Seň sözleriň aram berdi kalbyma,
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.
(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.
Gözlerime uçgun geldi täzeden,
Sözlerime şeker-ballar dolandy.
Asmana ymtylyp uçmakçy bolsam,
Aýagyma elwan güller dolandy.
Zeminem bu bagtdan hantama çünki,
Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.
Şu bagt üçin, geljek üçin, yşk üçin,
Saňa baky minnetdar men, Eneşim!
27.03.2021ý. 01:17
“Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim...”
-
Sada...
3 years ago
- Taze goshgy,tuweleme.
-
Nirvana
3 years ago
- Ol saňa minnetdar!
:)
-
Yylgyn
3 years ago
- Awtor bu goşgydaky "Eneş" ýagny gyz göçme manysymy? Çünki hemme zat üçin ullakan bagty berip bilýän diñe Biri Bar.
-
A93
3 years ago
- Täzeje goşgy okamadygymada köp wagt boldy 👍
-
TM.
3 years ago
- 👍🏼👍🏼👍🏼👍🏼
-
Wonderfull
3 years ago
- 👍👏👍👏
-
Nirvana
3 years ago
- Yylgyn Eneş göçme manyda däl, ýöne sen düşünýän bagtyň bilen bu ýerdäki agzalýan bagt bir däl.
-
yashalym
3 years ago
- Eneshim😊
Gowy goshgy bolan👏👍👏👍
#BegCon 3 years ago- Eneshim :-)