Ertir.com edil Talyplar.com ýaly däldi: manyly, diskussiýa girip bolaýjak, bir zatlar öwrenip bolaýjak... mowzuklar açylýardy. Agzalary грамотный-dy. Beý diýsem, "грамотный" bolmak diňe ýokary bilimden ybarat diýdigim däl. Diňe orta mekdebi okanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly diýseň sowatlydy, medeniýetlidi, edeplidi...
Dogry, "Süri agsaksyz bolmaz" diýilýär, ol ýerde hem bardy ýek-tük dawaçy, boş-boş gohlary turuzýanlar, biriniň göwnüne degmekden lezzet alýanlar... Даже özüm hem birnäçe agza bilen "gan-da-pyçak" bolupdym... Şol ýerdäki agzalar bilen şondan bäri dogan ýaly bolup, maşgala bolup gatnaşýan oglan-gyzlarym, gelnejelerim, agalarym bar häzirem ("Agalarym" diýmegim, ol döwürler iň kiçisi bizdik). Ýöne şol agzalaryň içinde dünýeden gaýdanlary hem bar. Göz öňüne getiriň: şu gün seň bilen mowzuklaryny paýlaşýar, maslahatlar berýär mowzugynyň üsti bilen, ýa bolmasa, pikirler bölüminde pikir ýazyp, pikiriňizi okap, prikol tutuşyp otyr. A ertesi hem şol agzalar barada gynançly habar gelýär... Biriniň uzak wagtlyk keseli bar eken, beýlekisi bilen betbagtçylyk hadysasy bolup geçýär... Ikisem ýaşdy, akyllydy, sowatlydy, alçakdy, agrasdy, medeniýetlidi...
Men bu zatlary näme üçin ýatlaýan? Şu wagt girdim saýda welin, tutuş 2 sahypasy sögünçler, kemsitmeler, bolar-bolgusyz şahsa ýetmeler... Nämä gerek şu zatlar??? Ýa nämä peýdaly şular??? Ertir.com'daky ýaly ýagdaý ýüze çyksa (Alla saklasyn!), hiç ynsap azaryny çekmezmisiňiz??? Jahyllygy goýup, has goýazylaşmagyňyza wagt bolmadymy???
ÜNS BERMEGIŇIZI HAÝYŞ EDÝÄRIN!!!
-
ZET-PRO2003
3 years ago
- serawno haramzadalar haram bolýa.!
-
™Serdar™
3 years ago
- Dogry aýdýaň dos
-
Black Wolf
3 years ago
- Sapa aga dogry yadyan yone name etjek saydy kella geydiler agsam urush baslapdy ertir turup girip okap name yazjagymam bilman goydym.
-
TM.
3 years ago
- 😔😔😔biriniñ kimdigini bildim we meni gaty gynandyrdy.Dine saglyk dileyan,elimden dine shol gelyar
-
Black Wolf
3 years ago
- Kim ol tm.
-
Tiko
3 years ago
- Şul aýtdylýanlar ters düşünýänlerem bar. Haçanam bolsa akly goýalşyp düşünerler diýip umyt etýän
-
Xyivenia
3 years ago
- Men hem girdim duyn urus-sogus cykdym girmedim ertir girsem duyn girenimden hem kop sogus bolupdyr. Su agzalaryn derdinden sayt yapylmasa bolya. Beyleki saytlardan mun esse gowy bu sayt.
-
Xyivenia
3 years ago
- Basga saytlara kan giremok su sayty halayan. Sapa aga akyl geljek bolsa gelerdi "Öwrenen gylyk ölende galar" diyyaler barybir peyda etmez diyip oylayan :(
7.04.2021 18:32
-
Xyivenia
3 years ago
- Sonda-da gurleman goyanynyzdan gurlaniniz gowy
-
Gray_wolf
3 years ago
- Dos dogrymy aytsam, seniñ maslahatyña eyerip men shunça wagt dymyp gezdim, hatda dushundirip mowzugam açdym, emma dushunmese bizde näme gunä bar?!
loveee_@ 3 years ago- догры айтяныз