Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Söhbetdeşlik dowam edýär. Kowalap-kowalap, ahyry CeriumOxide-y (Serdary) tutup, ondan bu babatda rugsat aldyg-aý kynam bolsa, uff (maňlaýdaky derimi sylýan/süpürýän-laý:) ) Serdar barada aktiw agzalardan bilmeýäniňiz ýokdur-la:) Şeýlemik diýýän, sebäbi, olam örän aktiw bolansoň, her gün her sagat jikgerilip oturandyr sahypada online bolup :) Diňe online hem bolanok, örän peýdaly we köpsanly mowzukdyr ýazgylary hem açyp, ýazyp dur, 1000 berekellah! Ony bu babatda görelde alalyň-a, agzalar :) Serdar barada ilki özüm gysgajyk ýazaýyn: Serdar Owmadow Baýramalyda doglan bolmaly 1983-de. Ony Baýramaly TTM gelenden soň tanadym. Bizden 2 klas (3 ýaş) kiçi bolansoň, kän bir gowy tanamokdym,. ýöne kiçijek bir zatdy, indi ullakan bolup gidipdir :) Uniwersiteti Türkiýäniň Izmir şäherinde okan bolmaly. Häzir hem ol Türkiýede we bärigem şol taýdan ýazýar. Onuň aýdym-saz bn arasy örän saz öýdýän, açýan mowzukdyr ýazgylary munyň aýdyň şaýady. Ugry himiýamyka diýýän, ulanyjy ady hem munyň şaýady :)) Indi galan zatlary onuň özünden soraýalyň, hä?! Hawa, aşakda başlaýas onda, ýagny, mikrofon sizde, hormatly agzalar:)
CeriumOxide bilen söhbetdeşlik
-
ata
16 years ago
- soraglar dowam edýär:
3- Näçe dogan siz?
4- Baýramaly TTM-da seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
5- Türkiýede haýsy uni-de we haýsy bölümde okadyň?!
6- uniwersitetinde seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
7- Meň bn hem tanyşlygyň bar mekdebimizden, menden göwnüň galan ýeri ýa begenen ýeriň boldumy?! Ynjydan bolsam bagyşla! Meni kiçileriň nähili tanaýandyklary hem gyzyklandyrýar, diňeje walbolist diýensiňizdir-le, Gadam Paşşy dagy bn:)
8- Bu sahypany nädip tapdyň ýa-da kim seni bärik getirdi?!
9- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?
10- Aýdymçylardan, sazandalardan, režisýorlardan, şahyr we ýazyjylardan halaýan ynsanlaryň?!
11- Geljekki maksatlaryň?
12- Agzalara maslahatlaryň?
13- Täze sahypa açjak diýen "myş" bar, aýdym-saz sungaty boýunçamy ýa başga?!
Häzirlikçe bular, beýlekilere-de sorag goýaýyn :)
-
CeriumOxide
16 years ago
- ata aga sag bol!
ýok men baýramalyda dogulammok, Maryda doguldym emma enem-atamyň işi zerarly garagum etrabyna göçdük, şondan bärem garagum(ýagty ýol) etrabynyň raýaty!mekdebi 5-nji synpa çenli garagum etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okadym. ýaşlyk ýyllarynda öz deň duşlaryndan öňe saýlanan serdar... :D:P
soň baýramaly türkmen türk mekdebiniň egzamenine enem atamdan habarsyz, hatda rugsat bermänlikleri üçin gizlin girdim. we okamaga hak gazandym, ondan soňy hem turkiýa durmuşy,,,
öýlenjek welin özüme mynasyp gyz tapammok :P
oýun etýän ata aga, allam nesip etse öýlenjek, maňa we öýlenmekçi bolýan gyzyma amatly wagt bolanda!
-
ata
16 years ago
- hmm, diýmek, biri bar ýazgyňa görä :))
-
CeriumOxide
16 years ago
3- Näçe dogan siz?
3 dogan, 1. gyz doganym, 2.men 3. oglan jigim
4- Baýramaly TTM-da seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
begendiren waka, klasdaşlarym bilen geçen günümiz gyzyklydy.
iň gynandyran waka welin, men mekdepden gaýdamsoň boldy, klasymyzda hemme kişiniň gowy görüp sylaýan mugallymy, klas ýolbaşçymyz Murat Turan-yň biwagt aradan çykmagy boldy!(jaýy jennet bolsyn)
5- Türkiýede haýsy uni-de we haýsy bölümde okadyň?!
istanbul uniwersiteti, ykdysadyýeti dolandyryş ugrundan okaýan.
7- Meň bn hem tanyşlygyň bar mekdebimizden, menden göwnüň galan ýeri ýa begenen ýeriň boldumy?! Ynjydan bolsam bagyşla! Meni kiçileriň nähili tanaýandyklary hem gyzyklandyrýar, diňeje walbolist diýensiňizdir-le, Gadam Paşşy dagy bn
bizi kiçi diýip urmaýanlygyňyz üçin sylaýadyk :D
8- Bu sahypany nädip tapdyň ýa-da kim seni bärik getirdi?!
talyplar.com diýip türkmençe forum bardygyny bilýädim, emma forumlar bilen gyzyklanammokdym, sebäbi türkmençe forumlaryň ibalysy ýokdy,,,
soň bir gün "güneş ansambly" barada internetden gözläp otyrkam duş geldim, we şondan bärem şu ýerde, kowmasalar integem bolarys!
9- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?
hobilerim:
aýdym diňlemek, surata düşürmek we suraty gaýtadan işlemek, kompiýuterde işlemek we internete girmek, ýüzmek, diving(çümmek:D), ýurt gezmek, stol tenisi(ping-pong), galatasaraý-yň oýunlaryny seretmek, habarlary seretmek, aý sanasam sanarn oturaryn
fobilerim:
ýeke galmak, garaňkyda hiç zady görmemezlik.
10- Aýdymçylardan, sazandalardan, režisýorlardan, şahyr we ýazyjylardan halaýan ynsanlaryň?!
halaýanym köp, diňe esasylaryny ýazaýaýin!
Atabaý, Akyş, Nazar Fm, Nury Halmammedow
daşary ýurt bagşylaryndan: Toto Cutugno, Travis, Julio iglesias, bad boys blue, c.c.catch, modern talking, laskovyý maý(şatunow).
Artistlerden, meg Rayn :)
11- Geljekki maksatlaryň?
maksat kän, ýöne aýtmaýin, pikirimi ogurlanlar bolar;)
watanyma peýdaly raýat bolup bilsem başga zat gerek däl!
13- Täze sahypa açjak diýen "myş" bar, aýdym-saz sungaty boýunçamy ýa başga?!
hawa, bir proýekt bar, ýöne ýeke özüm däl, şu sahypada başga bir agza bilen bilelikde, näme hakyndadygynam açylanda görersiňizdä:)
ýaman kän ýazdymlaý!
-
CeriumOxide
16 years ago
- hää halaýan şahyrlarymy ýazmandyryn,
iň esasylary:
magtymguly, mollanepes we gurbannazar ezizow
-
BUDULAY
16 years ago
- Ay, sagja bolow! Gyzykly yagday!Iki sany agza(klient) bir birlerini reklama edya! Sag bolun sizin ala pathalymlarynyz!
-
ata
16 years ago
- budulay, bärik gelip samsyklama bolýarmy?!
Şu adminlik wezipesinden gaçarak durjak bolýan welin bolanog-ow! Aslynda, häzir degişli mowzuga bu barada bir teklip etjek.
Saňa şuny aýdaýyn, budulay!
Adam ýalyjak bolup, sahypa gireňde ýazgylary oka, adam ýaly jogap ber! Eger kilçerip, samsyklap bir ýa birnäçe agzaň şahsyna ýetseň, göwnüne degseň, kiçeltseň, paýyş sözler ýazsaň we ş.m. onda saňa ilki duýduryş geler bes etmegiň üçin. Eger diňlemän dowam etseň welin, onda IP adresiň alynyp, agzalygyň ban-lanar we gaýdybam girip bilmersiň şol IP-iň we agzalygyň bn!
Muny islýän dälsiňdir-ä, budulay?!
Bäri birnäçe bölümden ybarat sahypa. Içinde söhbetdeşlik bölümi hem bar.
Söhbetdeşlik bölüminden men jogapkär we şu wagda deňijem 7-8 agza bn söhbetdeşlik geçirdim, muny meň açan mowzuklaryma seretseň görersiň!
Adam ýalyjak bolup, Serdara sorajak bolýan soaglaryňy sora, soramasaň diňe oka! Bolmasa-da özüňe degişli biderek pikirleriňi özüňe sakla! Bolýarmy?!
Hemmämiz üçin:"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
-
BUDULAY
16 years ago
- Waaah! Indi shantaj edip ugradylar! Islan zadymy yazaryn dost!islesen blokla ip mi,yone menden bashgada bu ip den giryan kop,biderek agzalary yitiraymesen! Reklamada reklama diyip yazjak,sizin alapathalymlarynyz!
-
ata
16 years ago
- Allahyň salamy saňa bolsun, Budulay!
Jogapkärlere bu ýagdaýy bildirjek, gerekli çäräni tapyp, amal ederler, enşallah!
Bu häsiýetiňi goýmagyňy ündeýärin, siziň aly hezretiňiz - budulay beg!
-
Harmandali
16 years ago
- Shu Ata agamyz bize sorag goyanokda her gezek.
öýlenjek welin özüme mynasyp gyz tapammok
1) Size mynasyp gyz nahili bolmalyka?! Garaz ideal diyyaninizde nahili hasiyetler bolmaly?! Eger birden isleyshiniz yaly gyz turk ya-da bashga yurtly bolsa oylenerdinizmi? (hemmesinede jogap bermeli :) )
2) Shu wagt TR-da bolsanyz TR-dan TM uchin nameler owrensek bolar? Diyjek bolyanym olaryn kabir sistemalaryny bizin yurdumyz uchin hem owrenip peydalansak?!
3) Geljekde TM-nyn dashynda yashamak hakda pikir edyanizmi belki biraz wagtlyk bolsa-da?
Sorag galmady oydyan
Sag bolun sizin ala pathalymlarynyz!
Yene-de shun yaly biderek agzalar chykyp bashlady. Hayysh Budulay normalniy zat yazyp bilmeyan bolsan woobshe yazma! Internetda-da bir pathalymlyk bolarmy?!
-
Maxat
16 years ago
- serdar sen goroskopyn name?
-
Maxat
16 years ago
Garaz ideal diyyaninizde nahili hasiyetler bolmaly?!
şeyle bir söz bardy öytyan,
"gyzyn gowysy gyşyk çatmadan çykar" diyip
-
CeriumOxide
16 years ago
- maxat men seni garşy almak niýetim bardy, emme gije giç ýatyp şu wagt turdum, telefonyňy näme açaňňok?
-
CeriumOxide
16 years ago
serdar sen goroskopyn name?
streles (ýaý)
-
Maxat
16 years ago
men seni garşy almak niýetim bardy
irden 10a okuwa mülakata yetişjek bolup eglenman gaytdym istanbuldan, olam gowy geçdi, mülakata-da almadylar, kwota 3 adam, we adyny yazdyranam dine men ekenim, onson syrtarypjyk gaytdym
-
CeriumOxide
16 years ago
- harmandäli men o sözi oýun edip aýtdym, köp oglana näme üçin öýleneňňok diýseň şýle jogap berýä:D
maxat ikiňiziň jogabyňyza bile jogaplaýyn!
1. gowy maşgaladan terbiýe alan bolmaly,
2. dünýa garaýşy giň bolmaly, hokman ýokary okuwy gutaran däl, ýöne aýdylan zada düşünmelidä
3. çaga söýer bolmaly, myhman söýer bolmaly, öýe myhman gelende ýüzüni turşartýanlary halammok
4. gözýetimi giň we dine, yslama gowy garamaly, ýoldaşy ýalňyşan ýerinde maslahat berip biljek derejede bolmaly
5. gözellik hem gerekli zat emma ondan has zerurlysy guş kelle bolmaly däl!
Eger birden isleyshiniz yaly gyz turk ya-da bashga yurtly bolsa oylenerdinizmi?
ýok, daşay ýurtla öýlenmek barada planym ýok, türkmen gyzy bilen öýlenesim gelýär!
Shu wagt TR-da bolsanyz TR-dan TM uchin nameler owrensek bolar? Diyjek bolyanym olaryn kabir sistemalaryny bizin yurdumyz uchin hem owrenip peydalansak?!
hawa turkiýa bize garaňda has öňüräkde gitýär, emma bu ýerleriňem öwerlik ýagdaýy ýok! hatda halkynyň uly götiminiň ýaşaýyşy biziňkiçe ýok!
politiki ýagdaýy öwerlik däl, eger bir ýurt köp başly bolsa ona bir-birini ýamanlamakdan ýaňa başga işem edip bilnoklar.
ýöne watanlaryny duşmana goramaga gezek gelende, hemmesi bir ýürek bolýalar, raýatlarynyň uly göterimi janlaryny orta goýmaga taýýar, bizem şeýle bolmaly!
turkiýada ekonomiýa sistemasy 90% kapitalist,
biziňkide bolsa kapitalizm az sossializm hem bar, ýagny "garma ekonmika sitemasy bar", iň gowysam şol. elbetde kemçilikler köp emma hemme zat düzeler!
3) Geljekde TM-nyn dashynda yashamak hakda pikir edyanizmi belki biraz wagtlyk bolsa-da?
az wagtlyk bolup biler, emma türkmenistany taşlap başga ýurtda ýaşasym gelenok!
-
ultimatum
16 years ago
3. çaga söýer bolmaly,
Tüweleme, geljekde uly planlaň bar öýtýän :D
istanbul uniwersiteti, ykdysadyýeti dolandyryş ugrundan okaýan.
bahh muň ýaly bölümem barmaý?
-
ata
16 years ago
- 1- tm we tç-niň daşynda başga ülkelere gidip gördüňmi?! Garagum döwlet diýsene :)
2- Men Izmir diýip bilýädim, diýmek, ýalňyşan ekenim. Klasdaşyň Azat şeý diýen ýalydy göwnüme bolmasa?!
3- Türkiýede göwnüňe ýaran şäherler we näme üçin?!
4- Iň soňky düşen suratlaňdan bir(näçes)ini bärik goý-a :)
PS: ykdysadyýeti dolandyryş däl, ýa ykdysadyýet(iktisat, ekenometri) ýa-da döwleti dolandyryş(kamu yönetimi) bolmaly bilşime görä. Önüm dol (işletme) bar birem.
PS2: Harmandäli, sen-ä ýalta ekeniň, hny, gyz agzalar bn söhbetdeşlik gurnajakdyň, hiç biri bn hem etmediň-ä şu wagda deňiç?! Derman hem öz-özi üçin açy, sen däl :)
Hany, birini yrsana-how, diňe oglanlardan bolsa däl-laý :)
-
CeriumOxide
16 years ago
3. çaga söýer bolmaly,
Tüweleme, geljekde uly planlaň bar öýtýän
planlarymy aýtjak däl diýdimä!!!:D
-
CeriumOxide
16 years ago
1- tm we tç-niň daşynda başga ülkelere gidip gördüňmi?! Garagum döwlet diýsene
aýak basyba göremmok, ýöne owganystan we gressiýany ýakynyragyndan gördüm!
2- Men Izmir diýip bilýädim, diýmek, ýalňyşan ekenim. Klasdaşyň Azat şeý diýen ýalydy göwnüme bolmasa?!
öň izmirdi, indi stambul
3- Türkiýede göwnüňe ýaran şäherler we näme üçin?!
turkiýada köp şäher gördüm emma izmir ýaly gözelini görmedim, we herkimede maslahat berýän! sebäbini gelseňiz görersiňiz!:D
4- Iň soňky düşen suratlaňdan bir(näçes)ini bärik goý-a
ata aga iň soňky sapar surata düşenime köp wagt boldy, täze suratymam ýok, köneseninden goýaýaryn!
PS: ykdysadyýeti dolandyryş däl, ýa ykdysadyýet(iktisat, ekenometri) ýa-da döwleti dolandyryş(kamu yönetimi) bolmaly bilşime görä. Önüm dol (işletme) bar birem.
türkmeençe gowy bilmeseň şu da! onda meniň ugrum "önümçiligi dolandyryş"
-
CeriumOxide
16 years ago
- izmirçe bolmasa da, stambulam ebet şäher däl!
türkmenistanda, mülkde reňkimi garaltdylar!
tagtabazarda bir klasdaşymyzyň toýunda.
baýramaly türkmen türk mekdebiniň bakjasy, ata aga! biz ir okapdyrys!
-
mylayym
16 years ago
PS2: Harmandäli, sen-ä ýalta ekeniň, hny, gyz agzalar bn söhbetdeşlik gurnajakdyň,
gyzlar bilen gurnalsa yene sheyle diyen biri tapylarda:))
sany agza(klient) bir birlerini reklama edya!
onson uly dawa bashlar yene:(
wi budulay daway seni reklama edeli senin bilen sohbetdeshlik edeli, razymy?:)
-
mylayym
16 years ago
- Serdar yna siz koplenc aydym saz bilen gyzyklanyana menzeyaniz, onson siz ozuniz aydym aytmakcy ya saz calmakcy boldynyzmy, bilyan bolsanyz haysy gurallarda saz calyp bilyarsiniz?
-
agayunus
16 years ago
gyzlar bilen gurnalsa yene sheyle diyen biri tapylarda
goşulýan...size gyzlary tanamak hökman däl:D:P
sany agza(klient) bir birlerini reklama edya!
onson uly dawa bashlar yene
wi budulay daway seni reklama edeli senin bilen sohbetdeshlik edeli, razymy?
mylayym indi sen budulayy tapmarsyň...missiýa zakonçina mne tut delat neçego..diýip gaçyp gidendir, ynanaý
-
CeriumOxide
16 years ago
Serdar yna siz koplenc aydym saz bilen gyzyklanyana menzeyaniz, onson siz ozuniz aydym aytmakcy ya saz calmakcy boldynyzmy, bilyan bolsanyz haysy gurallarda saz calyp bilyarsiniz?
ýok aýdymçy bolmak barada planyma ýok, onsuzam her islän aýdymçy bolup ýör, meniň ýaly warryk seslilerem.
sazam çalyp bilemmok, ýöne diňe diňlemäni gowy görýän!
aslynda gitara çalmany öwrenesim gelýär, ýöne kiçikäm dutar kursa gidipdim, 1 aýda zordan "läleler"-i çalmany öwrendim, onda da perde sanap, her notaň sesi 3 sekuntda gelýär.
dutary öwrenip bilmedik adam gitarany hijem öwrenip bilmäýmese :D
-
Maxat
16 years ago
ýöne kiçikäm dutar kursa gidipdim, 1 aýda zordan "läleler"-i çalmany öwrendim, onda da perde sanap, her notaň sesi 3 sekuntda gelýär.
)) edil men yaly ekenin, menem kiçikam gidip bir laleleri öwrenip bilipdim, başda boş kakyan son 5,3,2 diyip gityadi öytyan, yöne bir gonşy klasdaş bardy welin "ulalyp kiçeldilen" yalydy, name et diysen daş etyadi, meni onson kellesi işlanok diyip okuwa iberdiler))
-
CeriumOxide
16 years ago
edil men yaly ekenin
Maxat | 2008-09-11 03:53:50
agamjan! ikimiziň meňzeş taraplarymyz köpä!
meselem, ikimizem ýalta, şu günüň işini ertire goýýas!!!:D:P
aýtjak bolýanyma düşünensiňlaý :D
-
Maxat
16 years ago
meselem, ikimizem ýalta, şu günüň işini ertire goýýas!!!
hemme kişem şeylelay, agşamyn hayryndan ertirin şeri yagşy
-
CeriumOxide
16 years ago
hemme kişem şeylelay, agşamyn hayryndan ertirin şeri yagşy
Maxat | 2008-09-11 06:19:03
:D:D:D
aý seni utup bolasy ýokla!!!
-
Maxat
16 years ago
- atalarymyzyn jany sagbolsun
-
mermaks12
16 years ago
- serdar salam men merdan narhozy gutaryp new yorka gaytdym okuva yagdaylar govydyr ensalla menem yagty yoldan barde gorenime sat yone tanamadym seni kimlerden bolarsyn tanys yuzde hic alyp bilemok govuja temalar acyar diyip yorenim obadas bolup cykayday
-
mermaks12
16 years ago
- ata aga sen nacinji yyl okadyn bttm satlyk sapargylyjow parahat rejepov dagy bilen okana dalsin
-
mylayym
16 years ago
mylayym indi sen budulayy tapmarsyň...missiýa zakonçina mne tut delat neçego..diýip gaçyp gidendir, ynanaý
wahey yzyndan zat kowalap yetip bolmazmyka gel seni reklama etjek bolyas diyip:)
sag bol jogaplar ucin Serdar Ummadow:))
meni onson kellesi işlanok diyip okuwa iberdiler))
nesip bolsa onda tizden bashlyk bolarsyn, hemme kelesi ishlemeyanler bashlyk bolyar, orslaryn bir prikolam bar "budesh horosho ucitsa -budesh wracom, budesh ploho ucitsa budesh gl.wracom:)
-
ata
16 years ago
baýramaly türkmen türk mekdebiniň bakjasy, ata aga! biz ir okapdyrys!
,
aýtmasana:)
çyndanam, şeýle owadan bolupdyr mekdebimiz häzir, salkynjak, gara öý, bag-bakja we beýleki mümkinçilikler, berekellah başaranlara!
Eý, momotoýlar bolup düşüpsiňiz-maý :)
Klasdaşlaryňyz bolup. Nirede düşdiňiz ol suraty?! Merdan dagy bar ekeni welin, Ankara zad=a däldir?! Ol häzir näme işleýär?!
PS: ykdysadyýeti dolandyryş däl, ýa ykdysadyýet(iktisat, ekenometri) ýa-da döwleti dolandyryş(kamu yönetimi) bolmaly bilşime görä. Önüm dol (işletme) bar birem.
,
türkmeençe gowy bilmeseň şu da! onda meniň ugrum "önümçiligi dolandyryş"CeriumOxide | 2008-09-09 16:19:32
:)
Neme, men sanaw tutýardym temsiljikäm Bursada, garaz, sen ýene ýalňyşypsyň men dogrusyny ýazsamam:
"önümçiligi dolandyryş" däl ""önüm dolandyryş" :)
-
ata
16 years ago
ata aga sen nacinji yyl okadyn bttm satlyk sapargylyjow parahat rejepov dagy bilen okana dalsin mermaks12 | 2008-09-11 21:19:24
, hawa, men B-aly TTM, 98 L3-A uçurymy. Olar L3-B geçipdi soňky kurslarda. Sen haýsy uçurym we adyň Merdanmy, Maksatmy?! Familiýaň??!
Tüweleme, US-a giden ekeniň, ondan öň niredediň?!
serdar salam men merdan narhozy gutaryp new yorka gaytdym okuva yagdaylar govydyr ensalla menem yagty yoldan barde gorenime sat yone tanamadym seni kimlerden bolarsyn tanys yuzde hic alyp bilemok govuja temalar acyar diyip yorenim obadas bolup cykayday mermaks12 | 2008-09-11 21:15:20
,
senem Garagumly ekeniň:)
Serdar Owmadow B-aly TTM, 2000 uçurymy, Baýram Berkeliýew dagyň klasdaşy.
-
ata
16 years ago
ummadow
,
owmadow :)
gyzlar bilen gurnalsa yene sheyle diyen biri tapylarda:"sany agza(klient) bir birlerini reklama edya! "
,
onson uly dawa bashlar yene
dogry, ýöne Derman gorkman edipdi, galyberse-de, senem ondan kem galmandyň, özem has ir :)
wi budulay daway seni reklama edeli senin bilen sohbetdeshlik edeli, razymy?
,
+1 :)
nesip bolsa onda tizden bashlyk bolarsyn, hemme kelesi ishlemeyanler bashlyk bolyar, orslaryn bir prikolam bar "budesh horosho ucitsa -budesh wracom, budesh ploho ucitsa budesh gl.wracom
,
ediljek seni düşündiripdirler öýdýän :)
eý, jigim, senem prikol-ow, sagja bol!
-
ata
16 years ago
- Serdar, suratlar we beren jogaplaryň üçin, örän minnetdar!
Şeýle gowy söhbetdeşlik geçdi, entägem dowam eder!
-
Maxat
16 years ago
nesip bolsa onda tizden bashlyk bolarsyn, hemme kelesi ishlemeyanler bashlyk bolyar, orslaryn bir prikolam bar "budesh horosho ucitsa -budesh wracom, budesh ploho ucitsa budesh gl.wracom
bor yumşak-gyz )), buşlygyn üçin başlyk bolaysam ilki bn işe seni alaryn
mylayym
ps: menem ol pikiri türklerden ogurladym, kayseri diyen şaheri söwda ökde, şolar çagalarynyn kellesi işlemeyanleri okuwa iberyaler, işleyanlerine bolsa söwda etdiryalermişin
-
Shazada
16 years ago
- serdar, sana sorag: dovran bazar bugunler nirde name ish edyanini bilyanmi?
-
mylayym
16 years ago
bor yumşak-gyz )), buşlygyn üçin başlyk bolaysam ilki bn işe seni alaryn
ony gaygy edip otyrma men birinji bashlyk bolaryn sebabi duybinden ishlanok kelle:)
PS yumshak gyz diymeklik nireden cykday:)
-
Maxat
16 years ago
- mylayym =~ yumşak gyz
owmadow - ummadow yaly-da ((
-
ata
16 years ago
- döwran bazar dellekhana açypdyr we b-aly ttm-de hem aram-aram görünýär diýip eşitdim.
-
mylayym
16 years ago
- serdar kan gownune alyan dalsinle, men prosta birinji sapar ummadow diyenim yadyma dushdide shondan diyaydim, gaty gormegin birden
-
Harmandali
16 years ago
Harmandäli, sen-ä ýalta ekeniň,
BAshga jogapkar agza tapayyn mena ikibashdan wagtym bolmaz!
gowy maşgaladan terbiýe alan bolmaly
Gowy mashgala nahili bolya?! Ejesi kakasy normalniy yashayanmy kopchiligin ichine giriship giden?! Men shun bilen ylalashamok. Elbetde gowy mashgalan gyzy gowy bolup biler kop % yone ene-atasy bideregrak mashgaladan hem gowja gyzlar bolyara. Ya bolmasa normalniy mashgaladan hem biderek gyzlar chykyp bilya.
1. Shu ugrunyzy ozuniz saylap aldynyzmy?!
2. Haysy shahsy ozunize primer edinyaniz?! Ya-da yazyjylardan, filosoflardan, alymlardan haysyny has halayanyz?!
3. Saytyn agzalaryndan hasylaryny halayanyz?! Hemem kimin yazgylaryny sypdyrman okayanyz?!
4. Nahili kitaplary okamagy halayanyz?! Dedektiw, roman, ertekiler :)..
5. In halayan goshgynyz haysy?!
6. Haysy yurdyn medenyeti size has yakyn (ozumizinkini aytmasan)?! Dushundireyin mysal uchin men ozuma hindilerin kop zadyny has gowy goryan bayramchylyklaryny, geyinshlerini, kabir daplerini, kinolaryny..
-
ata
16 years ago
- gaýgy etme, jigim!
Mundan soň geregem däl şeýle jogapkär.
Aktiw agzalardan(oglan) alar bu işi, onsoň dowam eder, enşallah!
-
CeriumOxide
16 years ago
serdar salam men merdan narhozy gutaryp new yorka gaytdym okuva yagdaylar govydyr ensalla menem yagty yoldan barde gorenime sat yone tanamadym seni kimlerden bolarsyn tanys yuzde hic alyp bilemok govuja temalar acyar diyip yorenim obadas bolup cykayday mermaks12 | 2008-09-11 21:15:20
bäh obadaşlaram bar kenä bu ýerde! menem garagumy kä tanammok, ýöne ejemiň bir işdeşiniň ogly new-ýorka bolmaly, orazgylyç ýada gurbangylyç öýtýän kakasam, jigisem meniň klasdaşymdy(Aýjeren). Batyr we Serdar diýip doganlaram bolmaly, sen şomy! :)
Menem "Aşyr bugaltyr"(buhgalter)lerden, Ejebaý aşyrownaň ogly.
-
CeriumOxide
16 years ago
Gowy mashgala nahili bolya?! Ejesi kakasy normalniy yashayanmy kopchiligin ichine giriship giden?! Men shun bilen ylalashamok. Elbetde gowy mashgalan gyzy gowy bolup biler kop % yone ene-atasy bideregrak mashgaladan hem gowja gyzlar bolyara. Ya bolmasa normalniy mashgaladan hem biderek gyzlar chykyp bilya.
gowy maşgala diýýänim baý maşgala däl, ýöne il içinde abraýly maşgalalar bolýar, we çagalaryny gowy ýetişdirýäler, elbetde gowy maşgalaň erbet çagasam bolýar, maşgalasy erbet bolup çagalary gowy bolýanam bar, aý umuman "hakyky türkmen gyzy" diýilýärä, men şolar ýaly ýoldaşym bolmagyny islärdim.
-
CeriumOxide
16 years ago
1. Shu ugrunyzy ozuniz saylap aldynyzmy?!
hawa.
2. Haysy shahsy ozunize primer edinyaniz?! Ya-da yazyjylardan, filosoflardan, alymlardan haysyny has halayanyz?!
hmm, hiç pikirlenmändirin, ýöne öz atamy(kakamyň kakasy) mysal alýan ýerlem bolýar.
3. Saytyn agzalaryndan hasylaryny halayanyz?! Hemem kimin yazgylaryny sypdyrman okayanyz?!
geň sorag! agzalary kän tanammok, ýöne ýazgylaryny dowamly okaýan agzalarym:
ata, mc_merw, maxat, achilles, harmandali, cendrillon, kakabay, nehir, moonflower, ultimatum, mh, agayunus (kellä gelenler şular)
4. Nahili kitaplary okamagy halayanyz?! Dedektiw, roman, ertekiler ..
dünýä klasikalaryny gowy görýän.
5. In halayan goshgynyz haysy?!
3 sany aýdaýaýin! :D
1. Mollanepes - "Haýrana Galar"
2. Magtymguly - "Dag saýar"
3. G.Ezizow - "seni söýdim"
6. Haysy yurdyn medenyeti size has yakyn (ozumizinkini aytmasan)?! Dushundireyin mysal uchin men ozuma hindilerin kop zadyny has gowy goryan bayramchylyklaryny, geyinshlerini, kabir daplerini, kinolaryny..
soragyňa düşündim, emma men başga ýurtlaryň medenýetleri bilen kän gyzyklanmandyryn.
ýöne halaýan we gezesiň gelýän ýurt diýen bolsaň jogaby bardy, ispaniýa! :D
-
CeriumOxide
16 years ago
Eý, momotoýlar bolup düşüpsiňiz-maý
Klasdaşlaryňyz bolup. Nirede düşdiňiz ol suraty?! Merdan dagy bar ekeni welin, Ankara zad=a däldir?! Ol häzir näme işleýär?!
"momotoý" näme bolýaraý agam! ýok klasdaşlar däl, "okaduronlar":D, tagtabazarda şeýle diýýäler öýtýän:P, aganur diýip bir klasdaşymyz bardy, ýadyňyzdamy, tagtabazarly, surat şonyň toýundan bir pursat(tomus, 2007)!
serdar kan gownune alyan dalsinle, men prosta birinji sapar ummadow diyenim yadyma dushdide shondan diyaydim, gaty gormegin birden mylayym | 2008-09-12 01:58:34
;)
serdar, sana sorag: dovran bazar bugunler nirde name ish edyanini bilyanmi?
baýramalyda, öz boluşlyja biznesman:D
-
marjina
16 years ago
- ceriumoxide aga siz hacan seretsem talyplarda
tuweleme üstünlikler hemraňyz bolsun gowy temalardan mowzuklar açýaňyz.
-
CeriumOxide
16 years ago
Diňe online hem bolanok, örän peýdaly we köpsanly mowzukdyr ýazgylary hem açyp, ýazyp dur
ata | 2008-09-08 07:29:41
govuja temalar acyar diyip yorenim obadas bolup cykayday
mermaks12 | 2008-09-11 21:15:20
ceriumoxide aga siz hacan seretsem talyplarda
tuweleme üstünlikler hemraňyz bolsun gowy temalardan mowzuklar açýaňyz.marjina | 2008-09-12 08:22:49
sagja boluň!
men diňe bilesim gelýän zatlar barada ýazgy açýan, diýmek men gowy zatlar bilesim gelýän ekeni :D:P
-
ata
16 years ago
- Serdar, saňa ýene 1 sorag:
söhbetdeşliklere haçan dowam etjek :)
-
garabekewul
16 years ago
- serdar meniň hem mohim bir soragym bar?
1- msn e name u/n gelenok bu gunler?:)
-
CeriumOxide
16 years ago
Serdar, saňa ýene 1 sorag:
söhbetdeşliklere haçan dowam etjek
ata | 2008-10-15 17:56:03
serdar meniň hem mohim bir soragym bar?
1- msn e name u/n gelenok bu gunler?
garabekewul | 2008-10-16 13:58:50
gyş düşdi, alada köpeldi :D
şu wagt başga şäherdelaý, şondan
-
kombat
16 years ago
- Hawa, Seriýumoksigen, nehir gyz bilen bir zatlar boldumy onsoň. Gürrüň bersene.
-
CeriumOxide
16 years ago
Hawa,
sen diýýän bolsaň asyl bomalysy "yok" - dyr
Seriýumoksigen,
komendant! aýnan bolmasana
nehir gyz
ol kim?
bir zatlar
nähili zatlar?
onsoň
öňüni aýt sen, onsoňyny men aýdaýyn.
Gürrüň bersene.
sen ýokardakylara jogap ber onsoň gürrüň bereýin.
-
kombat
16 years ago
- men baryny özüm aýtjak bolsam senden sorap näme edeýin. Nehir gyz bilen araňyzda bir zatlar boldumy, ugrunamy, göwnüňe ýaradymy diýjek boldum. gizlin bolmasa gürrüň beräýseň okyjylara.
-
DDA
16 years ago
- Ey seri name milleti alldayn hemmesii dogry dala borda turkmen aga götüni açma diya menem açmayında ey adminla name siz turkmen talıplarını birikdirp toparlanşık gurajak bolyanızmı bir habarnızda ol samsık bar işden ayırlan gazetdaki ol ayrılmadı şunam bilin redaksiyan başga yerinde işleya onnonam türkiya üçn ol zat peninede dal wii
adminler gysmalja yernizi gısın age bolun yazyan ztlarnız turkiyada okayan talıpların hemmesi Türkmenistan diyp yörenoklar olar sizin yalı nur jemagtyny yöretjekler diyaler ejen namow watanın size diyn öwrn diyp iberyami bolyada g... başınızdan agsın men öz işim etjek
-
kakabay
16 years ago
men baryny özüm aýtjak bolsam senden sorap näme edeýin. Nehir gyz bilen araňyzda bir zatlar boldumy, ugrunamy, göwnüňe ýaradymy diýjek boldum. gizlin bolmasa gürrüň beräýseň okyjylara.
"az bilen köp yaşar" diyipdiler ,"köp bilen derrew garrar" şonam bir yerde yaşullar diyipdiler...
kombat | 2008-10-16 23:00:15
-
kakabay
16 years ago
dogry dala borda turkmen aga götüni açma diya menem açmayında
dogry aydypdyr dost.kirli götüňü açmasana şu yerde dda-my nämemi...
-
CeriumOxide
16 years ago
- dda! näme diýip allapdyryn, düşünmedimlaý!
näme ýalňyş bolsa, öz atjagazyňy gizlemän açaçan aýdaýmaly ekeniň!
ýöne men seň kimdigiňi çaklaýan!
d(kakaň ady)
d d*w**t
a a**a*ur*a*ow
günüň gowylaşýamy jigim?!
-
CeriumOxide
16 years ago
- eý! şu haram kürt, sahypa girmez ýaly edip bolanokmy?
şu wagta çenli giren IP-lerine ban goýup bolanokmy???
bizar indi menä!!!
-
CeriumOxide
16 years ago
- dda! ýokarda ýazanlarym saňa, däldir!
dagdan gelen bir kürte diýilen!
-
CeriumOxide
16 years ago
- sözüm şu kürtiň ýanynda, türkmençe ýazyp berýän aglana/gyza!
saňa diýjek ýeke zadym bar, utan!!!
eger oglan bolsaň, pul üçin öz milletňi satma!
gyz bolsaň, şular ýaly kürtler bilen gatnaşýan gyzlar biziň dilimizi gysgaltýa!!!
-
Bagul
16 years ago
- Beee bu name boldugy, hany egerde urushasynyz gelyan bolsa oz email adresinizde gurleshin. Bu yerde agazalar bar, bahh sizem turkmenche yazyn yazjak bolsanyz Gurbanmyrat, bashga dillerdee yazmaly daldigini bilyan yenede dowam etdiryaniz???Gayrat edip bu yerde onun yaly gurrunleri etman:(
-
CeriumOxide
16 years ago
- bagul!
biderek ýere gürleme, ol haýwan adam diline düşünenok!
şular ýaly haýwanlardan gaty ägä boluň, turkiýada ýaman kändir şular ýaly güjükler!
-
Bagul
16 years ago
- Beee bu name boldugy, hany egerde urushasynyz gelyan bolsa oz email adresinizde gurleshin. Bu yerde agazalar bar, bahh sizem turkmenche yazyn yazjak bolsanyz Gurbanmyrat, bashga dillerdee yazmaly daldigini bilyan yenede dowam etdiryaniz???Gayrat edip bu yerde onun yaly gurrunleri etman:(
Biri-birinize hemme zaat diyip otyrsynyzda, baaa, boldy edin indi.
-
CeriumOxide
16 years ago
- seniň işiň psihýator bilen bolmaly!
sende Alla gorkysy ýokmy, sen neneňsi haýwan ekeniňaý! saçyň-sakgalyňa gyr düşüpdir, sen bolsa özüňden 30-40 ýaş kiçiler bilen çaga ýaly gürleşýäň! bir aýagyň çukura giripdir, kimiň haçan göçjegi belli däl, adam bol, toba et indi
-
Bagul
16 years ago
- Beee bu name boldugy, hany egerde urushasynyz gelyan bolsa oz email adresinizde gurleshin. Bu yerde agazalar bar, bahh sizem turkmenche yazyn yazjak bolsanyz Gurbanmyrat, bashga dillerdee yazmaly daldigini bilyan yenede dowam etdiryaniz???Gayrat edip bu yerde onun yaly gurrunleri etman:(
Biri-birinize hemme zaat diyip otyrsynyzda, baaa, boldy edin indi.
-
Bagul
16 years ago
- Beee bu name boldugy, hany egerde urushasynyz gelyan bolsa oz email adresinizde gurleshin. Bu yerde agazalar bar, bahh sizem turkmenche yazyn yazjak bolsanyz Gurbanmyrat, bashga dillerdee yazmaly daldigini bilyan yenede dowam etdiryaniz???Gayrat edip bu yerde onun yaly gurrunleri etman:(
Biri-birinize hemme zaat diyip otyrsynyzda, baaa, boldy edin indi.
-
Bagul
16 years ago
- Beee bu name boldugy, hany egerde urushasynyz gelyan bolsa oz email adresinizde gurleshin. Bu yerde agazalar bar, bahh sizem turkmenche yazyn yazjak bolsanyz Gurbanmyrat, bashga dillerdee yazmaly daldigini bilyan yenede dowam etdiryaniz???Gayrat edip bu yerde onun yaly gurrunleri etman:(
Biri-birinize hemme zaat diyip otyrsynyzda, baaa, boldy edin indi.
-
Bagul
16 years ago
- menim ishim ceriumoxide we ayroplan bilendirONda bu yerde onun yaly gurrun etman, bashga yerde, bu yerde dal
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Öñki agzalaryñ agzybirligini görüp aglasym gelýär. Hany olar?:( hany shol günler?:(((
-
bond
15 years ago
- ceriumoxide ! sen hachan 1 nji gezek nache yashynda gyza ashyk boldun,nache gyz bn soyushdun,oz halayan karin ?hudaya ynanyanmy ?sana in uly yagshylyk edene nahili jogap berdin?
-
CeriumOxide
15 years ago
- Hudaýa ynanýan!!!
-
ata
15 years ago
- Salam Serdar!
senem ýitdiň-ä:)
hawa, onsoň sen nämeler edýäň bugünler?!
Şol turkmençafe aýdym ýükläp ýörmüň :P
söhbetdeşlik geçirýärmiň sungat işgärleri bn?
Salam aýt tanyşlara!
-
cendrillon
15 years ago
- bayram-jm "hany shol günler?((" diyyan velin,onki agzalardan kimdin sen? nickini uytgedenlerin birimi?
-
Maxat
15 years ago
şol turkmençafe aýdym ýükläp ýörmüň
serdar tüwelemelay, iş edinyar öza, "altyn alma alkyş al" diyyalermi, şonky yaly alkyşyny yetirip durarlar,
ata
toy edende ayt tmdaki bar bagşylary çagyrjak))
-
Adybeg
15 years ago
ceriumoxide ! sen hachan 1 nji gezek nache yashynda gyza ashyk boldun,nache gyz bn soyushdun,oz halayan karin ?hudaya ynanyanmy ?sana in uly yagshylyk edene nahili jogap berdin?
bond | 2009-01-16 04:00:29
puffff ... serdar aga, :D Allah yardam etsin busoraglara jogap bermane
-
ata
15 years ago
şol turkmençafe aýdym ýükläp ýörmüň
ata
serdar tüwelemelay, iş edinyar öza, "altyn alma alkyş al" diyyalermi, şonky yaly alkyşyny yetirip durarlar,
toy edende ayt tmdaki bar bagşylary çagyrjak))
Maxat | 2009-07-07 12:12:05
Salam Maksat!
Eý, gara çynyňmy?!
Men hem dert edip ýördüm!
Waý, gowudygyny :)
Ýakaňdan ýapyşaryn, Maksat, bu sözüň üçin :P
-
esmer
15 years ago
- selam
-
esmer
15 years ago
- selam
-
bellidal
15 years ago
- bärde men täze diýenlere goşulýan we..şeyle sorag, bu site her geleniň egosunu doýurýan ýeri öýtýän.mydama şeýlemi?
-
DoJiGat
15 years ago
- Babayew merdany tanayamy?menin maladoyym gullukda...bilgisayarcydy...
-
turkiyeman
15 years ago
- selam arkadaşlar ben türkiyeden murat
-
sher
15 years ago
- salam kim bar
-
kerkili
15 years ago
- men bar :)
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- 2008 2009
-
cleartm
14 years ago
- salam dostlar men taze agza men bir Sido soragym bar. Garagum etrapda bolan waka diyipsine shony doly yagdayda men mail adresime ibereyde.
Ozunem Garagumlymy.. Gayrat edip ugratsana
seri_han@mail.ru
-
bond
14 years ago
- .
-
ahmet64
14 years ago
- salam dostlar men taze agza men bir Sido soragym bar.
-
MELISSA
14 years ago
- Delimisin sen? Niye kopyaladin bunu? Hahahaha :-)
-
Crash
14 years ago
- hmmm
ata 16 years ago- ilkinji soraglaň menden
1- Özüň barada has giňişräk maglumat ýazsana(biografiýa) ;
2- Haçan öýlenjek :)