Ol döwürler ýaňy öý telefonyna jogap berip başlan wagtym. Biziňem Balkan welaýatynyň kenarýaka ýerlerine göçüp baran döwrümizdi. Bu ýeriň şiwesem üýtgeşik. Mysal üçin: bu ýerlerde "kaka" sözüne, "däde" diýýäler. Menem kiçiligimden eje- kaka sözüne öwrenşipdirin.
Bir gün giçlikräk çaý-içip otyrdyk. Öýe jaň geldi. "Men alaryn" diýip, ylgap baryp aldym. Çaga wagtym bolansoň, gepleýşimem çaga dilinde:
-Alo
Bir daýy:
-alo, gowmy bala.
-Howwa
-Dädeňe beräý telefony.
-Meniň dädem ýok kakam bar.
-Ýoo kakaň gerekga dädeň gerek.
-Dädem ýoga meniň kakam bar.
-Dädeň bady-ra seň
-Ýok kakam bar meniň.
-Sen Gurban agaň gyzymy?
-Howwa
-Bolupdyr onna bar dädeňe ber
-Dädem ýok meň
-Bolýar bar onna Gurban aga ber.
"Kakaaaa" diýip, kakamy telefona çagyrdym. Telefondaky daýy:
-Kakaňa däl dädeňe ber.- diýip, howsala düşdi. Jogap berip bilmäkämem, kakam gelip telefony aldy.
Inni-inni pikir etýän kimkä şol daýy. Şumat nirde, näme etýär. Kakamdan sorasamam onuň ýadyna düşenak. Bu wakany dost-ýarlarym bilen paýlaşsam: "Bäääh Sofiýa, şol döwürlerem adamlaryň için ýakyp gezýän ekeniň" diýäler.
Bu bir çagalygymda ýatdan çykmajak pursatlarymyň biri. Ol daýam eger meni, şol wakany ýatlaýan bolsa, şol döwür kyn ýagdaýa salanym üçin bagyşlasyn.
Bellik: Men ol adamyň däde diýip kakama ýüzlenýändigini bilýärdim onna-da çaga-da diýenimi gögerdipdirin.
Sofiýa Babaýewa(Xyivenia)
Çagalygymdan bir pursat
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Olar atalaryna kaka diýýär
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Olar atalaryna kaka diýýär
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @natanysh adam wii hehe uytgeshikle ata kaka dip baxx
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Leyla
Her ýeriň öz şiwesi. Siziň şiwäňizem bizä örän geň
-
Xyivenia
3 years ago
- Bizde kakana ata diyilyar
-
yyldyz.
3 years ago
- Dashoguzlymy sen
-
yekejam.
3 years ago
- Bizde ata,kaka,dade hemmesem ulanylyar.Bizde her posyolkañ gurleysi uytgesik
-
yyldyz.
3 years ago
- Dade sozi balkandada ulanylyar ekena mena dine dashoguzdadyr diyyadim
-
yyldyz.
3 years ago
- Teswirleine uns berdim.
@natanys adam senem dashoguzlaryn shiwesi bilen yazyan
-
yekejam.
3 years ago
- Lebapda Gazojak seyle Dashoguzca gurleya.Arasy yakyn bolany ucindirda
-
Wrestling
3 years ago
- Şiwämiz üytgeşik bolsada hemmämizem TÜRKMEN
-
yyldyz.
3 years ago
- Wrestling dogry aytyan
-
Xyivenia
3 years ago
- Howa @Wrestling :)
-
LadaKalina.
3 years ago
- dade sozi kaka diymek bolsa onda o sozi ulanyanlar inlisce owrenjek bolyandyr we kaka diyman dad dad dade bolandyr :D
-
yekejam.
3 years ago
- Hehe lada jigim tapayyanay =) onsoñ sizde kakañ erkek doganlaryna name diyilya
-
LadaKalina.
3 years ago
- @yekejam pylan kaka diyyas dadà diyemzok
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- 1 ýyl boldy, hälem doly öwrenišedim:)
Intägem, şol "oñatmy", "sagaman turduñmy" sözleri ulanýan. Soñky döwürä yorite ulanyan))
Dostlarymam: "Oñatmi" diýip degişýäler käte:)
-
yyldyz.
3 years ago
- Şiwamiz bashgacarak bizin )) ozem uytgeshik)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- *m
-
yekejam.
3 years ago
- Bizde kakañ doganyna aga diyilya.Marylylar plan ata diyyaler su taydakylara.
Menem oñatmy diyen sozi gowy goryan. Lebaplylar gurleya welin gaty yakynda ozume.Kabiri has sada gurleyarey.Mana,hoyla,bôrde,eni diyyalera kabirleri
-
yekejam.
3 years ago
- Akif_Turkmen nireli siz?
-
Xyivenia
3 years ago
- Bir gezek oba gitdik gygyryp otyr diyman hakyryp yatyr diyyan ekenler
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Balkan
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Akif_Turkmen niresi
-
yekejam.
3 years ago
- Eni ola dap-dar koynek giypdir diyya biziñ kabir obamyz.Aslynda Way ol darajyk koynek geyipdir bolmaly.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Menem Turmenbashyda (Awazada) gulluk etdim. Hakykam ol yerinin shiwesi uytgeshik eken. TNGIZT-na naryada chykamda yerli rayatlar bilen sohbetdesh bolanymda kop sozleri has tasin eken. Ola Mary dili barada kop zat sorayardy, menem Balkan. Yone esasy bellemeli zat, iki tarap hem birek-birege hormat goymaly, biz hem shony edyardik... Gaty gyzyklydy shol dowurler... Wah gulluk yyllarym, gulluk yyllarym...
Setir durduk, sowuk garyn ustunde,
Tas gaynapdyk, yssy gunun astynda.
Gechermika iki yylyym ustumde—
Wah gulluk yyllarym, gulluk yylarym.
-
kalbynur...
3 years ago
- Bizem dade diyas
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Setir durduk, sowuk garyn ustunde,Tas gaynapdyk, yssy gunun astynda.Gechermika iki yylyym ustumde—Wah gulluk yyllarym, gulluk yylarym.
Gowy eken
Nirvana 3 years ago- Olaryň dilinde kaka näme?
Biz ikisinem ulanýas.