygymyzyň içindäki ýatan merhum bendelere iman diläp töwür, doga-dileg okaýars. Emma kabir adamlar belki ýaltalykdanmy ýa başga sebäplere görämi bellidäl, misli(hamala) bir ýere howlugýanýaly töwür okamak üçin elini döşüne ýetiren mahaly töwüri jemläp "omyn" edýärler. Töwür okanynyň wagty, meň tutan hasabymdan 5 sekundada ýetmeýär. Edýän hereketlerini ösüp gelýän nesile geçirýänliginden we merhumlary sylamazlyk edýäninden bihabarmyka diýen pikir derrew kellä aýlanýar. Beýle zat bolup bilmez ahyry, olar merhum ahyry. Has erbet göz bilen seredenimizde bu hereket merhumlaryň üslerinden gülmegede meňzeýär. Şeýle pikirler bilen öz kellämi agyrdyp gelýän wagtym bir oglana gözüm düşdi. Oglan gulagy nauşnikli aýdym diňläp gelýärdi. Gelip gelip gonamçylyga golaýlanymyzda ol oglan gulaklaryndaky nauşnigi aýyrdy we egnine atdy. Töwür okamaga başlady. Hemmeler ýene şol öňki 12345 gaýtalady. Emma bu oglan takmynan bir minutdan gowurak wagtlap töwür okap ýatan bendeleriň üstlerine nurlaryň ýagmagyny diledi. Ol oglanyň dilinden okan töwirini gapdalynda duranlar eşdip bilýärdi. Hemmeler 12345 edenlerinden ep-esli wagt soňra ol oglan "omyn" diýdi. Hemmeler, hatda ýaşulylar hem bu oglana geň görüjilik bilen seretdiler. Emma meň özim ýalynyň, onda-da şeýle oglanyň barlygyna begendim we öýliýadan gowurak daşlaşanymyzda çalaja ýylgyranymy bilmän galdym. Megerem oglanda ýürejigimiň bir bölejigi galandyr. Bu oglan misli nurlanan ýaly boldy. Soň soňlaram gonamçylykdan daşlaşanymyzdada bu oglana başga adamlaryň seretmegi galmady. Emma oglan hiçzat bolmadykýaly ýene nauşniklerini gulagyna dakyp aýdym diňlemegi, daş-töweregi synlamagy dowam etdi.Beýle ýagdaý köplenç saçak başynda, nahar iýilip bolanyndan soňrada gaýtalanýar. Hamala diýersiň ALLAHYŇ beren näz-nygmatlaryna närza(razydäl) ýaly. Hemmelere degişli! Aýat doga okaýanlar, okamaýanlar, özümüze daşymyzdan seredip göreliň. Ähli zatlary dogry berjaý edenimizde biz nähili nurlanýars. Özümizi aýratyn duýýarys. Meniň bu makalam azda kände pikirlendirer diýip umyt edýärin.
Aýjan YSMAÝYLOWA.
http://kitapcy.com/news/2019-09-27-8258
-
Diospyros
3 years ago
- Bize ne awtory boldy bolmady biz diňe okaýas awtory bolsa bizi gyzyklandyränok
-
aynura
3 years ago
- 😁😀
-
BeZZaT.
3 years ago
- IDEALLIDER2 menem aydayyn dp durdum nm un oz at familiyanyzy gizleyaňiz
-
Gray_wolf
3 years ago
- Worldwide writers base, paragraf 26, punk b glasit:
- islendik internet portal yada elektron ulgamlar, shol sanda gazetler we žurnallar, islendik bir awtoryñ ýazgysyny awtordan soragsyz paýlaşan ýagdaýynda we copyright duzgunlerini berjay eden halatynda, shol makala duzgun pozyjy hasaplanmaýar we beýle arz şikaýatlar derñelmeýär!!!
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Dogry köp zat gyrp çyrp edilen. Emma olaryň aşagynda "Toplan, awtory, halk arasyndan, internet sahypalardan" diýen ýazgylary goýýan. Goýmadyk halatymda diýmek özüm ýazýan. Anonimligi özüm isleýän, saýlap alan ýolum!
-
yashalym
3 years ago
- Acyk syrta eşegem dürtüp gecyär. Anonim goylan zada her kimem bolsa eye cykar. Señ bu dawañ yerliksiz onda IDEALLIDer
-
yashalym
3 years ago
- Bular yaly dawañy ilki ozuñ awtorskiy prawañy yoredyan bolsañ etmeli.
-
yashalym
3 years ago
- Siz @wagt agzañ "ilki nirde paylaşdyñyz?" soragyna jogabam bermänsiñiz-ä. Diymek ogry señ özüñ ekeniñ.
-
yashalym
3 years ago
- "Saylap alan yolum" )))
ogrularyñ yoly bolmaya druk. Ogrulat haysy kocede name bolsa şo yola giriberye ))
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ol ýeke görer!
Syke Dali 3 years ago- Wahey