Gyzlara we Oglanlara ar-namys sowaly...
Toý sowulsada märeke köplükdi. Entek gaty garaňky düşmändi. Bir-birini jan tenden söýen ýaşlaryň bagt toýlaryny edip, maksat-myratlaryna ýetmegi gör nähili gowylyk. Öýlenen oglan Mergen, toýdan soňa galan myhmanlaryň arasynda begenip şatlanyp aýlanypýördi. Gelni Güljan hem joradyr, gyz-gelinler bilen otyryp jykyr-jykyr gülüşýärdiler. Goňşy otagda otyran Mergeniň dostlary:
-Mergen. How Mergen. Nirde senhooo!? Gelä bärik. Öýlenip ýitäýýäňlaý!? - diýip öýlenen oglany çagyrdylar. Mergen:
-Aýdyberiň dostlar näme hyzmat, ýetmeýän zadyňyz barmy!?- diýip myhmanlaryn söz atdy. Dost oglanlary, toý naharlaryndan, näz-nygmatlaryndan gowy garynlaryny doýurup innem gülki-oýuna mätäçdiler. Mergen dostlary bilen gowy görüşip ysnyşykly gatnaşýardy. Emma dostlarynyň oýununa entek taýyndäldi. Ýiti paýhasly dostlarynyň biri Gurban gapdalyndaky dostlaryna garap:
-Şu oýundana sypan ýok, hak aşyk bolsalar, bular oýundan aňsat gutularlar, serediň edişime!!! - diýip Mergene garap:
-Dostum Mergen ilki bilenä bagt toýuň gutly bolsun, goç-goç ogul bersin. Soňundanam, eşitmişime görä gelniň bilen sen gaty halaşypsyňyz. Barlap göreli diýdik. Gelniň seni är hasaplaýarmyka, seň diýenleriňi edýärmikä? Çagyryp iş buýrup görhooo! Göreli! Ýa-da eýýämden jylawy beräýdiňmi oňa!? Barlaly seni!!! - diýip hahaýlap güldi. Mergen iki odyň arasynda galdy. Içinden "bäää gelnimi çagyryp iş buýrsam olam etmese, dostlarym ömrüme üsdümden gülüp geçerler. Çagyrmasam bu hem çykalga däl. Güljan saňa ynanýan" diýip pikirlenip daşary çykjak bolanynda dostlary "gidip ýolda gelniňe duýdurmazyň ýaly ýanymyzda durup çagyraý" diýip sakladylar. Mergen gapynyň işiginden gelnini çagyrdy. Güljan şyňňyr şyňňyr edip gyzyl kürteli otaga girdi. Şol pursat dostlarynyň biri süýjili gutydaky kemputdyr kökeleriň barysyny halynyň üsdüne serpip göýberdi. Mergen ýuwaşlyk bilen "Çöple" diýdi. Geliň bolsa... (SORAG ŞEÝLE:-gyzlar siz nähili hereket ederdiňiz? Oglanlar siz näme hereket edenini islärdiňiz?)
Awtory: IDEALLIDER.
Gyzlara we Oglanlara ar-namys sowaly...
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Jogap beriň, soň öz jogabyňyz bilen goýuljak jogaby deňeşdirip görüň. Manysy "Dostlary Mergeniň heleýgulydygyny ýa däldigini we gelnine diýen etdirip bilýändigi ýa söziniňem gelniniň ýanynda geçmeýändigini" anyklajak bolýarlar.
-
Paris
3 years ago
- Eger hakyky soygi bolsa mena ol geline komekleserdim onsonam ol suyjileri doken bn dostuma edil onun oyune baranymda sonu edip goryedim .
-
LadaKalina.
3 years ago
- mergen samsyk bolaymasa
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- LadaKalina! Sebäbi...?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Paris! Seň pikiriňçe geliniň işini edişmäge kömek etdigiň bolanokmy?:)
-
Paris
3 years ago
- Baska is bolsa edtiryadimde yone yere sacylan zat hemmanin onunde bir hili bolyara. Yone olarada dusunmeli ( gyzlarada)
-
LadaKalina.
3 years ago
- sen gelnini toydan son doslan yanyna çagyrjakmy?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Mbäää. Iki sany dogumly oglana ýykdy, LadaKalina we Paris. A galanlary bukulup oturmagy saýladylar, sebäbi köpleriň özüne göwni ýetenok:)
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ýykdy-däl *Çykdy bolmalydy, harp ýalňyşlygy gitdi:)
-
Paris
3 years ago
- Soraga gou duzulen yone. Durmus sapagy owrensen gou bolor basyna gelende 😅😅
-
Paris
3 years ago
- Kalb basga Yurek basga diyipdirler
-
Xyivenia
3 years ago
- Cople diyen bolsa yygnamaga baslardym
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ok. Herkim bir-ýerlerden dogumluluk tapyp, jogaplar goýsunlar:)
-
Arzuwum
3 years ago
- olar ýaly zat her täze öýlenen oglanyň öýünde edilýän zat, çigit çigitläp çöpledýänlerem bar, bir gezeklikçe däp üçin çöplärdim, emma soňlar hem beýle ýagdaý gaýtalansa bolmaýa, bu sylanyşyksyz bolýa, iki tarabam bir-birini sylap hormat goýsa gowy bolar
-
yashalym
3 years ago
- Ol yerde durmusa cykan yigdini gepe goymazlyk ucin yygnar herk kimem bolsa meselem ozumem yygnardym yone oglanlan sol edyan oyny gaty bimanylyk,gelnini onnada ilkinji gununde mena oglan bolsam gysganardym bir topar erkek adamlan yanna goywermane dostlam bolsada
@zolushka
-
Xyivenia
3 years ago
- Yone oglanlaryn yanynda egilip yygnamaga baslasan hem birhilirak
-
LÄLEJIK_GYZ
3 years ago
- pffff haýsy samsyk yere saçylan zady gelnine yygnadara birhilä ola dostlarynyň ýanynda
-
yashalym
3 years ago
- Her kim ozi hem etmesin basgalan oyunde dostlarnada etmane rugsat bermesin seyle bolsa has gowy bolardy
zolushka
-
Arzuwum
3 years ago
- özüm oglan bolsam çagyrmazdym, sypaýylyk bilen, dostlar menä sizden gelinimi gabanýan diýip oýuna salyp diýip göýbärdim
-
yashalym
3 years ago
- Ideallider sen yygnadardynmy ya eyyam yygnatdyrdynmy?
@zolushka
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ehtyyy. Berekella, dogumly tm gyzlardan aýlanaýyn. 2 oglan we 5 gyz jogaplady!🤩👍
-
Gray_wolf
3 years ago
- Menä edil soñky pursat Sona bar içerik gir diyerdimde, shol kokani seçen dossumyñ ozune çopledip yzyndanam sikdir diyerdim.
Bellik: dos diylen zat beydip prikol tutmayar we olar yaly prikol tutyan dos maña meselem gerek dal.
-
yashalym
3 years ago
- Olar ýaly däp bolanyndan däpsiz bolanyň müň esse gowudyr. Men ärimi är hasaplaýanymdan, ýa-da gelinimi gelin hasaplaýanymdan diýenini edip-etmeýänimden, etdirip-etdirmeýänimden ol erkeklere näme?
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Ýok. Men inni toý etmeli. Haçanlygy bellidäl:)
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Gray_wolf! Inetde hapa sögünip medenýetiňi görkezmek edeplilik-terbiýelilik, erkeklikdäl. Sebäbi lolylaram şeýle zatlary başarýar!
-
Xyivenia
3 years ago
- @Gray_wolf ötä gitdinizay medeniyetli gurlali
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Gray_wolf! Buýruk bermäg hakym ýok, buýruk beräýemdede başgalary sylamadyk meni hem sylamaz! Ýalbaramok, ýalbarşa haýyşa mynasyp hasaplamok. Maslahat berýän. Hapa sögünmeseň gowy bolardy. Öz mertebäňede başgalaryň mertebesinede!
-
Gray_wolf
3 years ago
- Men dogry zady dogry aytdym. Ondan kulturny soz tapylanok sholar yaly doslara, we sholar yaly adamy dost sayyanlarda asyl kelle yok.
-
yashalym
3 years ago
- Dostlara samsyk, Mergen hem namysly bolsa çagyrmazdy jem etdirmezdi. Seniň aýalyňy sylamajak dost nämä gerek. Hä eger ýan ýoldaş dälde gul alan bolsaň onda başga gürrüň. Onda isleseň Güljany olaryň öýüne aram aram ullanmaga hem berseň bolar.
-
FanB...
3 years ago
- Dost hakyky bolsa beydip zat secmezdi. Barde gorunyan zat oglanyn dosty oglany yuwasrak goren yaly. Dap dessura bilemok welin beyle hapacylyk gerek dalmika diyyan. Bizem gitdik taze oylenen dostumyz çaya cagyranda. Yone ak koyneginiñ 3-4 sany iligini goparyp sony çatdyryp gorduk. Gelinem ol jaya gidip catyp geldi. Umuman ol oglan çopledendir dp pikir etyan emma sol dosty bilen son gatnasmadyk bolaymasa.
-
Gray_wolf
3 years ago
- IDEALLIDER2, okey dos, sorry, indiki sapar kulturnyja jogaplajak bolaryn))
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Kulturny söz diýesiň gelse ine saňa "Şeýle dostlarym bolan bolsa şol oglanyň aşagyna telpek oklap kowardym"(Şükür-bagşy)-eserinden.
-
yashalym
3 years ago
- Gray wolf bu diyyaninizi sizem basarmarsynyz
@zolushka
-
yashalym
3 years ago
- Güljanyň hem özüne az sylagy bolsa seçilen zatlary eline alyp mergeniň hem dostlarynyň ýüzüne zyňardy.
-
yashalym
3 years ago
- Şular ýaly biderek dostluklar, däpler ar-namysy aňladýarmy?
-
yashalym
3 years ago
- Ideallider soraga jogap bermansina dine oylenmedigini aydypsyn,senem yygnadardynmy?
@zolushka
-
Gray_wolf
3 years ago
- FanB..., edil realny bolayan halatyndada copletmezdi lyuboy ozuni sylayan erkek adam. Ayal seniñki, sen ony iliñ zadyny çopletmane alañoga, sen o ayal bln butin omur bile egin egin yashamaly, seniñ mirasdusherleriñ gelejekki ejesi, size oyundyr, yone ayal mashgala oz yerinde mukaddesdir we islendik ayalyam wagtynda eje bolyar, eje, ene, hemmesem mukaddes. Beydip prikol tutyan erkek bilen bagtly yashap bilermika ol ayal? Ana sorag..
-
yashalym
3 years ago
- Oglanlaryň hyzmatçysydygyny şol ilkinji günlerden subut edýän gyzlarda-da kelle ýok.
-
Bibish
3 years ago
- ôñem bir yerdà okapdym. meñ pikirim edil sho pursat toçna nàm etjegimi bilemok.yône hàzirki pikirim sùyji-kôkàni yygnardym.
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Zolushga! Jogaby täzeden häzir goýaryn. Taýynlap durn. Hemmelere duýduraryn!
-
Gray_wolf
3 years ago
- @zolushka, namani basharmazdym? Aslynda toyda meñ dossumyñ eli çykdy gushak çozdude)) eger shu waka mende bolan bolsa, men nawileyin, doslarymy reanimatsiyadan tapmaly bolaymasa, priçom reyanimatsiya olary gelinim ugradardy😂
-
yashalym
3 years ago
- Özüni gullyk mertebesinde goýýan zenanlar ýygnar.
-
yashalym
3 years ago
- Gusak cozdi,ilik ya bagjyk catdy diyen yaly dapler name onna?bu oynun anyrsynda su dap dessurlar yatyr yone kop kelpen adamlar tarapyndan oylanyp tapylan zatda buda.
@zolushka
-
Gray_wolf
3 years ago
- Ayalyma, seni sylayanlygym üçin we bular yaly dapleri bilyanim üçin umsumjek "bor" diyip yygnardym diyyar (eger arassa geliniñ pikiri gyzyklandyryan bolsa)
-
yashalym
3 years ago
- Baybuuuu oglanlar grayin gelninden seresap bolun gusak cozda gatnasman oyunize gaydywerin😀
@zolushka
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Goýuldy!!!!!!!
-
Gray_wolf
3 years ago
- @zolushka, aytyana gushak cozdude gelnime doslarym eline urup azar beryakaler, bir dos oglanym has otä geçdi, gelnimem egni bilen yañkyny bir susdi wolin, dossum tapjandan agyp gaydypdy😂 beylekiler ol agany galdyryança gelnimem gushagy chozdide oturyberdi))
-
yashalym
3 years ago
- Hemmelerem sol edilyan zadyn yalnyshdyvyny bilsede,hernace halamasalaram ilkinji gununde seyle samsyk oglanlan arasynda adamsyny kiceltmwk islemez we coplar
@zolushka
-
yashalym
3 years ago
- Gray wolf gelnine menden 1+ hakyky turkmen zenany😄
@zolushka
-
yashalym
3 years ago
- Bularyň hemmesi aýallaryň "satyn alynýan" döwründen galan. Siz aýallar özüňize sylagyňyz bar bolsa, siz erkekler siz özüňize ýan ýoldaş gerek bolsa satyn almaň, satylmaň. Süýt hakmyş bular hemmesi satmak bolýar. Hapa tort diýeniň bilen tort bolanok.
-
yashalym
3 years ago
- Ayallar ozlerni satdyrmaya gyza galyn gecirip almagy dine oglan tarapyn peydasyna ahli gecen galyn yzyna gelya+ gelinem gelya
-
yashalym
3 years ago
- Wajyp däl yzyna gelmegi, aýtdyma boka tort diýeňde tort bolanok. Satmak işi edilen soň yzyna gelýär diýip özüňi ynandyrarsyň. Yzyna geljegi hem gümana, gelmäni hem biler.
-
yashalym
3 years ago
- Barar, in bolmanda gyzyl say sepler barar,kyn gununde zerury cyksa satyp derdine yaratmak erbet zatmy
-
yashalym
3 years ago
- Barjagy fakt däl.
-
yashalym
3 years ago
- Yeri bolya onna sen satyn alma gyzy oylenende,yone muny etmek uxin sen ya basga milletden gyz almaly bolarsyn ya da alyp gacmaly bolarsyn basga wariant yok
-
yashalym
3 years ago
- Gaçarys gerek bolsa
-
yashalym
3 years ago
- Yolun acyk bolsun! Yone esasy zat baylykda ya galynda dal ,"iller seydya,menem seydyan"diyeninki yaly bolsada kem dal azrak sowgatlyklar,yone kabirleri has gozuni cykaryalar menem garsy seyle edilmesine
-
yashalym
3 years ago
- Sowgat berýän tarapyndan açyk ýürekden we gymmatlygy özü tarpyndan kesgitlenen we garşylyksyz bolmaly. Eger gymmatlygyny garşy tarap çözýän, we garşysynda bir zat alýan bolsaň muňa alyş çalyş diýilýär. Ýagny alýarsyň we satýarsyň. Ýagny önüm we pul bar. Puly berýäň önümi alýarsyň.
yashalym 3 years ago- name manysyna dusunmedimlay